Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň çäklerinde guralan döredijilik duşuşygynyň hem-de “Türkmen keçesi — bahar ýaýlasy” atly serginiň açylyş dabarasy boldy.
Bu çäre häzirki eýýamda keçe basmagyň — goýun ýüňünden hili we gözelligi boýunça deňi-taýy bolmadyk ajaýyp keçe döretmegiň gadymy hünäriniň milli däplerini wagyz etmek hem-de ösdürmek maksady bilen ýurdumyzyň ähli sebitlerinde geçirilen keçe hem-de türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergileriniň jemleýji tapgyryna öwrüldi.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan serginiň açylyş dabarasyna medeniýet we sungat ulgamynyň paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlardaky döwlet edaralarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik birleşikleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan keçe taýýarlamak boýunça iň ussat gelin-gyzlar duşuşygyň hormatly myhmanlary boldy.
Milli taryhy öwrenmek, dünýäde türkmen halkynyň maddy we ruhy gymmatlygyny gorap saklamak hem-de giňden wagyz etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ugur «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylda aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Keçe — bu türkmen zenanlarynyň köpasyrlyk tejribesini, gadymy däp-dessurlaryny, başarnygyny hem-de çeper döredijiligini özünde utgaşdyrýan halk senetçiliginiň eseri. Meşhur türkmen el halylary ýaly, keçe ata-babalarymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolupdyr hem-de bu gün ýylylyk we rahatlyk döredip, owadan nagyşlary bilen begendirip hem-de adamyň saglygyna oňyn täsir edip, şäher we oba öýlerinde ýere düşemegiň serişdesi bolup hyzmat edýär. Täze ýumşak keçäniň üstüne hormatly orna çagyrylmagy myhmana uly hormat bildirilmeginiň nyşany bolup durýar.
Açylyş dabarasynda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň asyrlaryň çuňluklaryndan gelýän gadymy milli däplerimizi gorap saklamak we baýlaşdyrmak baradaky uly aladalary, döwlet çäreleriniň, şol sanda bu ulgamda kanunçylygy kämilleşdirmek babatda çäreleriň görülmegi netijesinde, türkmen halkymyzyň özboluşly amaly-haşam sungaty täzeden galkyndy. Ýurdumyzda hemme ýerde Medeniýet merkezleri we öýleri hem-de sungat mekdepleri döredildi. Olarda döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar halk senetçiligi bilen meşgullanmaga çekilýär. Bu bolsa ýaşlarda umumydünýä medeniýetiniň altyn gaznasyna giren milli ruhy we maddy gymmatlyklarymyza bolan buýsanjy terbiýelemäge ýardam berýär. Bu işde täsin taryhy gymmatlyklaryň saklanýan ýeri bolan muzeýlere, ýurdumyzyň ylym we bilim edaralaryna aýratyn orun degişlidir.
Keçe etmegiň däpleriniň hem döwürdeşlerimiz tarapyndan ösdürilýändigi nygtaldy. Haly fabrikleriniň keçe bölümlerinde ussat gelin-gyzlar nusgawy nagyşly hem-de täze gölli ajaýyp keçe önümlerini döredýärler. Çykyş edenler ýurdumyzyň dürli sebitlerinde keçe taýýarlamagyň çeper köpdürlüligi hem-de tehniki aýratynlyklary barada, nagyşlaryň manysy we gurluşy, ýüň ýüplükler üçin tebigy reňkler, şeýle hem amaly-haşam sungatynyň bu görnüşinde sowgatlyklaryň öndürilişi barada täze ylmy barlaglardan maglumatlary getirdiler.
Dabaranyň çäklerinde ýurdumyzyň sebitlerine wekilçilik edýän ussat gelin-gyzlaryň tapawutlananlary milli keçeleri taýýarlamak sungatyny ösdürmäge goşan goşandy üçin Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hormatly sylaglaryna mynasyp boldular, şeýle hem olara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Sergide häzirki zaman ussatlary tarapyndan döredilen keçeleriň hem-de keçe ýüňünden taýýarlanan beýleki önümleriň nusgalarynyň örän köp görnüşleri, şeýle hem XIX asyryň ahyryna — XX asyryň başyna degişli hakyky gadymy gymmatlyklaryň 100-e golaýy görkezildi. Olaryň arasynda “tumarça”, “burmaly tüýnük”, “gözenek barmak”, “goçak”, “saýlan”, “gülýaka”, “älem nagyşly byçgy” ýaly düşemäge niýetlenen keçeler, ikitaraplaýyn gölli keçeler nagyşlarynyň gadymylygy bilen tapawutlanýar.
Sergide meşhur türkmen suratkeşi A.Hajyýewiň eserleriniň äheňleri boýunça ýerine ýetirilen “Pagta” hem-de “Gürrüňdeşlik” diýen keçeler aýratyn ünsi çekýär. Keçeden taýýarlanan sowgatlyk önümler ussat gelin-gyzlaryň döredijiligi hem-de işleriniň inçeligi bilen haýran etdi. Sergide şeýle hem keçe basylyşynyň gamyşdan örülen boýranyň we dürli reňkli goýun ýüňüniň peýdalanmagy bilen häzir neneňsi dowam etdirilişi serişdeler arkaly şekillerde görkezildi. Türkmen zenanlarynyň keçe basyşyny ajaýyp reňklerde şekillendiren suratkeşleriň owadan eserleri serginiň bezegine öwrüldi.
Döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar sergini gözden geçirmegi tamamlanlaryndan soňra, “tegelek stoluň” başynda keçe basmakda halkymyzyň däplerini mundan beýläk-de öwrenmek we wagyz etmek boýunça möhüm meseleleri hem-de milli amaly-haşam sungatynyň beýleki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdiler.
Bu ýere ýygnananlar ýurdumyzyň medeniýetine we sungatyna uly üns berýändigi hem-de aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde güýçlerini we bilimlerini, yhlaslaryny hem-de ukyplaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.