Mirasa sarpa goýmak ýylynda ýurduň teatrlarynyň döredijilik işgärleri öz döredijiliklerinde türkmen halkynyň edebi mirasyny barha köp ýüzlenýärler. A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry 8-nji mart baýramçylygynyň öňüsyrasynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Mollanepesiň poemasy esasynda “Zöhre we Tahyr” spektaklyny sahnalaşdyrdy.
Yşyk mülkiniň şasy hasap edilýän beýik şahyryň döredijiliginiň iň gowy eserleriniň biri bolan “Zöhre we Tahyr” poemasy sahnada ençeme gezek görkezildi. Ol möhüm, hiç wagt öz ähmiýetini ýitirmeýän aktual temalara – akgöwünliligi we söýgä wepalylygy, ata-eneleriň we çagalaryň özara gatnaşygy ýaly temalara degip geçýär.
Mollanepesiňiň “Zöhre we Tahyr” poemasyny we Bazar Amanowyň adybir pýesasyny esas hökmünde almak bilen, spektakly goýujylar (režisýor-oýun goýujy A.Rahmanow, hudožnik-oýun goýujy B.Patyşakulyýew) Mollanepesiň gahrymanlarynyň hatarynda nusgawy eserleri özleriniň okamaklarynda görkezdiler. Andreý Pawlow şahyryň liriki goşgularyny okamak bilen, keşbi ajaýyp janlandyrmagy başardy. Onda okalan goşgular spektakla özboluşly öwüşgin berdi, baş gahrymanlaryň keşplerini, olaryň dünýä garaýyşlaryny, duýgularyny, gynançlaryny we begençlerini has aýdyň beýan etmäge kömek etdi. Şahyryň sahnada ýaňlanan eserleriniň uly üstünlige eýe bolmagynda ony B.Kakaýewiň saz bilen bezemeginiň, Türkmenistanyň at gazanan artisti A. Lubinsiň horeografiýasynyň, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri G. Şiçaninanyň kostýumlarynyň ähmiiýetiniň uly bolandygy gürrüňsizdir.
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry – türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, ýurduň baýry teatrlarynyň biridir. Ol öz döredijiliginde milli we dünýä sungatynyň iň gowy däplerini utgaşdyrýar. Täze spektakly bu döredijilik toparynyň uly üstünligi diýip hasaplasa bolar. Ol eýýäm tomaşaçylyryň gyzyklanmasyny özüne çeken merkez hökmünde meşhurdyr.