Ï Amerikanyň iri sungat merkezleriniň biri bolan Metropoliten muzeýinde “Köşk we köşk ulgamy: Seljuklaryň beýik eýýamy” atly sergi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Amerikanyň iri sungat merkezleriniň biri bolan Metropoliten muzeýinde “Köşk we köşk ulgamy: Seljuklaryň beýik eýýamy” atly sergi açyldy

view-icon 1557
Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň toplumlarynyň ilkinji gezek daşary ýurtda görkezilýändigi bellärlikli ýagdaýdyr. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldaw bermegi netijesinde mümkin boldy we 2016-njy ýylyň 11-nji aprelinde güýje giren “Gozgalýan milli taryhy-medeni mirasy goramak, getirmek we äkitmek hakynda” Kanunyna laýyklykda, ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklarynyň daşary ýurtlarda işjeň görkezilýändigini bellemeli.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň taryhyny toplumlaýyn we çuňňur ylmy esasda öwrenmek, saklamak, wagyz etmek hem-de onuň maddy-ruhy mirasyny baýlaşdyrmak döwletimiziň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu işleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda ýurdumyzyň muzeýlerine möhüm orun degişlidir. Olar milletiň taryhy-medeni mirasyny goraýjylar, ýurdumyzyň iri ylmy merkezleri hasaplanýar. Halkymyzyň bäş müň ýyllyk taryhy, özboluşly medeni dessurlary, Türkmenistanyň täze eýýamda ýeten derejeleri muzeýleriň gymmatlyklarynda öz beýanyny tapýar.


Muzeý işini kämilleşdirmek meseleleri döwlet syýasatynyň medeniýet ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýar we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns merkezinde saklanýar. Hormatly Prezidentimiz biziň taryhy-medeni gymmatlyklarymyz diňe bir milli däl, eýsem, umumadamzat ähmiýetine eýedir diýip nygtaýar. Milli mirasymyzy, taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak we öwrenmek babatda möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegine döwlet tarapyndan goldaw berilmegi, bu ulgamda abraýly halkara guramalary we dünýäniň iri muzeýleri bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegi uly ýardam berýär.

Bu serginiň ýurdumyzda yglan edilen Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylyna gabat gelmeginde aýratyn many bar. Şunuň bilen baglylykda, bu ýerde guralan milli sergi bölümi köp sanly daşary ýurtlularyň türkmen halkynyň durmuşyna çuňňur aralaşmagyna, Seljuklar döwletiniň gülläp ösen döwri barada taryhy maglumatlar bilen tanyşmagyna ýardam edýär.


Ýurdumyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Marynyň taryhy we ülkäni öwreniş we Köneürgenjiň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriniň gymmatlyklary Gadymy Merwde Beýik Seljuklar döwletiniň döwründe sungatyň ösüş derejesi hakynda giňişleýin maglumat almaga mümkinçilik berýär.

Gündogaryň medeniýet merkezleriniň biri bolan bu şäher ХI asyrda Beýik Seljuklar döwletiniň baş şäheri hökmünde has-da gülläp ösüpdir. 1118-nji ýyldan başlap, seljuklaryň iň soňky soltany Sanjar Maryny döwletiň paýtagtyna öwrüpdir. Şol döwürde bu şäheriň baýlygy has-da artypdyr we gözelligi bilen haýran galdyrýan beýik binalar, metjitler we köşkler gurlupdyr.

Seljuklar döwleti Palestinadan başlap, Hytaýa, Eýrandan we Owganystandan Aral deňzine çenli bolan aralygy eýeläpdir. Soňra Çingiz hanyň çozuşlary mahalynda mejbury göçen oguz nesilleri döwlet dörediji kuwwatlyklaryny saklap galypdyrlar we Gündogarda Kawkazdan Hindistana, Günbatarda bolsa Türkiýä çenli bolan giňişlikde birnäçe garaşsyz emirlikleri, hanlyklary döredipdirler.


Merwiň rowaýata öwrülen taryhy dünýäniň arheologiýa ylmynyň wekilleriniň ünsüni özüne çekýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji ýyllaryndan başlap, türkmen hünärmenleriniň London uniwersitetiniň arheologlary bilen bilelikde guramagynda Merw boýunça köpýyllyk halkara taslamasy amala aşyrylýar. Otuz ýyl mundan ozal bu ýerde “Gadymy Merw” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň döredilmegi bilen, geçen asyrlaryň ajaýyp binagärlik ýörelgelerini öwrenmek boýunça ägirt uly işlere giň gerim berildi. Üç ýyl mundan ozal medeniýet ulgamy boýunça türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň ösüşini aňladýan möhüm taslamalaryň biriniň durmuşa geçirilmegine badalga berildi. “Medeni mirasy saklamak” döwlet departamentiniň maksatnamasynyň çäklerinde ABŞ-nyň Ilçi gaznasynyň gönükdiren serişdelerine laýyklykda, orta asyr binagärlik ýadygärligi bolan Uly Gyz galany abatlamak işleri üstünlikli alnyp barylýar.

Seljuklaryň dolandyran döwründe, aýratyn-da, Soltan Sanjaryň döwründe gurluşyk ulgamy has-da ösüpdir. Şol döwürde düýpli binagärlik ýörelgeleriniň nusgalyk derejesi döredilipdir. Şol mahallar şäheriň çägi 1500-1800 gektara barabar bolup, Ýakyn Gündogaryň Damask, Aleppo, Ierusalim ýaly şäherlerinden pes bolmandyr. Merwiň gerimi ХII asyrdan ХIV asyra çenli döwürde Günbatar Ýewropanyň Pariž, Bolonýa, Milan, Neapol ýaly şäherlerinden has uly bolupdyr.

Orta asyr Merw şäheri — häzirki Soltangala şäheri Soltan Sanjaryň kakasy Mälik şanyň hökümdarlyk eden döwründe gurlupdyr. Şäheriň merkezinde metjitden, birnäçe jemgyýetçilik edara binalaryndan we soltanyň kabulhanasyndan ybarat bolan binalar toplumy ýerleşipdir. ХII asyryň kyrkynjy ýyllarynda bu topluma häzirki günlere çenli saklanyp galan orta asyrlar binagärliginiň ajaýyplygy bolan Soltan Sanjaryň aramgähi hem giripdir. Şäherde Şähriýar-ark diýen köşk esasy orunda bolupdyr. Onuň içki bezeglerinde köşgüň häzirki döwürlere çenli saklanyp galan galyndylaryny we desganyň ajaýyp bezeg serişdelerini görmek bolýar. Onda Seljuk soltanlarynyň ýokary döwlet geňeşi mejlisleri gurapdyr.


Şol döwürde Merwiň köçeleriniň ýakasynda metjitler, medreseler, kitaphanalar we has belli adamlaryň ýaşaýyş jaýlary gurlupdyr. Senetkärçilik, şol sanda dokmaçylyk, küýzegärlik, demir işläp bejermek, zergärlik has ösüpdir. Merwiň ýüpek, nah we ýüň matalary, küýzegärçilik önümleri bu döwletiň daşynda uly islegden peýdalanypdyr we halkara söwda gatnaşyklarynyň esasyny düzüpdir. Medeniýetiň ýokary ösüş derejesi ylmyň ösmegine täsir edipdir. Merwden giň meşhurlyk gazanan köp sanly alymlar, şahyrlar çykypdyr. Olaryň hatarynda özlerine Merwezi / Merweli (aslym Merwden) tahallusyny alan belli filosoflar, astronomlar, lukmanlar, edebiýatçylar we taryhçylar bolupdyrlar.

Orta asyr sene ýazgyçylary Merw kitaphanalarynyň musulman dünýäsinde iň gowularynyň biridigi barada öwran-öwran nygtapdyrlar.

Belli arap geografy we jahankeşdesi Ýakut Merwiň kitaphanasynda işläpdir we geografiýa boýunça meşhur işini döredipdir. Soltanyň obserwatoriýasynda Gündogaryň belli alymy Omar Haýýam işläpdir. Ol bu ýerde şol döwür üçin dürs hasaplanan senenamany döredipdir.


Merw şäheri Merkezi Aziýanyň öňdebaryjy medeni merkezleriniň biri bolupdyr. Bu ýerde gündogar halklarynyň maddy we ruhy gymmatlyklarynyň esasy bölegi saklanypdyr. Merwiň Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşmegi dünýäniň dürli ýurtlarynyň täjirleri üçin has-de ähmiýetli bolupdyr. Hut şu ýere Hytaýdan täjirler gelipdirler, soňra bolsa ýüküni tutan söwda kerwenleri çar tarapa ýol salypdyrlar.

Gadymy döwürlerden bäri Ýewropa bilen Aziýany baglanyşdyrýan ugur Gündogaryň we Günbataryň halklarynyň arasynda özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine oňyn täsir edipdir we dünýä medeniýetiniň ösüşine aýratyn goşandy bolupdyr. Orta asyr ýazuw çeşmeleri munuň şeýledigini tassyklaýar.

Gadymy Merwiň 1999-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi bu şäheriň diňe bir türkmen halkynyň buýsanjy bolman, eýsem, tutuş adamzadyň gymmatlygydygyny aňladýan anyk subutnamadyr.

Sergä gatnaşyjylar gadymy Merwe we Merw ýaýlasynyň beýleki şäherlerine degişli ajaýyp gymmatlyklaryň tutuş toplumyny synladylar. 1040-njy ýylda seljuklar gaznawy soltany Masudyň ykjam ýaraglanan goşunlarynyň garşysyna bolan söweşde ýeňiş gazanan ýeri bolan we ady rowaýata öwrülen Daňdanakan barada köp zatlary bilmek bolýar, şondan soň bu ýerler seljuk serkerdebaşylary, Gündogaryň iň beýik döwletleriniň biriniň döremeginiň başlangyjyny goýan doganlar Togrul begiň we Çagry begiň eline geçýär.


Geçen asyryň ortalarynda türkmen arheologlary Daňdanakanyň çäginde geçiren gazuw-agtaryş işleriniň barşynda kaşaň metjidiň mährabynyň üstüni açdylar. Mährap zerur gurluşyk serişdelerini ulanmak arkaly tehniki kesijileriň kömegi bilen ýerine ýetirilipdir we yslam dünýäsiniň ajaýyp sungatyny alamatlandyrýar. Sergide bu mährabyň has anyk bölekleriniň üçüsi görkezilýär. Olaryň ikisi tutuşlygyna şekiller bilen örtülen ýarym sütünden we mährabyň gönüburçlugynyň bezegini emele getiren ýazgylar saklanyp galan bir sütünden ybaratdyr.

Bu ýerde görkezilýän milli gymmatlyklaryň arasynda tansçylaryň keşbi şekillendirilen we şahyrana ýazgylar bilen örtülen tutawyjy bolan özboluşly küýze bar. Ol ХI-ХII asyrlaryň keramiki gaplarynyň aýratyn görnüşi bolmak bilen, ol baýramçylyk geçirilende ulanylypdyr. Bu küýze Gadymy Merwiň baý öýleriniň birinden tapylypdyr.


Birnäçe ownuk bürünç gymmatlyklar şol döwürde Merwde ussat senetkärleriň bolandygyna şaýatlyk edýär. Olar gündelik durmuşda ulanylýan senetleri örän çeper görnüşde döredipdirler. Lukmançylyk serişdeleri, naşyja çemçe, ikitaraply susak dürli ýazgylar we nagyşlar bilen bezelipdir. Altyndan edilen zenan bilezikleri has-da gymmatly bolup durýar. Olaryň biri örän çylşyrymly görnüşde edilip, beýleki ikisi birmeňzeş içki bezegli bileziklerdir. Olar ýarym asyr mundan ozal Murgap derýasynyň ýakasynda, türkmen-owgan serhediniň ýakynynda ýerleşýän Merwerud şäheriniň galyndylarynda gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan altyn teňňeler hazynasynyň arasyndan çykypdyr.

Seljuk eýýamynyň binagärlik bezeginde ulanylan reňkleriň seýrek duş gelýän doýgun görnüşi haýran galdyrýar. At üstündäki çapyksuwar şekillendirilen dokuzburçly ýyldyz görnüşdäki zümerret plitalaryň ähmiýetiniň örän ýokarydygyny bellemeli. Merhum bolan atanyň şekilini janlandyran we mukaddes ýerde oturdylan daş heýkel bu ýerde görkezilen gymmatlyklaryň esasylarynyň biridir. Türkmen halkynyň gadymy taryhyna degişli maglumatlaryň üns merkezinde bolandygyny bellemeli. Ozal habar berlişi ýaly, ýurdumyz şunuň ýaly giň möçberli halkara çäresine ilkinji gezek gatnaşyp, özüniň taryhy gymmatlyklaryny wagyz edýär.

Keramiki aýnalardan, gipsden edilen şekillerden, ýazuw resminamalardan, matadan, agaçdan we demirden edilen önümlerden ybarat bolan gymmatlyklaryň 270-e golaýy Amerika, Ýewropa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň, şahsy muzeýleriň gymmatlyklary üçin guralan sergide görkezildi.

Mowzuklaýyn sergini Merkezi Aziýanyň seljuklar soltanlarynyň we belli hökümdarlarynyň atlary bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary açýar. Onda teňňelerdäki we binagärlikdäki ýazgylar, gips nyşanlary, şa goşunyny, emirleri we köşk gullukçylaryny şekillendirýän gymmatlyklar Beýik Seljuklar köşgi barada gürrüň berýär.


Beýleki bir bölümde soltanlaryň durmuşy we olaryň köşk durmuşy barada gips eserlerinde, küýze, metal önümlerinde, kitap sungatynyň seýrek duş gelýän bezeg görnüşlerinde we beýleki serişdelerde gürrüň berilýär.

Şekillendiriş sungatyna aýratyn bölüm bagyşlanypdyr. Ylymda, lukmançylykda we tehniki ulgamda gazanylan üstünlikler manuskiptlerde öz beýanyny tapypdyr. Şeýle hem şol döwrüň ylym we lukmançylyk usullary barada gürrüň berilýär. Yslam dünýäsiniň irki döwürlerine degişli suwaryş ulgamy baradaky maglumatlar aýratyn üns berilmegine mynasyp boldy. Beýleki ähmiýetli gymmatlyklaryň hatarynda görkezilýän bu çylşyrymly suwaryş guraly Mekgä barýan ýoly kesgitlemek we ybadat edilende Kybla tarapy anyklamak üçin ulanylandyr diýip bolar.

Jemleýji, altynjy bölüm ýadygärlikler bilen baglanyşykly dessurlara bagyşlanypdyr. Bu ýerde mazarüsti daşlaryň dürli nyşanlary, merhumy jaýlamakda ulanylýan enjamlar, bezegli matalar we seljuklaryň mazarlaryndan tapylan beýleki serişdeler görkezilýär.


Sergide seljuk eýýamynyň binagärligine degişli dürli görnüşleri şekillendiren fotosuratlar mynasyp orun eýeleýär.

Şu sergi mynasybetli alymlar we giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenen baý bezegi bolan gollanma taýýarlanypdyr.

1872-nji ýylda esaslandyrylan Metropoliten muzeýiniň ABŞ-nyň iri sungat muzeýleriniň we dünýäniň iri muzeýleriniň 10-synyň biri bolup durýandygyny bellemeli. Onuň binalar toplumynda 2 milliona golaý gymmatlyklaryň saklanýandygy, olaryň 100 müňüsiniň sergide goýlandygy bellärliklidir. Muzeýe her ýylda 6 milliondan gowrak adam gelýär.

Sergi şu ýylyň 24-nji iýulyna çenli dowam eder.