Oňa abraýly halkara ýaryşynda gazanan ýene-de bir ýeňşi mynasybetli gutlaglar bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy.
Mälim bolşy ýaly, ýakynda halkara derejeli sport ussadymyz Gülbadam Babamuratowa Türkiýäniň Samsun şäherinde geçirilen “Gran-Pri” tapgyrynda dzýudo boýunça ýaryşda nobatdaky altyn medaly gazandy. Bu ýaryşa 67 ýurtdan dzýudoçylaryň 400-e golaýy gatnaşdy. Ildeşimiz 52 kilograma çenli agram derejesinde hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdy. Bu ýeňiş Gülbadamyň şeýle derejedäki ýaryşlarda gazanan ilkinji ýeňşi däldir.
Şu günler ýurdumyzda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleri uly ruhubelentlik ýagdaýynda geçirilýär. Türkmen türgenleriniň halkara derejesindäki ýeňişleri hem sagdyn durmuş ýörelgesini halaýan köp sanly adamlary biraýlygyň çärelerine barha işjeň gatnaşmaga has-da ruhlandyrýar.