Däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň alipnistleri her ýylda dag belentliklerinde bolup biläýjek howply ýagdaýlarynda ussatlygyň gyşky çynlakaý synagyny geçýärler. Şu ýyl Lebap, Balkan we Ahal welaýatlarynyň wekilleriniň otuzysy Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Köýtendag-Aýrybaba belentliklerine çykdylar.
Dag belentliklerine gyşky ýörişi Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň we Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky Döwlet komitetiniň ýardam bermeklerinde, şeýle hem Köýtendag döwlet goraghanasynyň işgärleriniň işjeň ýardam bermeklerinde Aşgabadyň “Agama” alpinistler kluby tarapyndan guraldy.
Dag belentliklerine çykmaga sport toparlarynyň bäş ýüzüsi gatnaşdy. Olar ýokarlygyna üç ugur boýunça – olaryň biri klassiki – geriş boýunça, beýleki ikisi has çylşyrymly ugur boýunça çykdylar.
Aýrybaba belentligine çykmak daga çykmaga taýýarlygyň nobatdaky tapgyry boldy. Munuň ýaly beýiklige çykmak Türkmenistanyň daglarynyň – Köýtendagyň, Köpetdagyň, Uly Balkanyň, GDA-nyň ýurtlarynyň we uzak daşary ýurtlaryň daglarynyň belentliklerine çykmakda heniz bolmandy. Jemgyýetçilik guramalarynyň agzalarynyň köpüsi - “Agama” alpinistler kluby – sportuň bu görnüşine öňden gatnaşyp gelýän topardygyny aýdyp geçmelidiris. Olar dünýäniň iň belentlikleri bolan Kawkaz, Pamir, Týan-Şan daglarynyň belentliklerine çykmaga işjeň gatnaşýarlar. Ýurduň türgenleri berk taýýarlygy, ýörite enjamlardyr we gaýratlylygy talap edýän Günorta Amerikanyň iň beýik nokady - Ankagua (6962 metr), Lenin belentligi (7134 metr), Hanteňri (7010 metr), Elbrus (5623 metr), Damawend wulkanyna (5610 m, Eýran), Аrarat (5165 m, Тürkiýe) çykmaga işjeň gatnaşýarlar. Şular ýaly ýörüşlere gatnaşmaga isleg bildirýänleriň sany barha artýar. Aşgabadyň klubynyň wekilleriniň kömek bermeginde Balkanabatda “Mert” alpinistler kluby döredildi. Bu klubyň agzalary indi diňe bir dag sportunyň ähli görnüşleri boýunça aşgabadyň kluby bilen bäsleşmän, eýsem uly belentliklere çykmaga hem taýýardyrlar. Alpinistçilik hereketi Türkmenabatda ösdürilýär. “Köýtendag” Döwlet goraghanasynyň awçylarydyr işgärleri Daraýyderede daga çykmaklyk we alpinistik taýýarlygyny geçýärler.
Çaýa çykmak, eňňit boýunça ylgamak (skaýraning), Duşak-Harlasang dagynyň gerşine köpçülikleýin çykmak boýunça geçirilýän ýaryşlar uly meşhurlyga eýe bolýar. Her ýylda Türkmenistanyň kubogyny almak ugrunda Duşak (Köpetdag), Arlan (Uly Balkan) daglarynyň belentliklerine çaltlyk bilen çykmak we Saglyk ýoluna çykmak birnäçe tapgyrlarda geçirilýär. Indi beýiklige ylgap çykmaga we şular ýaly beýleki köpçülikleýin çäreler diňe bir alpinistler klubynyň türgenleri gatnaşman, eýsem şäheriň dürli sport seksiýalarynyň agzalary, mekdep okuwçylary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, dag syýahatçylygyny halaýanlar ýaryşlara gatnaşdyrylýar.
“Çagalaryň gaýa çykmak festiwaly” däbe öwrüldi. Oňa diňe bir mekdep okuwçylary gatnaşman, eýsem mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň çagalary hem gatnaşýarlar. Ulylaryň kömegi bilen olar gaýalaryň beýik bolmadyk ýerlerine çykmagy öwrenýärler. Çagalar hut şular ýaly ýaryşlarda daga çykmak endiklerini ele alýarlar, ýeňiji bolmaga çalyşýarlar. Bu klub dynç gününiň ýörüşlerini, Garagum boýunça etnografiki we ekologiki saparlary, Köneürgenç, Merw, Maşady-Misseriýana, subtropik ýerlere - Magtymguly Pyragynyň watanyna, Uzboýyň boýy boýunça, Üstýurt ýapgydyna, palçykly wulkanlara we ýurduň beýleki gözel ýerlerine saparlary guraýar.
“Agama” alpinistler klubynyň müdüriýeti sportuň ekstremal dag görnüşlerini ýaýbaňlandyrmak we çagalary, ýetginjekleri we gyzlary okatmak boýunça uly göwrümli işleri amala aşyrýar. Dürli ýaşdaky çagalaryň onlarçasy “Demirçi” bedenterbiýe-sagaldyş merkezinde (“Agama” alpinistler kluby) we Balkanabadyň “Mert” alpinistler klubynyň sport bazasynda sportuň bu görnüşi boýunça uly höwes bilen meşgullanýarlar. Bu klublarda emeli taýýarlanan türgenleşik diwarlary döredilendir, dag eňňitleriniň ýollary we “diwarjyklary” taýýarlanylýar.
Tebigy relýefde sportuň gaýa çykmak görnüşi boýunça geçirilen ýurduň çempionaty özüne çekiji tomaşa öwrüldi. Bu ýerde türgenleri taýýarlamak işleri geçirilýär we ýurduň ýygyndy topary düzülýär, olary daşary ýurtlarda geçirilýän ýaryşlara taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Klubyň işjeň agzalary tarapyndan Gökdere jülgesindäki sagaldyş merkezleriniň arasynda syýahatçylyk we dag tehnikasy boýunça geçirilýän türgenleşikler hem-de ýaryşlar uly ähmiýete eýe bolýar. Diňe geçen ýylyň soňky üç aýynyň içinde şular ýaly festiwallara we Arçabil jülgesiniň hem-de Gökderäniň daglarynyň belentliklerine köpçülikleýin çykmak boýunça geçirilen çärelere 300-den gowrak adam gatnaşdy.
Tejribeli dag gaýalaryna çykyjylar jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda Goranmak ministrliginiň RG we ADÝ gulluklarynyň bölümleriniň halas edijileri, serhetçileriň bölümleri, Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň, Ýangyn garşy göreş gullugynyň işgärleri bilen amaly okuwlary we türgenleşikleri geçirýärler. Alpinistler serhetçiler barada filmi surata düşürmäge kömek etdiler. Alpinizmiň barha uly meşhurlyga eýe bolýandygyny nazara alyp, Türkmenistanyň Sport badaky döwlet komiteti Alpnizm boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň ýaryşyny, skaýraning we gaýa çykmak boýunça çempionaty we ýurduň birinjiligini, Aziýa döwletleriniň alpinizm boýunça çempionatyna gatnaşmagy we ýurduň ýygyndy topary üçin okuw-türgenleşigini 2016-njy ýylyň Milli maksatnamasynyň hökmany çärelerine goşdy,