Ï Türkmenbaşy şäherinde milli folklor festiwalynyň birinji tapgyry tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenbaşy şäherinde milli folklor festiwalynyň birinji tapgyry tamamlandy

view-icon 823
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň, Medeniýet ministrliginiň we Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň howandarlygynda “küştdepdi” tansy hem-de gazal görnüşinde aýdym aýtmak sungaty boýunça folklor festiwaly geçirilýär.

Küştdepdi tansy häzirki wagtda diňe bir biziň ýurdumyzda däl-de, eýsem daşary ýurtlarda hem mälimdir, ol hazarýaka türkmenleriniň gadymy ata-babalarynyň döreden folklor eseridir, olaryň durmuşy deňiz bilen ýakyn baglanyşykly bolupdyr. Ilki başda ol däp-dessur – keramatly adatlary beýan edýän tans bolup, dünýäniň gurluşygy hakyndaky düşünjeleri öz içine alypdyr. Tebigat bilen otparazlyk kanunlary esasynda özara gatnaşyk saklan gadymy adam üçin bu möhüm bolupdyr. Tansa meňzeş bu däp-dessurlar täze göçülip gelnen ýerleri, guýulary, gaýyklary, dini, goranyş we beýleki desgalary keramatlaşdyrmak üçin geçirilipdir. Şeýle hereketler maşgala durmuşy bilen bagly wakalarda, möwsümleýin işler başlananda we tamamlananda, awçylykda, balykçylykda we beýlekilerde geçirilipdir.


Hazaryň kenarynda ösüp ýetişen mähelle, küştdepdi tansynda Deňzi keramatlaşdyrmak manysyny beýan etmäge çalşypdyrlar, deňiz adama durmuş abadançylygyny, şeýle hem betbagtçylyk hem getirip biler. Gadymy döwürlerde bu tansy diňe ýaşy gaýdyşan aýallar sazlaşykly heňleriň we deprek sesleriniň astynda ýerine ýetiripdirler, diňe gijräk döwürlerde erkekler hem olara goşulyşyp başlapdyrlar. Çal saçly eneler owazly dört setirli gazallara hiňlenip, Deňzi jomartlyga we rehimdarlyga, balyk tutýanlara hemaýat bermäge çagyrypdyrlar, balyk tutýanlar yzlaryna sag-aman dolanyp gelende hoşallyklaryny beýan edipdirler. Bu tansda deňziň döredýän hadysalary we olaryň dürli ýüze çykmalary beýan edilýär. Asyrlaryň dowamynda timarlanan özboluşly tans dili sesleriň täsiri bilen deňiz hadysalaryny suwda ýüzýän we suwuň töwereginde mesgen tutan guşlaryň gylyk-häsiýetlerini suratlandyrypdyrlar. Festiwala gatnaşyjylaryň öňünde bu tansyň döräp başlan döwürlerindäki ýagdaýyna aralaşmak wezipesi goýuldy. Festiwalyň Türkmenbaşy şäher tapgyrynyň netijeleriniň görkezişi ýaly, olar muny başardylar.


“Şamekan” myhmanhanasynyň eýwany küştdepdi tansynyň ruhunda bezelipdir, onda biziň günlerimize çenli asyl görnüşinde gelip ýeten tansyň heňi we oň bilen baglanyşykly rowaýatlar täzeden janlandy. Tomaşaçylar festiwala gatnaşyjylaryň her bir çykyşyna tolgunma bilen syn edip, el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar. Çykyşlar tamamlanandan soň, saýlama gözden geçirilişine gatnaşyjylaryň her birine Türkmenbaşy şäherinde festiwalyň ilkinji tapgyryny guraýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar we baýraklar gowşuryldy.

Gadymy ata-babalarymyzyň medeni mirasyna sarpa goýýanlaryň baýramçylyk duşuşygynyň iň joşgunly pursaty ýurdumyzda we daşary ýurtlarda belli bolan “Dagdan” folklor toparynyň görkezme çykyşlary boldy. Bu toparyň tansy küştdepdiniň ähli medeni-taryhy köp öwüşginliligini özünde jemleýär, bu tans milli medeniýetiň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Gadymy äheňler häzirki döwre laýyklykda gaýtalanyp işlenilip, sesleriň dürli öwüşgini, hereketleriň özboluşly çeýeligi bu tansy köpugurly sahnalaşdyrylan esere öwürýär.


Tomaşaçylaryň öňünde owazlarda we dürli öwüşginlerde deňziň üýtgäp durýan şöhleleri peýda bolýar. Deňizleriň barha güýjeýän tolkunlary, ýelleriň şugguldysy hem-de guşlaryň jürküldisi bilen birden gowşaýar, birden bolsa kenar tolkunlary güýjeýär. Çarlaklaryň meýmiredýän owazy seni ýene-de öňki belentlige alyp çykýar. Haçan-da, deňiz joşgunlarynyň döredilýän keşbi ynamdarlyk derejesine ýetende, tans edýänleriň ellerinde gylyçlaryň öwüşgini peýda bolaýjak ýaly duýgy döreýär. Gündogar halklarynyň tanslarynyň hemişelik bölegi bolan gylyçlar küştdepdi tansyny ýerine ýetirýänleriň elinde görünmeýär.

Küştdepdi edermenlik we urşujylyk häsiýetlerini sypatlandyrýan hem bolsa, ol esger tansy däldir. Bu sypatlary ýerine ýetiriji zenanlaryň çeýe we mylakatly hereketleri küştdepdini arzuw we umyt tansyna öwürýär. “Dep” sözi bilen türkmenleriň “Goý, hiç hili betbagtçylyk bolmasyn, belalar dep bolsun!” diýen pelsepesi bilen baglanyşyklydyr. Bu umyt-arzuwlar küştdepdi tansynyň çuňňur manysyny açyp görkezýär, ol kuwwatly durmuşa söýgini döredip, türkmen medeniýetiniň bezegidir.


Küştdepdi tansyny we gazallary ýerine ýetiriji zenanlaryň welaýat gözden geçirilişinde ýeňiji bolanlar 5-6-njy aprelde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek umumymilli folklor festiwalynyň jemleýji tapgyryna gatnaşarlar.