Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda Türkmenistanyň halk hudožnigi Durdy Baýramowyň eserleriniň sergisi açyldy. Bu eýýäm Mirasa sarpa goýmak Watany özgertmek ýylynyň çäklerinde guralan, Medeniýet ministrliginiň, Bilim ministrliginiň we paýtagtyň muzeýleri tarapyndan bilelikde geçirýän çäreleriniň ikinji sergisidir. Şular ýaly sergiler paýtagtyň her bir ýokary okuw mekdebinde aýda iki gezek guralar. Bu çäre ýaşlary ýurduň hudožnikleriniň döredijili, milli şekillendiriş sungatynyň halypalarynyň döredijiligi bilen tanyşdyrmak maksady bilen geçirilýär.
Durdy Baýramow portretçi hökmünde meşhurdyr. Onuň eserlerinde sungat adamlary, dostlary, işdeş ýoldaşlary görkezilýär. Olaryň ählisi öz dogruçyllygy, görmegeýligi, zehini bilen hudožnigiň ýüreginde orun alan adamlardyr.
Ol peýzaž suratlaryny hem çekdi. Olarda haçan-da türkmen baharynyň gelmegi bilen al-elwan bolup açylyp oturan gülälekli meýdanlardyr baýyrlyklar, tebigatymyzyň özboluşly asudalygy wasp edilýär.
Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň baş binasynda bolsa Türkmenistanyň halk hudožnigi Annadurdy Almämmedowyň eserleriniň sergisi tamamlanyp barýar.
“Tebigatyň waspçysy”. Awtor bu sergisini şeýle atlandyrypdyr. Sebäbi ol bütin ömrüni ene topraga bagyşlady. Almämmedow öz okuwçylary we hudožnik dostlary bilen ýurduň ähli ýerine aýlanyp, ajaýyp tebigy landşaftyň owadanlygyny, meýdanlarda ösüp oturan dürli ýaz güljagazlarynyň, obalaryň künjekleriniň owadanlygyny wasp etdi. Onuň saýlap alan reňkleri tebigata, türkmen topragyna, onda ýaşaýan adamlara bolan söýgüsi bilen utgaşyp gidýär.
Sergileriň ekspozisiýasyna Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ýygyndysyndan ussatlaryň işleri hem-de A.Almämmedowyň şahsy kolleksiýasyndan işler goşuldy.
Sergileriň ählisiniň işiniň dowamynda döredijilik duşuşyklary, žiwopisçiler bilen söhbetdeşlikler geçiriler, şeýle hem muzeýleriň işgärleri sungat gaznalarynda saklanýan iň gyzykly we täsirli eksponatlar barada talyplara gürrüň bererler.