«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gadymy türkmen milli tansy bolan küştdepdiniň we onuň gazallarynyň “Asyrlaryň ruhy joşguny” ady bilen guralan festiwaly geçirildi. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň çäklerinde geçirilýän döredijilik çäresini Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Balkan welaýatynyň häkimligi bilelikde gurady.
Gojaman Hazaryň kenarynda ýerleşýän ajaýyp amfiteatrda geçirilen döredijilik bäsleşigine şu ýylyň fewral-mart aýlarynda paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde geçirilen küştdepdi tansynyň we gazallarynyň deslapky bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlar gatnaşdylar. Halk döredijiliginiň köpöwüşgünli we milli medeniýetimiziň döwrebap ýörelgelerini özünde jemleýän döredijilik bäsleşigine iň gowular gatnaşmaga hukuk gazandylar. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň döredijilik ýörelgeleriniň gadymy tans dessurlaryna aýratyn hormat goýýan folklor we tans toparlary bar. Ýurdumyzda geçirilýän milli baýramçylyklaryň nyşanyna öwrülen küştdepdi türkmen sungatyny giňden äşgär edýär.
Milletimiziň taryhy-medeni hem-de ruhy däplerini aýdyň beýan edýän gadymy hem-de özboluşly türkmen tansy bolan küştdepdi pederlerimiziň asylly ýörelgelerini we häzirki zamanyň döredijilik ruhuny sazlaşdyrmagyň oňyn nusgasydyr. Arheologik tapyndylar we gadymy ýazuw ýadygärlikleri bu tansyň taryhyndan habar berýär. Gadymy Nusaýyň antik döwrüne degişli ritonlarda joşgunly küştdepdiniň käbir alamatlary şekillendirilipdir.
Küştdepdiniň özboluşly horeografik dili, kämil hereketleri hem-de çeýe şahyranalyk onuň gazallary bilen utgaşyp, pederlerimiziň durmuşy barada giňden gürrüň berýär. Çünki dessur tanslary adamzadyň ömrüniň dowamynda oňa hemra bolup, ruhy hem-de beden gözelliginiň bir bitewüligini özünde jemleýär. Tebigatyň peşgeşi bolan küştdepdi tansy we onuň gazallary gadymy ata-babalarymyzyň daşky dünýä, olaryň durmuş ýörelgeleri bilen berk baglanyşýar. Häzirki döwürde bu tansyň gadymy ýörelgeleriniň üsti täze mazmun bilen ýetirilýär. Bu bolsa halkymyzyň durmuş tejribeleriniň häzirki zaman ýörelgeleri, mirasyň ösüş, taryhyň häzirki döwür bilen sazlaşýandygyny, milli medeniýetimiziň özboluşly aýratynlyklaryny aýdyň beýan edýär.
Nepis türkmen halylary, milli keşde sungatymyzyň şekilleri, dessanlary we gazallary ýerine ýetirmek, küştdepdi tansynyň gaýtalanmajak sungat eserine çalymdaşlygy türkmen halkynyň milli medeniýetiniň özboluşlylygyny, onuň adamzadyň dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülendigini alamatlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, 2015-nji ýylda “Görogly” şadessanynyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawuna girizilendigini bellemek ýakymlydyr.
Halk döredijiliginiň milli öwüşginli nusgasy bolan küştdepdiniň ÝUNESKO-nyň abraýly sanawyna girizilmeginiň ägirt uly ähmiýeti bardyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, özboluşly dessanlarymyzyň, ajaýyp halylarymyzyň, joşgunly tanslarymyzyň, mysal üçin, küştdepdiniň maddy däl medeni gymmatlyk hökmünde bu sanawa girizilmegi maksadalaýyk bolar.
Küştdepdini milli mirasymyz hökmünde saklamak we wagyz etmek, türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasyny ösdürmek häzirki hem-de geljekki nesilleriň mukaddes borjudyr. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen festiwal hut şu maksada eýerýär.
Döredijilik çäresini geçirmek üçin gojaman Hazaryň kenarynyň saýlanyp alynmagy tötänden däldir. Mälim bolşy ýaly, Hazar deňziniň ägirt uly giňişligi eýeleýän kenarýakalarynda ýaşaýan ildeşlerimiziň arasynda bu tans has-da meşhurdur. Mahlasy, küştdepdi Türkmenistanyň ähli çäklerine ýaýrandyr we dürli sebitlerde ýerine ýetirijilik aýratynlyklaryna eýedir.
Şunuň bilen baglylykda, bu çäräniň türkmen halkynyň halk döredijiligini giňden wagyz etmekde möhüm ähmiýeti bardyr. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli taslamalaryň biri hökmünde ykrar edildi. Deňiz ýakasyndaky ekologiýa taýdan arassa we ajaýyp bu ýer ýakymly Gün şöhlesine baýdyr. Bir söz bilen aýdylanda, bu ýer iň nurana arzuwlaryň amala aşýan künjegi hökmünde bellidir. Awazanyň taryhyndan belli bolşy ýaly, soňky ýyllarda bu ýeri netijeli döredijilik hyzmatdaşlygy üçin oňyn meýdança öwrüldi. Bu ýerde guralan halkara döredijilik çäreleriniň, şol sanda halkara festiwallaryň çäginde belli nusgawy we häzirki zaman sazlaryny ýerine ýetirijiler, folklor hem-de horeografiýa toparlary ussatlyklaryny görkezdiler.
Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde milli Liderimiziň başlangyjy bilen yglan edilen Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň şygarynda öz beýanyny tapan gadymy kökler we taryh, häzirki döwür hem-de geljege bolan ynam ýörelgeleri özboluşly sazlaşýar.
Bu sazlaşyk we ýörelge Awazada geçirilen festiwalyň özenini düzdi. Agşamara Awazanyň amfiteatrynda ýaýbaňlandyrylan halk döredijiliginiň nurana baýramçylygy milli aýdym-sazlar bilen utgaşyp gitdi. Deňziň kenarynda dikilen ak öýler bu ýerde guralan folklor dabaralarynyň özboluşly bezegine öwrüldi. Olarda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna degişli senetkärleriň, ussalaryň gadymy döwürde döreden işleri, häzirki zaman amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezilýär.
Bu ýerde guralan köpöwüşginli baýramçylyk dabarasyna kenarýaka şäheriniň köp sanly ilaty we myhmanlar gatnaşdylar. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň medeniýet işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik intelligensiýasy, ýaşulular we ýaşlar bar.
Deňiz giňişliginiň çägindäki gämini ýatladýan şekildäki sahna meýdançasynyň bezegi has-da täsirli. Bu ýerde gurnalan monitorlarda küştdepdi sungaty hakynda gürrüň berýän wideoşekiller görkezilýär. Türkmen milli saz gurallarynyň ýakymly owazy astynda ýaşulular we ýurdumyzyň ýaşlary ellerinde Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň nyşanlaryny göterip, meýdançada peýda bolýarlar. Festiwala gatnaşmaga hukuk gazanan döredijilik toparlary köp sanly tomaşaçylaryň öňünden geçýärler.
Häzirki döwürde milli horeografiýa we aýdym-saz sungatynyň ýurdumyzyň ähli şäherlerinde hem-de obalarynda işjeň ösdürilýändigini, halk döredijiliginiň kämil derejä ýetmegini, geljekki artistleriň hünär taýdan taýýarlygyny üpjün edýän döwrebap medeniýet merkezleri we sungat mekdepleri gurulýar. Türkmenistanyň ähli künjeklerinden hem-de paýtagtymyzdan sungat ussatlarynyň we çeper höwesjeňler toparlarynyň gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Olar küştdepdiniň umumy häsiýete eýe bolan hereketleriniň dürli äheňlerini, sebite mahsus däpler, aýratynlyklar, şol sanda gazallary ýerine ýetirmek, tans hereketleri nazara alnyp taýýarlanan çykyşlary görkezdiler.
Küştdepdiniň ähli sebitler boýunça umumylygy halkymyzyň milli ýörelgesi bilen baglydyr. Bu tans şatlyk-şowhuny we gerimi bilen tapawutlanýar. Ol gazal aýtmagyň milli äheňleri bilen başlanýar. Gazallary ýerine ýetirýän oglan we gyz ilkibaşda tansyň pessaýlyk bilen başlanmagyny şertlendirýärler. Tansa tomaşa edýänler sazlaşykly el çarpyşmalar arkaly tansyň hereketlerini utgaşdyrýarlar. Gazalyň her bendiniň ahyrynda küştdepdini ýerine ýetirýänler “eý-ha”, “küşt, küşt” ýaly däp bolan sözleri gaýtalaýarlar. Munuň özi tansyň joşgunyny artdyrýar. Ýerine ýetirilýän gazallarda ýaşlaryň durmuşa bolan söýgüsi, didarlaşmaga bolan höwesi we öz söýgüsini beýan etmäge bolan hyjuwy beýan edilýär. Tans hereketleri bilen utgaşykly ýerine ýetirilýän gazallaryň many-mazmuny halk arasynda giňden ýaýran horeografiýa usullary bilen utgaşýar.
Gadymy halk tanslarynyň biri bolan küştdepdide asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilen özboluşly ýörelge, ses joşgunynyň güýçlenmegi äşgär duýulýar. Gazallary ýerine ýetirijiler öz aýdymlarynda durmuş aýratynlyklary, ýaramaz hadysalardan saplanmak, päk söýgi, täze durmuş hakynda gürrüň berýärler.
Tans hereketleriniň birnäçe haýwanlara, guşlara mahsus bolan hereketi, dürli zähmet ugurlaryny alamatlandyrýar. Birnäçe pursatlarda meýdançanyň merkezinde beýlekileriň hereketine özboluşly itergi berýän şekil janlandyrylýar.
Sungaty öwrenijileriň pikirine görä, küştdepdiniň horeografiýa ýörelgeleri birnäçe çeýe, bilelikde ýerine ýetirilýän halkalaýyn hereketleri özünde jemleýär. Onda çykyş edýänler özbaşdak, şol bir wagtyň özünde umumylaşdyrylan ajaýyp hereketleri ýerine ýetirip, gadymy awçylaryň tansyny ýatladýar. Göýä diýersiň, olar oduň başynda awlanan awuň daşyndan aýlanyp, beýik Biribardan şowly aw dileýäne çalymdaş. Şeýle hem halkalaýyn görnüşde ýerine ýetirilýän hereket älemiň kanunyna laýyklykda hemişelik hereket edýän Gün ulgamynyň hereketiniň tertibini ýatladýar. Şol pursatda tans edýänler “küşt, küşt, küşt depdi” sözleri aýdyp saklanýarlar. Munuň özi täze durmuş ýörelgelerini mübärekleýäne çalymdaş. Tans “huw-hak” diýlip tamamlanylýar we oňa gatnaşyjylar ellerini ýokary galdyrýarlar.
Häzirki zaman durmuş ýörelgeleri halk tansynyň aýratynlygyna öz täsirini ýetirýär. Soňky ýyllarda täze mazmun bilen üsti ýetirilen bu tansy festiwala gatnaşyjylar ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Balkan welaýatynyň “Akjaýar” we “Durmuş ýollary” folklor toparlary baýramçylyk çykyşlarynyň başyny başlaýar. Şeýle hem bu gezekki döredijilik festiwalyna Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň “Hazar şemaly” folklor topary, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň “Dagdan” topary, Hazar şäheriniň Medeniýet merkeziniň “Hazar owazlary” çagalar folklor topary, ýurdumyzda giňden belli “Dehistan” folklor-etnografiýa topary gatnaşýar.
Balkan welaýatynyň küştdepdisinde tolkun sesleri, suw guşlarynyň uçuşy, oduň başyna ýygnanan ýaşulularyň we ýaşlaryň söhbedi duýulýar. Olarda deňiz çuňluklaryna tor taşlaýan balykçylaryň sazlaşykly hereketi, abadançylyk, asudalyk hakyndaky dilegler öz beýanyny tapýar. Özünde gadymy halk däplerini jemleýän küştdepdi tomaşaçylara şatlyk we ruhubelentlik eçilýär.
Häzirki döwürde köp asyrlar mundan ozal bolşy ýaly, bu joşgunly tans ýaşlaryň we ýaşuly adamlaryň ýerine ýetirýän gazallary bilen utgaşdyrylýar. Ol adamlara ruhubelentlik, şatlyk paýlaýar. Küştdepdä ýaşlar bilen ýaşulularyň bilelikde gatnaşmagy nesilden-nesle geçmek ýörelgeleriniň, halk tebigatynyň we türkmen halkynyň aýawly saklaýan hem-de ösdürýän dessurlarynyň dowam edýändigini alamatlandyrýar.
Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň “Dürdäne” horeorafiýa topary joşgunly çykyşlaryna halk tansynyň öwüşginini çaýdylar. Etnograflaryň pikirine görä, Ahal welaýatynda küştdepdiniň öz taryhy bar. Ol aýratyn şirinligi, hereketleriň çeýeligi, has takygy, baýramçylyk dessurlaryna çalymdaşlygy bilen tapawutlanýar. “Dürdäne” toparynyň bahar paslyna mahsus ajaýyp çykyşlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban topragymyzyň ajaýyp tebigatynyň galkynyşynyň senasyna, türkmen halkynyň Arkadagyna bolan alkyş bolup ýaňlandy.
Daşoguz welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň “Bagtyýar ýaşlar” toparynyň ýaşajyk artistleriniň çykyşlary milli däpleriň dowam edýändiginiň subutnamasyna öwrüldi. Çagalar özleriniň çeýe hereketleri, joşgunly çykyşlary bilen tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirlerler galdyrdylar.
Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň Medeniýet merkeziniň “Oguz nagmalary” folklor toparynyň çykyşlarynda tansyň geçmişdäki ýörelgeleri bilen häzirki zaman aýratynlyklary ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Marynyň Medeniýet köşgüniň “Altyn asyr” tans toparynyň çykyşlary döredijilik baýramçylygyna özboluşly öwüşgin çaýdy. Tomaşaçylar sahnada ýerine ýetirilen tanslara goşulyp, ýurdumyzda küştdepdiniň neneňsi söýülýändigini we onuň meşhurdygyny äşgär etdiler.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Miras” folklor tans toparynyň çykyşlary aýdym-saz festiwalynyň jemini jemledi.
Küştdepdiniň umumy ýörelgelerine garamazdan, her bir döredijilik topary tomaşaçylara özboluşly döwrebap çykyşlary görkezdiler. Biri-biriniň yzyndan sahna çykan tans toparlary gojaman Hazaryň kenarynda bahar paslynyň ajaýyp agşamynda geçirilen baýramçylyk hereketleri sazlaşykda ruhubelentlik ýagdaýyny emele getirdiler. Bu hereketler Ynsan bilen Älemiň sazlaşygyny alamatlandyryp, gadymy döwürlerden gözbaş alan halk ýörelgeleriniň ähmiýetini giňden açyp görkezdi.
“Dehistan” toparynyň we döredijilik forumyna gatnaşyjylaryň bilelikde eden çykyşy döredijilik çäresiniň özboluşly jemlenmesine öwrüldi. Manyly gazallar bilen utgaşan gadymy tansyň kuwwatly ruhy, onuň horeografiýa sazlaşygy we milli lybaslaryň öwüşgini gaýtalanmajak gözellik döretdi we milli medeniýetiň, sungatyň durmuş ulgamyny alamatlandyrýan köp öwüşginliligini janlandyrdy.
Bu ýerde guralan konsertiň ahyrynda festiwala gatnaşyjylary sylaglamak dabarasy boldy. Olara ýörite diplomlar, we gymmat bahaly baýraklar gowşuryldy.
Döredijilik çäresine gatnaşyjylar Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagy, onuň daşary syýasat ýörelgeleriniň belent abraýa eýe bolmagy, milli medeniýetiň ösdürilmegi ugrunda ýadawsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde ägirt uly üstünlik arzuw etdiler.