Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda “Halypalaryň mekdebi halkyň ruhy mirasydyr” atly aýdym-sazly festiwal geçirildi. Döredijilik çäresini Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Ahal welaýatynyň häkimligi bilelikde gurady.
Şu ýylky bahar pasly giň möçberli döredijilik çärelerine baý boldy. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde şeýle çärelere giň gerim berildi. Geçen hepdede «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda milli däpleriň köpöwüşginliligini, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmun bilen üstüniň ýetirilýändigini alamatlandyran küştdepdi tansynyň we gazallarynyň festiwaly geçirildi. Şu gün bolsa milli aýdym-saz sungatynyň ösdürilmegine we düýpli öwrenilmegine, täze zehinleriň ýüze çykmagyna, bu ugurda halypaçylyk dessurlarynyň berkidilmegine gönükdirilen bagşy-sazandalaryň gatnaşmagynda özboluşly döredijilik festiwaly geçirildi. Döredijilik çäresi halk ýerine ýetirijilik ussatlygynyň aýratynlyklaryny öwrenmäge, bu ugurda tejribe alyşmaga we ajaýyp saz mirasymyzy giňden wagyz etmäge hem-de olary tanyşdyrmaga gönükdirilendir.
Festiwala il içinde halypa derejesine eýe bolan belli ussatlar, olaryň zehinli şägirtleri hem-de welaýatlardan we Aşgabat şäherinden gelen dessançylar, halk aýdymlaryny ýerine ýetirijiler gatnaşdylar.
Bagşylaryň köpöwüşgünli sungaty olaryň milli medeniýete goşan goşandy, ýokary hünär ussatlygy köpasyrlyk çeperçilik däpleri bilen baýlaşdyrylyp, ýerine ýetirijilik ukyby arkaly her bir döwürde kämilleşdirilip, biziň günlerimize gelip ýetipdir.
Türkmen sazandalarynyň atlary orta asyrlaryň ylym we medeniýet ulgamlarynda öçmejek yz goýan belli adamlar hakynda gürrüň berýän taryhçy alymlaryň işlerinde ýatlanylýar. Türkmen bagşylarynyň döredijiligine wenesiýaly jahankeşde Marko Polo uly gyzyklanma bildiripdir. Ol XIII asyryň ahyrlarynda ýaşap geçen bagşylar barada gymmatly maglumatlary galdyrypdyr. Şeýle hem bu sungata birnäçe çeper eserler, kinofilmler bagyşlandy.
Ähli döwürde bagşyçylyk sungaty ýurdumyzda aýratyn ähmiýete, hormata mynasyp bolupdyr. Onda halkymyzyň durmuşy, kalbynyň owazy jemlenipdir. Bagşylaryň aýdymlary halkymyzyň bagty, gussasy, gözellik duýgulary, şatlygy we umytlary baradaky tolgundyryjy beýana öwrülipdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Ile döwlet geler bolsa...” atly kitabyny halk saz sungatyna bagyşlady.
Halkymyzyň ruhy mirasyna, milli sungatyň taryhyna aýratyn gadyr goýýan milli Liderimiz türkmen saz sungatynyň özboluşlylygyny, mukamlaryň sazlaşygyny beýan etmek bilen, döredijilik mekdepleriniň, halypaçylyk ýörelgeleriniň nesilden-nesle geçmeginde, kämilleşmeginde, asyrlaryň dowamynda we häzirki döwürde türkmen medeniýetiniň ösmeginde bagşylaryň möhüm orny eýeländigini belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu düýpli işinde şöhratly halk sazandalary hakynda baý maglumatlar getirilýär. Bu kitabyň üsti bilen dürli görnüşli halk saz gurallary hakynda köp zatlary bilmek, belli türkmen bagşy-sazandalarynyň arhiw suratlary bilen tanyşmak bolýar.
Festiwalyň Ahal welaýatynda geçirilmegi ýöne ýerden däldir. Bu künjekden türkmen halk saz sungatynyň belli ussatlary Kel bagşy, Sary bagşy, Täçmämmet Suhanguly, Mylly Täçmyradow, Pürli Saryýew we beýlekiler ýaly şöhratly sazandalar çykypdyr. Olaryň şöhraty tutuş ýurdumyza ýaýrapdyr. Olar ýurdumyzyň dürli sebitlerinde bolup, konsertler gurapdyrlar, döredijilik agşamlarynda, toýlarda, çaýhanalarda, açyk asmanyň astynda saz muşdaklaryna hezil beripdirler. Zehinli bagşy Sahy Jepbarow hem Gökdepe etrabynda önüp-ösüpdir. Onuň şöhraty ýurdumyzyň çäginden çykypdyr. Ol halk dessanlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetiripdir. Munuň özi tutuş şahyrana saz eseri bolup durýar. S.Jepbarow dürli sazlary düzüpdir, özüniň üýtgeşik bagşyçylyk ýoluny goýupdyr. Bu sungatyň bilermenleri S.Jepbarowyň “Şasenem we Garyp”, “Leýli we Mejnun” ýaly dessanlary ýerine ýetirişine, nusgawy şahyrlaryň sözlerine döreden aýdymlaryna uly baha beripdirler.
Meşhur bagşylar halkymyzyň hakydasynda hemişelik saklanýar. Olar hakynda rowaýatlar, aýdymlar döredilýär. Türkmen dessanlaryny ýerine ýetirijileriň çykyşlary, Magtymguly Pyragynyň, Seýdiniň, Zeliliniň, Keminäniň, Mollanepesiň sözlerine döredilen aýdymlar milli saz medeniýetiniň “altyn gaznasyna” girdi.
Garaşsyz Türkmenistanda bagşyçylyk sungatynyň çuňňur öwrenilmegi hem-de giň wagyz edilmegi halk sazandalaryna we dessançy bagşylara goýulýan belent hormatyň aýdyň subutnamasydyr. Zehinli bagşylar döwlet derejesinde sylaglanyp, hormatly atlara mynasyp bolýarlar. Türkmen milli konserwatoriýasynda bagşylary taýýarlamak boýunça ýörite bölüm bar. Şeýle hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýöriteleşdirilen sungat mekdepleri bar. Daşoguz welaýatyndaky Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde belli halk sazandalarynyň, ussat bagşylaryň, türkmen halk sazyny we nusgawy şygryýeti wagyz edijileriň döredijiligine bagyşlanan sergi hereket edýär. Bu welaýatda ady rowaýata öwrülen köp sanly dessançylar bolupdyr. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde halkymyzyň esasy saz guraly bolan türkmen dutaryna ýadygärlik dikeldildi. Bu welaýatda Gündogaryň aýdym-saz piri hasaplanýan Aşyk Aýdyň piriň aramgähi ýerleşýär.
Häzirki döwürde türkmen halk saz gurallary dürli orkestrleriň düzüminde sazlaşykly ulanylýar, dutar milli saz sungatynda möhüm orny eýeleýär. Dutarçylaryň sungat ugry has-da giňedi. Olar diňe bir türkmen sazlaryny däl, eýsem, dünýäniň beýleki halklarynyň sazyny, şol sanda nusgawy eserleri ýerine ýetirip, dürli konsert maksatnamalaryna gaýtalanmajak özboluşlylyk girizýärler.
Şöhratly sazandalaryň, ussatlaryň döredijiligi belli sazandalary, ýaş ýerine ýetirijileri we aýdymçylary belent sepgitlere ruhlandyrýar. Meşhur türkmen bagşylarynyň däplerini dowam etdirijiler bu sungaty yzygiderli kämilleşdirýärler. Yzgant obasyndaky
Mälikguly Berdimuhammedowyň adyny göterýän Medeniýet köşgünde geçirilen şu günki çäre türkmen sungatynyň döwrebap derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Medeniýet köşgüniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Döwlet baýdagy belentde pasyrdaýar. Bu ýerde dikilen ak öýler, häzirki zaman ussalarynyň döreden ajaýyp eserleri, haly önümleri, ajaýyp milli lybaslar, zehin siňdirilip çekilen suratlar, halk bagşylarynyň we sazandalarynyň sungaty bilen utgaşýan çeper keşdeler bu ýerde guralan çärä özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Dabara gatnaşyjylaryň öňünden paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň obalaryndan, şäherlerinden gelen aýdymçylar, döredijilik toparlary geçýär. Olar öz ussatlyklaryny, ýerine ýetiriş äheňlerini, asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän aýdym-saz sungatynyň halka ýakyndygyny, joşgunlydygyny görkezmek maksady bilen bu günki çärä gatnaşýarlar. Bu çärä şöhrat gazanan ussatlar bilen bir hatarda, ýaş bagşy-sazandalaryň, çagalar döredijilik toparlarynyň gatnaşýandygy bellärliklidir. Munuň özi sungat ýörelgeleriniň nesilden-nesle geçýändigini, milli medeniýetiň özboluşlylygyny hem-de köpöwüşginliligini saklaýandygyny alamatlandyrýar. Festiwala gatnaşyjylaryň dabaraly ýörişini ýaşulular bilen çagalaryň başlamagynda özboluşly many bar.
Bu ýerde festiwala gatnaşyjylar duz-çörek bilen, ýaş sazandalar toparynyň ýerine ýetirýän ajaýyp aýdym-sazlary bilen garşylandy.
Medeniýet köşgüniň eýwanynda Ahal welaýatynyň dutarçylar toparynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem bu ýerde türkmen halkynyň gadymy durmuşy we medeniýeti barada gürrüň berýän muzeý gymmatlyklarynyň sergisi guralypdyr, ady rowaýata öwrülen türkmen bagşy-sazandalarynyň suratlary goýlupdyr.
Köşgüň konsert zalynyň sahnasynyň bezegi türkmeniň ak öýüne çalymdaş äheňde ýerine ýetirilipdir. Bu ýerde döredijilik gözden geçirişe gatnaşyjylaryň hemmesi bar. Dabarany alypbaryjy hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilen ýylyň çäklerinde geçirilýän döredijilik festiwalynyň başlanýandygyny yglan edýär. Ýurdumyzyň häzirki döwürde meşhur bolan medeniýetini we sungatyny saklamak we hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda yzygiderli alada edýän milli Liderimize hoşallyk sözleri aýdyldy.
Milli toý dessuryna laýyklykda, jarçy şu günki çäräniň aýratynlyklaryny dabara tomaşa edýänlere ýetirýär.
Ähli welaýatlardan we paýtagtymyzdan gelen halk aýdym-saz sungatynyň wekilleri gezek-gezegine çykyş edýärler. Her bir çykyş birnäçe bölümden ybarat bolup, olarda saz gurallary görkezilýär, dessançylaryň çykyşlaryndan parçalar aýdylýar, şeýle hem aýdym sungatynyň birnäçe görnüşi ýerine ýetirilýär.
Festiwala gatnaşyjylar diňe bir dutara däl, eýsem, gyjaga, gargy we dilli tüýdüklere ussatlyk bilen erk edişlerini görkezdiler. Şeýle hem tomaşaçylar beýleki gadymy saz gurallarynyň owazlaryny diňlediler.
Çeper sungatyň köpasyrlyk däpleriniň esasynda kemala gelen sazandalyk ýörelgeleri diňleýjilere edýän täsirini birjik-de peseltmeýär. Munuň şeýledigine şu günki festiwala gatnaşyjylar anyk göz ýetirdiler.
Dessanlardan aýdylan parçalar, belli türkmen şahyrlarynyň goşgularyna döredilen ajaýyp aýdymlar has-da täsirli boldy. Mälim bolşy ýaly, dessançy bagşylar eserleriň gahrymanlarynyň ähli hereketlerini, oý-pikirlerini beýan edýärler. Olaryň gussa batyp, şatlanyp, dürli duýgulary başdan geçirip ýerine ýetirýän dessanlary tomaşaçylar üçin gyzykly bolýar. Munuň özi dutar kirişlerinden çykýan owazyň türkmen halkynyň döredijilik ýörelgelerini beýan edýändiginiň subutnamasydyr.
Ussat bagşy-sazandalaryň ýanynda hemişe şägirtler bolýar. Şeýlelikde, halypa-şägirt mekdebi, aýdym we saz sungatynda özboluşly ugur kemala gelýär. Häzirki nesiller türkmen halk sazlaryny ýerine ýetirmek däplerini saklamak bilen, olary ösdürýärler. Saz döredijilere we olary häzirki günlere ýetiren bagşylara deňleşmegi umyt edýän ýaşajyk bagşylar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhuny öz çykyşlarynda wasp edýärler.
Aşgabat şäheriniň zenan bagşylar toparynyň çykyşy has-da täsirli boldy. Dutara ussatlyk bilen erk eden zenan bagşylarymyzyň ukyplary, olaryň kähalatlarda ussat bagşylardan öňe geçýändigi hakynda halk rowaýatlary az däldir. Ajaýyp türkmen halylarynyň inçeligi bilen dutarda ýerine ýetirilýän täsirli sazyň arasyndaky baglanyşyk barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň “Ile döwlet geler bolsa...” kitabynda «Müňlerçe çitimlerden emele gelýän ajaýyp haly nagyşlary dutaryň owazyny döredýän äheňlere çalymdaşdyr» diýip, milli Liderimiz belleýär. Döwlet Baştutanymyz ady rowaýata öwrülen zenan bagşylaryň sungatyny dowam etdirijileriň hatarynda Nurjemal Adyýewany, Sülgün Meretgeldiýewany, dessançy bagşy Akjagül Myradowany, Nabat Nurmuhammedowany we döwürdeşimiz, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Annajemal Nurmuhammedowany, Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowany, Şemşat Hojaýewany görkezýär. “Türkmen owazy” teleýaýlymynda, “Miras” we “Owaz” tele we radio ýaýlymlarynda çykyş edýän ýaş bagşylar bilen bir hatarda, halk sazlarynyň çylşyrymly ugurlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirýän zenan bagşylaryň bardygy bizi guwandyrýar diýip, milli Liderimiz öz kitabynda belleýär.
Bu sözler şu günki geçirilen festiwalda ussatlyk görkezen zenan bagşylaryň çykyşlarynda tassyk boldy.
Milli saz sungatynyň köpugurly aýratynlyklaryny beýan eden sazly sahna oýunlaryny ýerine ýetirijileriň çykyşlary şahyrana duýgulara baý boldy. Tomaşaçylaryň yzygiderli elçarpyşmalary ajaýyp çykyşlary ýaýbaňlandyran ussatlara berlen mynasyp baha boldy.
Festiwalyň maksatnamasynyň jemleýji bölüminde Ahal welaýatynyň döredijilik toparynyň, Türkmen milli konserwatoriýasynyň dutarçylar toparynyň, D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň tüýdükçiler toparynyň, Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň halk saz toparynyň bilelikdäki çykyşy ýaýbaňlandyryldy.
Köpöwüşginli festiwal Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, beýik işleriň sakasynda duran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlanan “Arkadag” atly aýdymyň has-da belentden ýaňlanmagy bilen jemlendi. Oňa festiwala gatnaşyjylaryň hemmesi goşuldy. Tomaşaçylar bu aýdymy ör turup, Garaşsyz Türkmenistany parahatçylygyň we ösüşiň belentliklerine tarap ynamly alyp barýan milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde elçarpyşmalar bilen diňlediler.
Konsertiň ahyrynda festiwala gatnaşyjylary sylaglamak dabarasy boldy. Olara ýörite diplomlar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.