Ï Paýtagtymyzyň «Köpetdag» sport toplumynda Aşgabadyň «Altyn asyr» topary bilen Iordaniýanyň «Al-Wihdat» toparynyň arasynda Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Kubogy ugrunda toparlaýyn tapgyryň duşuşygy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzyň «Köpetdag» sport toplumynda Aşgabadyň «Altyn asyr» topary bilen Iordaniýanyň «Al-Wihdat» toparynyň arasynda Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Kubogy ugrunda toparlaýyn tapgyryň duşuşygy geçirildi

view-icon 996
Oýnuň 90 minudynyň dowamynda hasap açylmady. Oýnuň birinji ýarymynyň dowamynda komandalaryň ikisiniň hem toparlaýyn tapgyryň final oýunlarynyň öň ýanynda güýjüni aýaýandygy aýdyň boldy. Pökgi geçirmeleriniň ençemesine eýe bolan oýun işjeň we okgunly hereketlere baý bolmady. Diňe kähalatda ol ýa-da beýleki derwezäniň golaýynda howply ýagdaýlar bolup geçdi.


Oýnuň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Ýazguly Hojageldiýewiň we Dmitriý Koržyň şägirtleri tizligini artdyrdylar we birnäçe gezek derwezä hüjüm etdiler, emma bäsdeşleriň derwezebanynyň ussatlygy “Al-Wihdat” toparyny gutulgysyz goldan halas edýärdi. Duşuşygyň jemleýji minutlarynda iordan futbolçylary pökgä eýe çykdylar, şonda bolsa Aşgabadyň toparynyň derwezebany öz ussatlygyny görkezmeli boldy. Netijede, kanunalaýyk deňme-deň oýun 0:0 boldy.

1/8 finala çykmak ugrunda “Al-Ahed” (Liwan) we “Al-Hadd” (Bahreýn) toparlarynyň hem bäsleşýän “A” toparyndan bolan bäsdeşleriň şu günki duşuşygy jogap oýny boldy. Geçen aýyň ortasynda Amman şäheriniň Halkara stadionynda geçirilen birinji duşuşykda “Al-Wihdat” we “Altyn asyr”– 1:1 hasaby bilen deňme-deň oýnadylar. Oýnuň barşynda ýer eýeleri utuş gazanmak üçin jan çekdiler.


Deňme-deň oýnalan oýundan soň, Aşgabat toparynyň 6 utugy bolup, toparda ikinji orny saklamaga ýardam etdi. “Al-Wihdat” üçünji orunda galmak bilen, “Altyn asyrdan” 1 utuk yza galýar. Birinji orny bolsa “Al-Ahed” eýeläp, ol şu gün ugurdaş geçirilen duşuşykda “Al-Hadd” toparyny 1:0 hasaby bilen ýeňmegi başardy. Ol 9 utuk toplap, 1/8 finalda özüne orun gazanmagyny üpjün etdi.


Toparlaýyn tapgyryň dowamynda “Altyn asyr” duşuşyklaryň ýene ikisini geçirmeli. 26-njy aprelde türkmen futbolçylary myhmançylykda “Al-Ahed” bilen bäsleşerler, 10-njy maýda bolsa Aşgabatda “Al-Haddy” kabul ederler.

AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşlara 8 topara bölünen komandalaryň 32-si gatnaşýar. Diňe her topardan ökde komandalaryň ikisi medallar ugrunda bäsleşmegi dowam edip bilerler. Ýaryşlaryň jemleýji tapgyry 25-nji maýda badalga alýar. Şonda biz 2015-nji ýylda Türkmenistanyň iň güýçli futbol toparyny — “Altyn asyry” hem görmegi umyt edýäris.