Ï Türkmen amerikan artistleri brodweý mýuzikleriň temasyna bagyşlanan bilelikdäki konserti bilen çykyş ederler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen amerikan artistleri brodweý mýuzikleriň temasyna bagyşlanan bilelikdäki konserti bilen çykyş ederler

view-icon 767
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde döwlet tans ansamblynyň, döwlet simfoniki orkestriniň we “Läle” wokal ansamblynyň repetisiýalary geçirilýär. Ýurdumyza ABŞ-nyň “Kompaniýa E” atly saz we tans toparynyň artistleri geldiler. Bu topar Aşgabada mundan öň hem gelip, ABŞ-nyň Türkmenistandaky medeniýet günlerinde hem çykyş edipdi. Bu gezek hem amerikan artistleri wokal boýunça, horeografiýa boýunça ussatlyk sapaklaryny bererler we öz gezeginde türkmen kärdeşleriniň döredijiligi barada ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alarlar.

Bu çykyşlar türkmenistanlylary Brodweý teatrynyň geçmişini beýan edýän konsert maksatnamalary we belli mýuzikleri bilen tanyşdyrar diýip taslamanyň režissýory we ýerine ýetiriji direktory Pol Emerson belleýär.