Ï Skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogyna badalga berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogyna badalga berildi

view-icon 1005
Skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ilkinji ýaryş Köpetdagyň dag ulgamy bolan Duşak-Erekdagynayň belentligine çykmak boldy. “Agama” alpinistler klubynyň guran bu ýaryşy Türkmenistayň Sport baradaky döwlet komitetiniň ýaryşlarynyň sanawyna goşulandyr. Duşaga çykmagy guramaga türkmen paýtagtynyň Arçabil etrap häkimligi ýardam berdi.

Beýikligi iki ýarym müň metre barabar bolan Duşak-Erekdagy özüniň beýikligi boýunça ýurtda üçünji orunda durýar. Bu şu ýylda geçirilýän ýaryşlaryň iň beýik nokadydyr. Onuň beýikligi hem beýikli-pesli bolup, ol iki kilometre ýakynlaşýar. Bu bolsa aralyga çykmagy has hem çylşyrymlaşdyrýar. Beýiklige çykmak Gökderede “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinden badalga aldy.

Ugur daga çykmagy söýýänleriň köpüsine mälim bolan “Taraz” diýen ýerden geçýär. Türgenlere ýolugra 1100 m. we 2000 m. belentlikde iki barlag nokady garaşýardy. Aralyk uzyn we ýeňil däl, bular ýaly belentliklerde mart aýynda garyň hem bolmagy mümkin, sowuk şemal barada-ha gürrüň hem ýok.


Şu ýyl howanyň ýagdaýy ýokary netijeleri görkezmäge mümkinçilik berdi. Gar diňe dagyň ýokary başlarynda bardy. Ýuka bulutlar we ýeňiljek ýel keýpiňi çaglaýardy.

“Agama” alpinistler klubyndan, ýurduň iň tejribeli türgenleriniň-skaýranerleriniň biri, milli we halkara ýaryşlaryna, husuan-da Elbrus we Alp daglaryna çykmak boýunça ýaryşlara gatnaşyjy, Alikper Ahmedow bu aralygy 2 sagat 11 minutda geçip, rekord netijäni gazanmagy başardy. Ikinji orny Aleksandt Şabanow, üçünji orny Sergeý Arhipow eýeledi. Zenanlaryň arasynda Balkanabadyň “Mert” alpinistler klubyndan Anna Paşelskaýa ýeňiş gazanmagy başardy.


Ýaryşyň baş emini Waleriý Kotwiniň belleýşi ýaly, skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň ýaryşy uzak bolup, ol mart aýynda başlap, dekabr aýynda tamamlanýar. Dag belentliklerine çykmak boýunça ýaryşlaryň bäşisini geçirmek bellenildi.

Duşak dagyna çykmakdan baş hem – öňümizdäki maý aýunda Marköw dagyna çykmak meýilleşdirilýär. Sentýabr aýy Bütindünýä syýahatçylyk güni mynasybetli däbe öwrülen köpçülikleýin belentlige çykmak bilen dabaralanar. Onuň çäklerinde üçünji tapgyr – Harslaňa çykmak geçiriler. Noýabr aýynda Uly Balkanyň iň ýokary belentligi bolan Arlaňa çykmak geçiriler. Jemleýji tapgyr bolsa, geçen ýylda bolşy ýaly, Saglyk ýolunda tamamlanar.

Her bir tapgyrda Kuboga dalaş edýän türgen üçin baha berilýär. Üstünlikli geçen tapgyr näçe köp bolsa, şonça hem gowy netijeler bolar.

Skaýranning – iňlis dilinden tejime edilende “belentlikde ylgamak” diýen manyny berýär. Geçen ýyl ilkinji Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda öz ýaryşdaşlaryndan epesli aralygy açmagy başaran Alekper Ahmedow we Mähri Kulyýewa ýeňiji bolmagy başardylar. Bu ýyl kimiň ýeňiji boljakdygyny dekabr aýynda bileris.