Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, giňden meşhur kompozitor we dirižýor, häzirki zaman türkmen sazyny esaslandyryjylaryň biri diýlip hasap edilýän Daňatar Öwezowyň döredijiligine bagyşlanyp konsert geçirildi.
Konserti Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky döwlet ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň mugallymlar topary guradylar.
Konsertiň programmasyna D.Öwezowyň döreden hor, fortopiano üçin eserleri, “Leýli we Mežnun”, “Şasenem we Garyp”, “Aýna” operalaryndan bölekler we ariýalar, şeýle hem aýdymlar, romanslar we beýleki eserleri girizildi. Olar ýurdumyzyň baýry sazçylyk okuw mekdebiniň, beýik kompozitoryň adyny göterýän mekdebiň talyplary tarapyndan uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirildi. Magtymgulynyň “Baglar heý” goşgusyna, Gara Seýtliýewiň “Baharyň kyrk güli” goşgusyna döredilen aýdymlar, fortepýano üçin “Dutaryň owazy” pýesasy ýaňlandy. “Şasenem we Garyp” operasyndan “Gyzlaryň tansyny” ýerine ýetiren talyplar horeografik ansambly öz ussatlygyny görkezdi.
Agşamda şu ýyl doglan gününiň 105 ýyllygy bellenip geçilýän D. Öwezowyň sazlary milli saz gurallary orkestriniň, kamera we üflenip çalynýan saz gurallary orkestrleri tarapyndan ýerine ýetirildi. Ýaş akkordeonçylaryň we gyjakçylaryň çalan sazlary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy, Garybyň ariýasyny ýerine ýetiren Şatlyk Gurbanowy güýçli el çarpyşmalary bilen alkyşladylar. Şeýle hem konsertde Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Babamyrat Rahmedow, Begenç Moşşyýew we Aýlar Öwezowa dagy çykyş etdiler.