Ï Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Çarymyrat Söýünowyň 70 ýaşyna bagyşlanyp, onuň şahsy sergisi ýaýbaňlandyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Çarymyrat Söýünowyň 70 ýaşyna bagyşlanyp, onuň şahsy sergisi ýaýbaňlandyryldy

view-icon 727
Tomaşaçylaryň ilki üns berýän suratlary onuň dürli döwürlerde çeken üç sany awtoportretleridir. 1975-nji ýylda çekilen suratda ýaş adamyň döredijilik gözleglerini, aňyrsyna göz ýetirip bolmaýan durmuşda näme arzuw eden bolsaň hökman amala aşyrylmagyna bolan täze açyşlara bolan uly höwesi özüne jemleýär. 1983-nji ýylda çekilen suratda – sungatda gymmatlyklara öz garaýşyny beýan edýän adam. 1995-nji ýylda çekilen suratda bolsa, biziň ony häzirki wagtda tanaýşymyz ýaly, – salykatly we paýhasly. Ol eýýäm durmuşda gözlän zatlaryny tapdy we hudožnik hökmünde öz ornuny tapdy.


Şeýle hem bu hudožnigiň döredijiligi takmynan gözleglere we tapyndylara bölünýär. Daşkentiň çeperçilik institutynyň uçurymy Çarymyrat Saryýew ýönekeý galamy hiç wagt diýen ýaly öz ýanyndan aýyrmady. Bu ýönekeý galam bilen bloknotyň sahypalarynda oba hojalygynyň öňdebaryjylarynyň, mugallymlaryň, nebitçileriň we ýönekeý tanyşlarynyň portretleri döredi.

Azyrak soňra ýönekeý galamyň döredýän nepis şekilleri akwarel bilen çalyşdy we portretler gahrymanyň içki dünýäsini we häsiýetini beýan etmek bilen, manyly häsiýetli boldy. Bularyň barysy Çarymyrat Söýünowyň zehinli portretçi bolmagyna alyp bardy. Muny serginiň bezegine öwrülen iki sany suraty hem tassyklaýar. Olaryň biri “Gelin” diýlip atlandyrylýar. Ondaky bize seredip duran gelin tomaşaçyny diňe bir özüniň owadanlygy we juwanlygy bilen haýran galdyrman, eýsem içki ruhy päkligi bilen hem haýran galdyrýar. Onuň ýüzüniň näziklik bilen şöhle saçmagy ondan gözüňi aýyrman seredip durmaga maýyl edýär.


Portreyçiniň zehini – bu adamyň çeperçilik taýdan many çykarmagynyň, onuň baý, käwagtlar bolsa içki dünýäsine garşy many çykarmakda ukyby bolup durýar. Beýleki bir portretiň aşaky gyrasynda “Akyldar” diýen ýazgy bar. Başy selleli ak sakgally ýaşuly giň göwrümde we realistik taýdan çekilipdir. Işiň atlandyrylyşyna okamazdan onuň hakykatdan hem akyldardygyny bilip bolýar.

Ekspozisiýada bir wagtyň özünde watandaşlarynyň portretleri bilen birlikde taryhy tematikanyň hem peýzažlary görkezilýär. Öňler arheologiýa bilen gyzyklanmasy – Aşgabadyň çeperçilik hünär okuw mekdebiniň okuwçylarynyň Marguşa, Köneürgenje, Nusaýa bolan saparlary – Çarymyrat Saryýew üçin yzsyz ýitip gitmedi. Ýetginjek Gadymyýetiň taryhynyň orta asyr ussatlarynyň saklanyp galan mozaika nagyşlaryny aýratyn üns bilen synlapdyr hem-de eger-de olar abat saklanyp galan bolsa nähili bolandygyny göz öňüne getirýär. Bu gyzyklanma hudožnigiň döredijiliginiň düýpli öwrülişigine getirdi. Ol mozaikaçy boldy.Dostlary we kärdeşleri ony bir ädim daşda durmagyny ündedi, Çarymyradyň işleri portretçiniň adatdan daşary zehinine şaýatlyk edýärdi. Ýöne hudožnik öz pikirinde berk durdy we uzak wagt geçmän hem Döredijilik şäherçesiniň binalarynyň diwarlarynda Çarymyrat Söýünowyň beýleki ussatlaryň awtordaş bolmaklarynda ilkinji üç pannosy peýda boldy.


Çarymyrat Saryýewiň pannosy haly düşegini ýatladýar. Ol zergärçilik bezeglerinde şekilleri, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň wekillerini şekillendirende haly göllerini ýörite ulanýar. Onuň ulanýan ähli zatlary gündogar bezeg stilistikasynda çuňňur milli we özboluşly häsiýete eýedir.

- Monumental sungaty aýratyn möhüm artykmaçlyga eýedir – ol hemmeler üçindir – diýip, Çarymyrat Saryýew nygtaýar. – Onuň üçin muzeýe ýa-da hudožnigiň ussahanasyna gidip oturmaly däl, bu eserler öz owadanlygy bilen her gün geçip barýanlary begendirip, biziň aramyzda ýaşaýar.

Bu günki gün Çarymyrat Saryýewiň mozaika pannosy Marynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň, Mary we Daşoguz welaýat kitaphanalarynyň binalaryny bezeýär. Täsin iş – diwar bezegi – Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň Medeniýet öýüniň bezegine öwrüldi. Sergide bu bezeg işiniň umumy görnüşi we bölekleri görkezildi. Oba adamlarynyň durmuşyndan parçalar hudožnik tarapyndan goýy-gyzyl, gök we ak reňkleriň kontrastyndan netijeli ýagtylyk-kölegäni peýdalanmak bilen dekoratiw-plakat žanrynda ýerine ýetirilipdir. Bu eserleri synlamak bilen, hudožnik Çarymyrat Saryýewiň yhlasy bilen bizi gurşap alýan dünýä has aýdyň we ýagty görünýär diýip, aýtsak öte geçdigimiz bolmaz.