Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer Aşgabadyň lukmançylyk merkezleriniň birinde Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň saglyk ýagdaýyny sorady hem-de milli Liderimiziň tiz sagalmak baradaky arzuwlaryny oňa ýetirdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow döredijilik işgärleri hakynda hemişe alada edýär we goldaw berýär, türkmen sungatynyň wekillerine aýratyn hormat-sarpa goýýar, olaryň milli medeniýeti ösdürmäge goşýan goşandy ýurdumyzyň Ýer ýüzünde şan-şöhratynyň artmagyna getirýär.
Milli Liderimiz medeniýet ulgamynda döwlet syýasatynyň wezipeleri barada aýtmak bilen, döredijilik wekillerini täzeçe, batyrgaý, giň gözýetimli pikirlenmäge, işjeň hereket etmäge çagyrýar we milli sungatymyzyň meşhur ussatlarynyň baý tejribesinden peýdalanmagyň möhümdigini nygtaýar. Döwlet Baştutanymyz türkmen medeniýetiniň gadymy asylly ýörelgeleriniň hem-de örän baý mirasynyň wagyzçysy, ajaýyp sungatyň ähmiýetine belent sarpa goýýan ynsan hökmünde bu ugurda dowamatlylygyň ägirt uly ähmiýetini aýratyn belleýär, onuň netijesinde bolsa milli medeniýetimiz köp öwüşginli aýratynlygyny saklap galdy.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy hem-de howandarlygy bilen türkmen operasy gaýtadan dikeldildi, Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri döredildi, bilelikdäki türkmen-awstriýa “Galkynyş” simfoniki orkestrini döretmek ýaly ajaýyp medeni taslama durmuşa geçirildi.
Opera sahna oýunlaryny gaýtadan dikeltmek we täzelerini goýmak işine ýurdumyzyň sungat ulgamynyň iň zehinli wekilleri hem-de döredijilik işgärleri giňden çekildi. Şunda türkmen opera sungatynyň meşhur aýdymçysy, halk artisti Maýa Kulyýewa baş geňeşçi hökmünde çykyş etdi, ol aýdym-saz sahnasynda ajaýyp keşpleriň tutuş toplumyny janlandyryp, halkyň çuňňur söýgüsine, belent at-abraýa we hormat-sarpa mynasyp boldy.
Ýokary ussatlyk, Watanymyzyň öňünde bitiren hyzmatlary, türkmen sungatyna goşan bahasyna ýetip bolmajak goşandy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Maýa Kulyýewa 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Gahrymany diýen at dakyldy we “Altyn Aý” altyn medaly gowşuryldy. 2015-nji ýylyň dekabr aýynda Maýa Kulyýewa Türkmenistanyň “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan” ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.
2007-nji ýylda Maýa Kulyýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Meşhur opera aýdymçysy ýaş sungat ussatlaryny ýetişdirmek boýunça halypalyk işi, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken ak ýürekli, döredijilikli zähmeti üçin şeýle baýraga mynasyp boldy.
Şeýle meşhur sungat wekilleriniň mysalynda türkmen topragynyň zehinlere örän baýdygyna ýene bir gezek göz ýetirýäris. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň yglan edilmegi netijesinde täze ösüşlere eýe bolýan milli medeniýetimiziň ösüşiň belent derejesine çykýan döwründe olaryň ägirt uly tejribesiniň ähmiýetine hem-de zerurdygyna düşünýäris.
Türkmen sahnasynyň bu ajaýyp wekili bilen söhbetdeşlikde durmuşa berk ygrarly ynsanyň täze taraplaryny açýarsyň, meşhur ussadyň zehininiň ozaly bilen watançylyk hem-de raýatlyk hyjuwyna ýugrulandygyna göz ýetirýärsiň. Olaryň durmuş tejribesini näçe öwrenseň-de azdyr – olar biziň bahasyna ýetip bolmajak häzirki we geljekki baýlygymyzdyr.
—Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljekki nesilleriň öňünde uly jogapkärçiligi duýmak bilen, milli medeniýetimiziň mirasyny gorap saklamak we ösdürmek meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Men milli Liderimiziň ähli başlangyçlaryny tüýs ýürekden goldaýaryn. Biziň geljegimiz geçmiş mirasymyza häzirki döwürde garaýşymyza baglydyr, mähriban Arkadagymyza nusgawy sungatyň belent ornuna uly ähmiýet berýändigi, jemgyýetçilik gymmatlyklaryny kemala getirmek, jemgyýetimiziň kämil ruhy jebisligi üçin edýän tagallalary üçin çuňňur hoşallygymy bildirýärin — diýip Maýa Kulyýewa aýdýar.
Halkyň uly söýgüsine eýe bolan meşhur aýdymçy artistlerimiziň dünýäniň köp ýurtlarynda Türkmenistana mynasyp wekilçilik edip, milli aýdym-saz sungatymyzyň belentden ýaňlanýandygyna şatlygyny we buýsanjyny paýlaşdy. Häzirki wagtda ýaş türkmenistanlylaryň öňünde ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrmak, döredijilik taýdan ösmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Biziň döwrümiz her bir sungat işgärinden hünär we raýat jogapkärçiligini talap edýär diýip, ussat aýdymçy belleýär. Diňe şu nukdaýnazardan döredijilik, amala aşyrýan ähli özgertmelerimiz hem-de tutuş durmuşymyz many-mazmuna eýe bolýar.
Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa aladasy we ünsi, türkmen medeniýetini hem-de milli sungatyny Ýer ýüzünde giňden wagyz etmäge goşýan şahsy goşandy, zehinli ýaşlara goldawy hem-de olary höweslendirýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy.
Medeniýet we sungat halky durmuşda hemişe ruhubelent bolmaga çagyrmalydyr, olarda belent watançylyk, öz halkyňa çäksiz wepadarlyk duýgularyny kemala getirmelidir, ruhy gymmatlyklary artdyrmaga hem-de pugtalandyrmaga ýardam etmelidir diýip, Maýa Kulyýewa belleýär. Häzirki wagtda adamlary täze belentliklere ruhlandyrmak, ähli asylly başlangyçlary, hyjuwlary we arzuw-hyýallary jebisleşdirmek hem-de bu ägirt uly ruhy kuwwaty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň özgertmelerini durmuşa geçirmäge gönükdirmek sungatyň dörediji güýjüdir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň ählisiniň adyndan ýene bir gezek çuňňur hoşallygyny beýan edip, meşhur türkmen aýdymçysy milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür hem-de rowaçlyklar arzuw etdi.