Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly şygar astynda geçirilýän bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çäreleriniň biraýlygy dowam edýär. Bu giň möçberli çäre türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuşyň esas goýujy ýörelgeleriniň berkarar bolýandygynyň nobatdaky aýdyň nusgasyna öwrüldi. Milli Liderimiz şol ýörelgä eýeriji we işjeň wagyz ediji bolup durýar.
Sport çäreleriniň bir aýlygynda ýurdumyzyň ähli raýatlary bilen bir hatarda, Watanymyzyň edermen goragçylary - esgerleri, serkerdeleri, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary işjeň gatnaşýarlar. Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda sport, bedenterbiýe-sagaldyş we medeni - jemgyýetçilik çäreleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň iri sport toplumlarynda, stadionlarda, Saglyk ýollarynda aýdym-sazly dabaralar guralýar, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar we milli oýunlar boýunça bäsleşikler geçirilýär. Bularyň ählisi sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde eziz Watanymyzyň abraýyny artdyrýar, sportuň medeniýetimiziň möhüm bölegine, gündelik durmuş ýörelgesine öwrülýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Milli Liderimiziň göreldesinden ruhlanýan harbylar Saglyk ýolunyň Köpetdagyň belent gerişlerindäki ýodalaryndan yzygiderli geçip, ajaýyp beden taýýarlygyny görkezýärler, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar, şol sanda köpçülikleýin welosipedli ýörişlere gatnaşýarlar. Mälim bolşy ýaly, 7-nji aprelde Bütindünýä Saglyk gününiň baýram edilmeginiň çäklerinde milli Liderimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişiň başyny çekip, oňa müňlerçe türkmenistanlylar goşuldylar.
Hemişe kämilleşdirilýän kanunçylyk, ilkinji nobatda, üstünlikli durmuşa geçirilýän “Türkmenistanda 2011-2020-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek boýunça Milli maksatnamasy” berk bedenli ýaşlary terbiýelemekde hukuk binýadyny üpjün edýär. Bu maksatnamanyň netijesinde bu gün ýurdumyzda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar, sporty ösdürmek hem-de milletiň saglygyny berkitmek üçin döwrebap düzümler döredilýär, hususan-da, häzirki zaman, halkara ölçeglerine laýyk gelýän bedenterbiýe-sagaldyş we atçylyk sport toplumlary, köpugurly stadionlar, awtodromlar hem-de beýleki desgalar gurlup, olarda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin hemme şertler döredildi.
Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Aşgabatda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky çözgüdi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda sport ulgamynda uly üstünlikleri gazanan häzirki zaman Türkmenistanyň üstünlikleriniň ykrar edilmegine öwrüldi. Öňde boljak şol sport çäreleriniň esasy geçiriljek ýeri paýtagtymyz Aşgabatda gurulýan sebitde iri Olimpiýa şäherçesi bolar. Onuň düzümine 30-dan gowrak iri desgalar girer.
Ildeşlerimiziň daşary ýurtlarda geçirilýän abraýly ýaryşlarda gazanan köpsanly ýeňişleriniň milli Liderimiziň sporty ösdürmek baradaky şeýle uly aladasynyň netijelerine öwrülmegi doly kanunalaýykdyr. Şol ýeňişleriň hatarynda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň gullukçylarynyň gazanan ýeňişleri hem bar. Olar halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, ençeme gezek ýeňiji boldular. Ine, ýakynda Türkmenistanyň IIM-niň wekili Gülbadam Babamuratowa Türkiýäniň Samsun şäherinde dzýudo boýunça Gran-pri tapgyrynda geçirilen ýaryşda nobatdaky altyn medalyny gazandy. Bu üstünligi üçin oňa hormatly Prezidentimiziň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy.
Mundan başga-da, ýene-de birnäçe harby gullukçylary agzap geçmek gerek. Ine, ýakynda geçirilen iri halkara ýaryşlarynda ildeşlerimiz Türkmenistanyň sportda gazananlarynyň üstüni birnäçe altyn medallar bilen ýetirip, ýurdumyzyň sportunyň abraýyny ýokarlandyrdylar. Harby gullukçylar Tirkişgeldi Aýazow (Goranmak ministrligi), Ylham Geldimämmedow (Milli howpsuzlyk ministrligi) hem-de Begenç Ýagmyrow (Döwlet gümrük gullugy) degişlilikde, Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde alyş guşakly göreşi boýunça Gran-pri tapgyrynyň halkara ýaryşynyň, Latwiýa Respublikasynyň Riga şäherinde kikboksing boýunça däp bolan halkara ýaryşynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Orenburg şäherinde guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynyň ýeňijileri boldular.
Watanymyzyň edermen goragçylary öz öňlerinde duran wezipeleri göz öňünde tutup, milli göreşe, sambo, gündogaryň başa-baş söweşlerine uly üns berýärler. Olaryň sportuň bu görnüşlerindäki ýokary ussatlygyny ýakynda ýurdumyzda Milli goşunymyzyň söweşjeň taýýarlygyna geçirilen duýdansyz harby-taktiki tälim beriş hereketleriniň barşynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow kanagatlanma bilen belledi.
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy düzümleriniň ygtyýarynda gadymdan bäri türkmen jigitleriniň ynamly hemrasy bolan bedew atlaryň bardygyna-da ünsi çekmek gerek. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda atçylygy ösdürmek bilen bir hatarda, atçylyk sportuny ösdürmäge-de uly üns berilýär. Şonuň netijesinde harby gullukçylarymyz at çapmak sungatyny yzygiderli kämilleşdirýärler. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ygtyýarynda bolan ýyndam bedewler bolsa, däp bolan at çapyşyklarynda baýrakly orunlary yzygiderli eýeleýärler.
...Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary we serkerdeler düzümi sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, diňe bir “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” bir aýlygynyň günlerinde däl, hemişe sport bilen işjeň meşgullanýarlar. Öz harby borjuna çäksiz wepaly harby gullukçylar beden we ynsanperwer taýdan taýýarlyga gündelik üns berýärler—Watanymyza buýsanç duýgularyna beslenip, üstlerine ýüklenen jogapkärli wezipäni abraý bilen ýerine ýetirip, olar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beýik gazananlarynyň goragynda hüşgär durýarlar.