Ï TDÇA galereýasynda halk hudožnigi Kakageldi Gurbangeldiýewiň eserleriniň sergisi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TDÇA galereýasynda halk hudožnigi Kakageldi Gurbangeldiýewiň eserleriniň sergisi açyldy

view-icon 1672
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň halk hudožnigi Kakageldi Gurbangeldiýewiň işleriniň 300-den gowragy görkezilýär. Olaryň ählisi hem onuň obadaşlarynyň suratlarydyr. Bu eserleriň awtorynyň öz önüp-ösen söýgüli künjegini hiç wagt ýatdan çykarmandyr diýen pikir kelläňe gelýär.

Ýöne bu beýle däl: ol Aşgabadyň çeperçilik mekdebini tamamlady. Soňra ol öz bilimini Moskwanyň Surikow adyndaky döwlet çeperçilik institutynda dowam etdirdi.

Nämede bolsa, haçan-da Kakageldi öz surat çekýän tagtasyny ýanyna baranda, şäher durmuşy ikinji meýilnama geçýär. Ol gözüni ýumýar hem-de bagtly çagalyk döwrüne gaýdyp barýar- dostlarynyň, garagolja oglanlaryň ýanyna barýar. Bu ýatlamalar şeýle bir täsirli welin, ony tomaşaçylar bilen paýlaşasyň gelýär.


Sungaty öwrenijiler we onuň kärdeşleri türkmen suratkeşiniň döredijiliginde Bottiçelliden, Milleden, Kurbodan äheňleriň bardygyny belleýärler. Bu ýerde hiç-hili ulaltmalar ýok. Hakykatdan hem, Kakageldi Gurbangeldiýew haçan-da bir wagtlat Bottiçilleriň ýerine ýetiren köpçülikleýin sahnalarynyň birnäçesini hatara düzýär. Kuirba ýaly ol zenan personažlaryny aýratyn beýik derejede belleýär. Millede bolşy ýaly, žiwopisçi Kakageldi ýönekeý adamlaryň pähimliligini suratlandyrýar.

Bularyň ählisi dogabitdi zehiniň netijesinde bolup geçýär. Kakageldi eseri hakyky bolşy ýaly takyklygyna çenli ýerine ýetirmegi halaýandygyny aýdýar. “Bir sapar surat çekmek mugallymy türkmen nagyşyny çekip gelmeli diýip, öýe ýumuş berdi – diýip, hudožnik ýatlaýar. Men gözümi ýumdum-da keçäniň we halynyň nagşyny ýatdan çekdim. Ejem meniň çeken suratlarymy görüp “Hudožnik” diýip aýtdy. Soňra, synpdaşlarymyň haýyşlary boýunça Magtymgulynyň, Puşkiniň, Lermontowyň portretlerini ýatdan çekdim. Kakam maňa lukman bolmagymy aýtsa-da, meniň ömrüm hudožnik hökmünde kesgitlenipdir”.


Bir sapar men elime dutary aldym we ýeňillik bilen özüme tanyş bolan sazlary çalyp başladym, hatda haýsydyr bir täze saz düzdüm hem. Meniň öňümde men kim bolmaly: hudožnikmi ýa-da sazandar diýen sorag örboýuna galdy...

“Sen sazanda bolmadygyňa gynanma - diýip, Türkmenistanyň halk hudožnigiň meniň çeken suratlarymy synlap duran ýerinde aýtdy – saz seniň her bir eseriňde ýaňlanýar”.


Oba adamlary işsiz oturmaýarlar. Olar hasyl ýygnaýarlar, çörek bişirýärler, gawun kakyny serýärler, haly dokaýarlar, toýa taýýarlyk görýärler... Sergide görkezilýän suratlaryň ýüzlerçesine seredip, hudožnik Gurbangeldiýew edil kinooperator ýaly öz obadaşlarynyň ähli hereketlerini surata düşürýär hem-de bize “Türkmen obasynyň dünýäsi” atly ajaýyp filmi görkezýär.

Bu “kinofilmde” oba oglanjyklary aýratyn orny eýeleýär. Gülkünç, garagolja we örän syratlyja, olar ýa eşeklije ýa-da çynlakaý görnüşe girip, biri-biriniň kellesini syrýarlar, ýa-da öz aralaryndaky dawalarda hakykaty gözleýärler, ýa derýajygyň kenarynda güne çoýunýarlar, ýa-da şadyýanlyk bilen oýun oýnaýarlar...

Hudožnigiň öz gahrymanlarynyň ýüzlerini anyk görkezmeýändigi bellärlikli ýagdaýdyr. Ol munuň bilen, megerem, ýene-de ýüz ýa-da iki ýüz ýyl geçer, şonda hem bu çagalar tebigatyň goýnunda garagollyk ederler we şatlanarlar, zenanlar we erkekler – işlärler we baýramçylyk ederler, ak sakal ýaşulylar – öwüt-ündew bererler diýip, görkezmek isländir.


Kakageldi Gurbangeldiýew real žanrda işleýär, näme-de bolsa onuň suratlarynda birnäçe dekoratiwlik duýulýar, käwagt bolsa onuň žiwopisi kitap bezeglerini ýatladýar. Ýöne suratkeşiň her bir surat eserinde ajaýyp adamlaryň gündelik durmuşynyň poeziýasy beýan edilýär. Kakageldi edil öz döredijiliginde öz obadaşlaryna bolan söýgüsini boýun alýan ýaly, ýöne bu ýerde esasy zat, biz tomaşaçylar, bu ajaýyp eserlere syn edip, hudožnigiň duýgularyny paýlaşýarys.