Ï Zenanlar toparymyzyň stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Kuala-Lumpurda geçirilen dünýä çempionatynda üstünlik gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Zenanlar toparymyzyň stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Kuala-Lumpurda geçirilen dünýä çempionatynda üstünlik gazandylar

view-icon 1431
Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça geçen dünýä çempionatynda ýurdumyzyň türgenleri dördünji diwizionyň toparlaýyn ýaryşlarynda altyn medallara mynasyp bolup, üçünji diwiziona çykmaga mümkinçilik aldylar.

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy dünýäniň birinjiligi ugrundaky ýaryşda iň ýaş toparlaryň biridir. Aşgabatly ussatlaryň üçlüginiň düzüminde 13 ýaşly Mariýa Plotko hem ýeňiş gazandy. Ol ýaşlygyna garamazdan, şu ýyl ýurdumyzyň milli çempionatynda ýekelikdäki ýaryşda iň güýçli türgen boldy.


M.Plotko bilen bilelikde sport ussady Enejan Ballyýewa, sport ussatlygyna dalaşgär Oguljennet Nyýazgylyjowa hem hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdylar.

Türgen gyzlarymyz final duşuşygynda Liwanyň ýygyndy toparyny ýeňmegi başardylar.

Olar 2017-nji ýylda Germaniýanyň Dýusseldorf şäherinde geçiriljek nobatdaky dünýä çempionatynda ikinji diwiziona çykmak ugrunda bäsleşerler.


Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndy topary bolsa Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde maý aýynyň başynda geçiriljek halkara derejeli ýaryşa taýýarlyk görýär. Türgenler bu ýaryşda 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda şu ýylyň güýzünde geçiriljek Aziýanyň çempionatyna ýollanmalar ugrunda göreşerler.