Milli sport we syýahatçylyk institutynda paýtagtymyzyň mekdep okuwçylary üçin “Açyk gapylar” güni geçirildi. Institutyň maslahatlar zalynda “Türkmenistanda motosportuň ösüşi” ady bilen maslahat geçirildi.
Paýtagtymyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinden 1 müňe golaý okuwçy bu ýokary okuw mekdebiniň myhmanlary boldular. Institutyň mugallymlary we talyplary mekdep okuwçylaryna hünär saýlamakda kömek etmek maksady bilen “Açyk gapylar” gününi geçirdiler. Bu çäräniň barşynda olar okuwçylara türgeniň ýa-da tälimçiniň haýsy häsiýetleri özünde kemala getirmelidigini düşündirdiler. Özüňde pugta erki, kämillige bolan höwesi, ýeňşe bolan ynamy berkitmegiň ugurlary hemmeler üçin gyzykly boldy. Umuman, olara durmuşyňy, geljekki iş hünäriňi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn ähmiýet bermeginde täze ösüşe eýe bolan sport bilen baglanyşdyrmagyň aýratynlyklary barada aýdyldy.
Institutyň muzeýindäki türkmen türgenleriniň iri halkara ýaryşlarda, şol sanda dünýä we Aziýa çempionatlarynda gazanan köp sanly ýeňişlerine şaýatlyk edýän maglumatlar şu aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Institut boýunça guralan tanyşlyk gezelenjiniň barşynda myhmanlara talyplaryň gazanan üstünlikleri, dünýä birinjiliginde eýelän medallary, olaryň halkara derejesinde geçirilen ýaryşlarda mynasyp bolan Kuboklary, geçirilen halkara ýaryşlarda gazanan ýeňişleri barada gürrüň berildi.
Ýurdumyzyň ussat türgenleri geljekki kärdeşleri üçin okuw sapaklaryny geçirdiler, şeýle hem olara kiçi futbol, tennis, woleýbol, basketbol, tanap çekişmek, şu okuw ýylynda mekdep uniwersiadasynyň maksatnamasyna girizilen “ýedi top” ýaly milli oýunlarda ukyplaryny synap görmeklerini teklip etdiler.
Ýokary synp okuwçylaryna häzirki döwürde dünýä ýüzünde uly meşhurlyk gazanýan sportuň beýleki görnüşleri boýunça güýçlerini synap görmek teklip edildi. Teklip edilýän bu oýnuň halkymyzyň “çekişme” oýnuna örän ýakyndygyny bellemeli. Oňa gatnaşyjylar taýagyň bir ujundan tutup, garşydaşy öz tarapyna çekmeli. Ýakyn wagtda Aşgabatda we ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde sportuň bu görnüşi boýunça şäherara we milli ýaryşlary guramak meýilleşdirilýär.
Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň artykmaçlyklaryny beýan eden bu çäräniň ahyrynda has tapawutlanan okuwçylara sylaglar gowşuryldy. Olaryň köpüsi hereket edýän sport türgenleşiklerine ýazylyp, özleri üçin sport ugruny saýlamagy ýüregine düwendiklerini aýtdylar. Munuň özi ýaşajyk türkmenistanlylar üçin geçirilen möhüm çäräniň oňyn netije berendiginiň subutnamasydyr.
Şeýle hem institutda türkmen türgenleriniň we tälimçileriniň gatnaşmagynda “Türkmenistanda motosportuň ösüşi” ady bilen maslahat geçirildi. Onda çykyş edenler ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ösdürilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa alkyş sözlerini aýtdylar. Her ýylda paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde onlarça täze sport bölümleri açylýar. Ýakynda ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sporty merkezinde täze döwrebap motosport bölümi açyldy. Ol motosport boýunça ýurdumyzda bar bolan asylly ýörelgeleri dikeltmäge, motosporta höwesjeň toparlaryň okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirmäge, ussat türgenler toparyny taýýarlamaga gönükdirilendir.
Türgenlerde diňe bir beden sagdynlygyny däl, eýsem, ýokary jogapkärçiligi, kämil usuly terbiýeleýän sportuň bu görnüşiniň örän köp artykmaçlygy bar. Ol özüňe bolan yzygiderli jogapkärçiligi we ýokary derejeli ünsi talap edýär. Aşgabatda sport binýadynyň açylmagy sportuň bu görnüşine höwesekler üçin giň mümkinçilikleri üpjün edýär. Ýakyn geljekde motosport ulgamyna höwesjeň ýaşlary çekmek we sportuň bu görnüşiniň ähli usullaryny çuňňur öwrenmek, döwrebap kadalary, usullary we türgenleşikleri özleşdirmek işlerine girişiler.
Ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sporty merkezinde täze sport şahamçasynyň açylmagynyň hormatyna 16-njy aprelde bu ýerde awtomobil sporty boýunça ýaryşlar geçiriler. Onuň maksatnamasyna 125 kub santimetr möçberli hereketlendirijisi bolan “Halkara” derejeli ulaglarda, şeýle hem “Volkiсar” ýaryş ulaglarynda bäsleşikler guralar.