Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergi zalynda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň saýlama tapgyry geçirildi.
Dünýä ýüzi asyrlarboýy ahalteke bedewleriniň gaýtalanmajak gözelligine we ajaýyplygyna, ýyndamlygyna we çydamlylygyna haýran galyp geldi. Ady rowaýata öwrülen behişdi bedewlerimiziň keşbi bäsleşige gatnaşyjylary ajaýyp işleri döretmäge ruhlandyryp, şol işler baýramçylyk sergisiniň esasyny düzdi. Ady äleme dolan behişdi bedewler türkmen halkynyň milli buýsanjy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna uly goşandydyr.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda guralan sergi ady belli, şeýle hem döredijilik ýoluna gadam basan awtorlaryň ussatlygyny açyp görkezdi. Bu ýerde ýurdumyzyň ähli künjeklerinden bäsleşige gatnaşyjylaryň işleriniň 400-e golaýy görkezildi. Sungatyň özboluşly we ýokary çeperçilik eserleri bolup durýan suratlarda, haly önümlerinde we pannolarda ahalteke bedewiniň keşbi janlandyrylýar.
Şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleriniň baş gahrymanlary bolan türkmen bedewlerine bagyşlanan eksponatlar asyrlarboýy wasp edilýän bedewlere egsilmez söýgi bilen birleşdi. Işleriň hemmesi milli nyşanymyzyň — ahalteke bedewiniň türkmen halkynyň durmuşynda, ykbalynda, taryhynda eýeleýän möhüm ornuny beýan edýän dürli öwüşginli sahnalara beslendi.
Behişdi bedewlerimizi bezemek üçin niýetlenen zergärçilik önümleri işleriň arasynda aýratyn orun eýeleýär. Olar altyndan we kümüşden ýasalyp, gymmat bahaly daşlar bilen sünnälenipdir. Bürünçden, gipsden we beýleki serişdelerden ýasalan bedewleriň heýkelleri bolsa biri-biriniň üstüni sazlaşykly ýetirip, ahalteke atlarynyň gözelligini we syrdamlygyny beýan edýän bir bitewi kompozisiýany döredýär.
Ajaýyp bedewler hakynda ençeme rowaýatlar we tymsallar ýazylyp, olara türkmen şahyrlarynyň goşgulary, meşhur aýdymlaryň ençemesi bagyşlandy. Tebigatyň döreden bu täsin jandarlaryna bolan söýginiň çägi ýokdur. Bu söýgi türkmen kalbynda hemişelik orun aldy.
Giň sergi zalynda köpasyrlyk atçylyk däpleri, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň, atçylyk sportunyň ösüşi barada gürrüň berýän fotosuratlaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy.
Ýurdumyzyň dizaýnerleri hem şu günki sergini döredijilik ylhamlary bilen baýlaşdyrdylar. Olaryň taýýarlan, hatarynda hökman at hem bolan küşt çöpleriniň özboluşly çeperçilik kompozisiýasy 2017-nji ýylyň Aziýa oýunlaryna bagyşlandy. Mälim bolşy ýaly, küşt boýunça bäsleşikler Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi.
Çeperçilik serişdeleri arkaly ahalteke bedewlerini giňden ýaýmaga gönükdirilen behişdi bedewleriň hormatyna döredijilik çäresiniň geçirilmegi soňky ýyllarda däbe öwrüldi.
Bäsleşigiň emin agzalarynyň toparyna ýurdumyzyň belli medeniýet we sungat işgärlerinden, atşynaslaryndan başga-da, ýokary derejeli daşary ýurtly hünärmenler hem girdi.
Bäsleşigiň jemleri Türkmen bedewiniň baýramynyň hormatyna geçiriljek dabaralaryň barşynda jemlener.