Ï Ýaş ýerine ýetirijileriň “Iň ýaş sazanda - 2016” atly däbe öwrülen bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary belli boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaş ýerine ýetirijileriň “Iň ýaş sazanda - 2016” atly däbe öwrülen bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary belli boldy

view-icon 715
Biziň ýurdumyzyň sungat mekdepleriniň 80-niň ýaş zehinleri milli gözden geçirilişine gatnaşdylar. Ýaş ýerine ýetirijiler we olaryň mugallymlary bu medeni çärä bütin okuw ýylynyň dowamynda taýýarlyk gördüler. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermeginde geçirilýän bäsleşik okuw-sazçylyk işiniň jemini jemledi, onda gazanylan ýeňiş diňe bir okuwçy üçin abraý bolman, eýsem bütin mekdep we welaýat üçin hem abraý bolup durýar.


Ýaşdyklaryna garamazdan, bäsdeşleriň ählisi hem çylşyrymly bäsleşikli ýoly geçdiler. Olaryň her biri bäsleşigiň iki tapgyrnyň ýeňijisidir: birinjisi – etraplar we şäherler derejesinde, ikinjisi – welaýatlar deresinde. Üçünji tapgyrda ýeňiş gazanmak üçin her dört ugur – akkordeon, gyjak, fortepýano we fleýta boýunça bäsdeşleriň sany alta çenli azaldy.


Bäsleşik Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň zallarynda geçirildi. Eýwanda türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerinden owazlar ýaňlandy. “Bu gün şowlulyk çagalaryň haýsy birine gülüp bakar?” – bu sowal bu ýerini gurşap aldy. Ýogsa oňa “Elbetde iň zehinlä we taýýarlanana” diýen jogap hem bardy


Emin agzalarynyň pikirine görä Lebap welaýatynyň Çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy-akkordeonçy Ýusup Ymamow, Daşoguz welaýatynyň Çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy-gyjakçy Hajymyrat Babaýew iň zehinli diýlip hasap edildi. Fortepýano we fleýta görnüşi boýunça degişlilikde Aşgabat şäheriniň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Akmyrat Çaryýew we Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Sadat Mätnazarow iň zehinli diýlip ykrar edildi.


Bäsleşik ýeňiji bolanlaryň konserti bilen tamamlandy. Başdan geçiren tolgunmalaryna garamazdan, ýaş sazandalar öz ýeňişleriniň tötänleýin däldigini tassyklamak bilen, öz söýgüli eserlerini ruhubelentlik, aýratyn dabara bilen ýerine ýetirdiler.