Ï Türkmenistanyň Hudožnikler birleşiginiň Sergi merkezinde ýurduň häzirki zaman şekillendiriş sungatyny beýan edýän işler görkezilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Hudožnikler birleşiginiň Sergi merkezinde ýurduň häzirki zaman şekillendiriş sungatyny beýan edýän işler görkezilýär

view-icon 913
Sergi paýtagtyň durmuşynyň aýdyň wakasyna öwrüldi. Ony ýurduň şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlaryny görkezýän hudožnikleriň işleri düzdi. Dürli stilistikada ýerine ýetirilen işler türkmen topragynyň, adamlaryň, tebigatyň we medeniýetiň taryhyna we häzirki gününe köp ugurly täsirli žiwopis garaýşy görkezýär. Köp ugurly döredijiligi ileri tutmak bilen, aýdyň awtorlyk garaýşy nygtaýan işler adaty, üýtgeşik – öwrenşilen, aýdyň-möçberli – takatly görnüşdäki işler ajaýyplyklary görmäge mümkinçilik döredýär.

Ekspozisiýa ene topragyň owadanlyklaryny wasp edýän Wepa Orazberdiýewiň peýzažy bilen açylýar. Onuň döredijiliginde Köpetdagyň etekleriniň žiwopis poetikasyny çuň manylygy bilen baýan edýän işler uly orun tutýar. Olar realistik usulda döredilip, daglaryň gözelligine guwanmak, şonuň bilen bir hatarda hem, gözelligini nygtamak bilen, reňkleriniň sazlaşygy we ýagtylyk öwüşgini, şekilleriň göwrümliligi bilen özüne çekýär. Salykatly usulda, žiwopis landşaftynyň owadanlygyny we obrazlylygyny inçelik bilen beýan edýän “Aýyň ýagtysy” şeýle işleriň biridir.


Impression usulda işleýän peýzažçy Baýramdurdy Berdiýew öz çeper interpretasiýasyny dag tematikasynda beripdir. “Japbaklar”, ”Güýz”, ”Çüli”, “Aprel” ýaly polotnolar awtoryň özboluşly döredijilik usulyny görkezýär. Olaryň özüne maýyl edijiligi we täsirligi olaryň ýanynda uzak wagtlap durmaga borçly edýär. Kompozision we reňk bütewiligi, ýumşak palitrada we irizmeýän akwarel çalmalary hat-da weýran bolan öý ýa-da ýykylan diwarlar hem estetiki lezzet almagyň predmetine öwrülýär.

Aşyrmuhammet Kulyýewiň peýzažlary düýbünden başgaça garaýar. Hudožnik öz eserlerini gamaşyk howada çekmegi halaýar. Gamaşyk howa oňa durmuş barada filosofiki pikir etmäge borçly edýär. Onuň “Ýagyşly gün”, “Ýagşyň öňisyrasynda”, “Gamaşyk howa” ýaly peýzažlary tomaşaçylara hem, ýagty tukatlygy örtmek bilen, pikirli ýagdaýy berýär.


Hudožnik-awangardçy Polat Garryýew öz işlerinde realistik ýazuwy ulanypdyr, ýöne her bir tomaşaçy awtor bilen we daşky gurşaw bilen çekeleşmä girip, ony özüçe kabul edýär. Megerem, diňe suratyň özi awtoryň garaýşyny göni, ýiti we filosofiki taýdan berýär.

Awangardizmiň wekili Mämmet Ýarmämmedow öz döredijiliginde tekizligi ulanýar. Muny awtoryň “Garpyz-gawunlar” atly natýurmort eserinde has hem aýdyň görmek bolýar. Mämmediň awtorlyk ugry monumental žiwopisçiniň kölegelendirme usulyna baýdyr. Onuň çeper ýazuw usuly örän özboluşlydyr. Şonuň üçin hem olar hem tomaşaçylary, hem sungaty öwrenijileri özüne çekýär.


Beýleki bir awangardistiň – Amandurdy Jumanyýazowyň işlerini baý reňk gammasy tapawutlandyrýar. Onuň peýzažlary, natýurmortlary çylşyrymly sýužetlere baý bolmasa-da, olar kontrast reňkler, durmuş energiýasyna şöhle saçýan we pozitiw hyjuw bilen şöhle saçýar. Goý ol gijeki görnüşdäki ikinji planda gyzyl tamly ak-gara reňkde çekilen bag bolsun, ýada dürli reňklerde çekilen gapdalyndan salynan jaýly howlyň arka ýüzündäki öý – hudožnige tomaşaçyny hakykata filosofiki taýdan üns berdirmäge çalşyp, artykmaçlyklardan gaçmak başardýar.

Belli lebaply hudožnik Rahman Umarowyň ekspozisiýa gatnaşmagy – žiwopisi gowy bilýänler ony söýýänler üçin uzak wagtlap garaşdyran waka boldy. Onuň döredijilik dünýäsi – sagdyn we hakyky, ýöne bolup biläýjek giňişlikde açylmadyk owadanlyk we çuňňur many bar. Ondan gyzykly adatdan daşary işlere sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar, we ol hiç haçan hem tomaşaçylary gynandyrmaýar. Bu sergide onuň görkezen suratlar tapgyrndan - “Natýurmort” günüň, ýeliň we otlaryň ysy gelip duran ýaly bark urýan meýdan güllerinden bogulan gül çemeni, “Telär” mylaýym peýzaž1y, “Ymtylyş”, “Azatlyk” stanok we beýleki işleri bar. “Azatlyk” portretinde awtor kölüň üstünde gaýyp ýören jübüt gazy suratlandyrypdyr. Suratda, ony temanyň özi talap edýär, uly giňişlik we howa, sýužetiň gysgalygy we ýumşak reňk gammalary daşky gurşaw bilen sazlaşygy duýmak bilen, awtoryň dünýägaraýşyny güýçlendirýär.


Monumentalçy Modyýew diwar mozaikasy üçin eskizler tapgyryny görkezdi. Olar esasan hem nagyşly kompozisiýalardan ybarat bolup, taryhy sýužetleri beýan edýär. Meselem, “Gündogaryň alymlary”, we beýleki ýaşaýyş durmuşyndan alynan, “Gyş gawunlary” ýaly eserleri nepis gündogar stilistikasyna birleşdirilendir.

Hudožnik Dilber Umarowa özüniň keramika işleri bilen tomaşaçylaryň ünsüni çekdi. Onuň surat çekiş usuly hemmä belli bolup, sergilere gatnaşýanlaryň arasynda meşhurlyga eýedir. Ýakylan toýundan ýasalan şekiljikler özüne çekigiji güýje eýedir, olara ýylgyrman seretmek mümkin däl. “Agtyklar” atly kompozisiýasyna neneň gülmejek, onda eşegiň üstüne oturan atalarynyň ýanyna agtyklary bökýär. Milberiň işlerine her sapar seredeniňde hudožnigiň çäksiz fantaziýasyna, akgöwünliligine we sypaýy degişmesine geň galýarsyň.


Suratlaryň döredijilik dünýägaraýşynyň we dünýäni kabul edişiniň dürli-dürliligi, hudožnikleriň eserleri hakykaty kabul etmegiň, çylşyrymly, köp gatly we many-mazmuna baý, käwagt bolsa gysga we sada, çylşyrymly, çuň manyny we söýgüni gözlemekde zehin sazlaşygy birleşdirýär. Dünýä we özüňe garaýyşyň täsiri bilen olaryň manyly we filosofiki ýazuwlaryna syn etmek biziň durmuşymyzy aýdyň we oýlanyşykly ýagdaýa öwürýär.