Paýtagtyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermeginde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ilçihanasynyň guramagynda nemes hudožnikleriniň sergisi açyldy. Ekspozisiýa nemes sungatynyň XIX – ХХ asyrlaryň sepgidiniň iň meşhur wekilleriniň biri – hudožnik zenan Paula Moderzon-Bekkeriň we onuň Bremeniň golaýyndaky Worpswede nemes obasynyň işdeşleriniň-hudožnikleriň suratlarynyň we grawýuralarynyň onlarçasyndan durýar. Şeýle hem sergide Paulanyň durmuşy barada gürrüň berýän dokumental fotosuratlar görkezilýär.
Durmuşdan ir giden hudožnigiň suratlary onuň ýaşan döwri üçin iň adaty däl diýlip hasap edilýär, häzir bolsa olar üns berilmegine mynasypdyr. Onuň özi bolsa nemes sungatynyň ikonasy diýlip ykrar edilendir. Paulanyň hudožnik bolamaga eden synanyşygy şol wagtky nemes jemgyýeti üçin rewolýusion bolup durýar.
Paula Bekkeriň suratlary berk we ynamdar eller bilen çekilipdir. Akademiki okuwynyň bolmazlygy we erkek adama mahsus bolan häsiýeti onuň žiwopisinde birazrak gödegräk görnüşe eýe bolýar. Diňe onuň ölüminden soňra sungaty öwrenijiler onuň suratlarynyň ähmiýetini ykrar edýärler. Onuň döredijiliginde irki Pikassonyň suratlary bilen meňzeşlik ýüze çykaryldy.
Sergä barýanlar üçin Worpswedeli hudožnikleriň hem eserleriniň gyzykly boljakdygy gürrüňsizdir. Näme-de bolsa, bu ýerde esasy orun Paula Moderzon-Bekkeriň döredijiligine berlendir.