Ï Marynyň welaýat kitaphanasy Gadymy Merwiň kitaphanalarynyň mirasdüşeri hasap edilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Marynyň welaýat kitaphanasy Gadymy Merwiň kitaphanalarynyň mirasdüşeri hasap edilýär

view-icon 5675
Türkmen halky elmydama kitaba bilimiň çeşmesi hökmünde oňa uly hormat goýupdyr, ony bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk hasap edipdir. Biziň ata-babalarymyz: “Köp ýaşan bilmez, köp okan biler” diýip aýdypdyrlar. Kimde-kim Gündogaryň taryhy we medeniýeti bilen gyzyklanýan bolsa, onda ilkinji kitaphananyň “akademiýa” ady bilen müňlerçe ýyl mundan ozal Türkmenistanyň demirgazyk sebitiniň merkezi bolan Daşoguz şäherinden uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän Köneürgençde dörändigini bilýändir. Gadymy Merw hem kitaphanalary bilen şöhrata eýe bolupdyr.


Merwiň orta asyr kitaphanalarynyň taryhy VII asyrdan, haçan-da Sasanidleriň soňky şasy Ýezdiger III 651-nji ýylda, araplaryň yzarlamalaryndan gaçyp, Sasanidler döwletiniň paýtagtynyň we beýleki şäherleriniň şa gymmatlyklaryndan awesta we orta pars (pehlewe) dillerinde ýazylan gymmatly golýazmalary özi bilen Mara alyp gelende başlaýar. Taryhy maglumatlara görä, bu kitaplar IX asyryň başynda halyf al Mamunyň dolandyran döwründe Merwde ýerleşdirilipdir. 813-nji ýylda ol Merwde ýerleşip, şol ýere wagtlaýynça halif şahanasyny göçüripdir. Mamun Merwde öz töweregine iň meşhur orta aziýa alymlaryny toplapdyr. Şunlukda ol olar bilen “Akyldarlaryň öýüniň” düzümini berkitmek isläpdir. Ylmy edara şeýle atlandyrylypdyr. Bu ýere şol döwrüň iň gowy terjimeçileri ýygnanypdyr. Olar antik we ellinistik döwrüniň alymlarynyň we akyldarlarynyň eserlerini arap okyjylarynyň gymmatlyklaryna öwrüpdirler. Mamunyň ylma howandarlyk edýändigi baradaky gürrüňler Orta Aziýanyň uzak künjeklerine eşidilipdir. Hemme ýerlerden alymlar bu ýere ýygnanypdyr. Halyfyň howlusynda bolmaklary olar üçin ylmy gözlegleri alyp barmaga giň mümkinçilikleri açypdyr.

Merw Soltan Sanjar döwründe has gülläp ösüpdir. Syýahatçylar Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän bu şäheri Horasanyň Mukaddesligi diýip atlandyrypdyrlar. Bu şäher Orta Aziýada “ylmy şäherleriň” ilkinjileriniň biri bolupdyr. Bu ýerde meşhur matematikler we lukmanlar, şol sanda meşhur astronom we alym Omar Haýýam hem, ýaşapdyrlar we işläpdirler. Arap alymy Ýakut Merwiň uly kitaphanalary barada täsin maglumatlary getirýär. Ol şol ýerdäki kitaplary ulanmak bilen, özüniň “Ýurtlaryň sözlügi” kitabyny tamamlamak üçin Merwde üç ýyl ýaşapdyr. Ýakudyň aýtmagyna görä, Merwiň uly kitaphanalary medreselere degişli bolupdyr. Merwdäki Seljuklaryň beýik weziri Nizam al-Mülk tarapyndan esaslandyrylan medrese, gürrüňsiz, iň möhüm desgalaryň biri bolupdyr. Ýakutyň ýazyşy ýaly, Merwde ajaýyp kitaplaryň köp hazynasy bar. Aziýe medresesinde 12 müň, Nizam al-Mülk medresinde – Samanidlere degişli uly kitaphanalaryň ikisi we ýene-de Amidiýe medresesinde we Hatuniýe kitaphanasynda üç sany kitaphana bar. Özi hem kitaphanalardaky kitaplaryň köpüsi ýeke-täk nusgada bolupdyr.


Gadymy Merwde, bütin yslam dünýäsinde bolşy ýaly, “Akyldarlaryň öýüniň” aýratyn gurluş görnüşi bolupdyr. Adatça olar aýratyn binalarda ýerleşipdir. Merkezde – uly, owadan bezelen gümmezli jaý bar. Diwarlary agardylypdyr, käbir ýerleri gülli mramor bilen bezelipdir. Gapa owadan tutylar tutulypdyr, pola haly düşelip, onda okyjylar oturypdyrlar. Kitaplar agaç şkaflarda saklanypdyr, has gymmatlylary, (ilkinji nobatda Gurhanyň nusgalary) – ýörite tekjelerde ýerleşdirilipdir. Kitaplary saklamaga aýratyn üns berlipdir, olaryň aýawly saklanylmagyna sahib jogap beripdir. Ol okyjylaryň hemmesine kagyzyň, syýanyň we peronyň mugtuna berilmegine gözegçilik edipdir. Bu ýere gelýänler esasan hem okamaga däl-de, göçürmek üçin gelipdirler. Kitaphanalarda “akyldarlaryň” çekeleşikli söhbetdeşligi üçin ýörite zallar bolupdyr. Erkekler üçin niýetlenen kitaphananyň üçeginde obserwatoriýa ýerleşipdir. Okyjylar filosofiýa we din taglymatlary baradaky ylmy eserleri okap bolanlaryndan soňra ýyldyzly asmany synlamakdan lezzet alypdyrlar. Zenanlar kitaplardan kulinariýa baradaky, ýüze we bedene seretmek baradaky, ruhy we ahlak baradaky bilimleri öwrenipdirler. Marynyň welaýat kitaphanasyny Gadymy Merwiň kitaphanalarynyň mirasdüşeri hökmünde hasap etse bolar. Häzirki kitaphana – bu sebitiň medeni durmuşynyň aýratyn görnüşi bolup durýar. Bu ýerde diňe bir ajaýyp gyt neşirler saklanylman, eýsem ol häzirki zaman multifunksional merkezi bolmak bilen, onda sergiler, ylmy maslahatlar, meşhur adamlar bilen duşuşyklar geçirilýär.



Medeni syýasaty edebi eserlerde beýan edilýän ruhy mirasy, taryhy we medeniýeti saklamaga we tanyşdyrmaga gönükdirilen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça kitaphananyň täze binasy 2011-nji ýylyň oktýabr aýynda guruldy. Şäheriň merkezinde bina edilen bu bina şar görnüşinde bolup, ony sütünleriň 62-si saklaýar. Onuň beýikligi 42 metrdir. Birbada 600 okyjyny kabul etmäge mümkinçiligi bolan bu täze kitaphana 3 milliona çenli kitaby saklamaga mümkinçiligi bardyr. Bu ýere gelýänlere diňe bir kitap we döwürleýin neşirler hödür edilmän, eýsem internet-kafesi hem olaryň hyzmatyndadyr. Maslahatlary we simpoziumlary, şol sanda halkara derejeli hem, geçirmek üçin 300 we 50 orunlyk iki sany maslahat zaly bar. Kitaphananyň üçeginde obserwatoriýanyň ýerleşmegi onuň aýratyn tapawutlanýan ýeridir. Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, kitaphanalarda obserwatoriýalaryň ýerleşdirilmeginiň aýratyn manysy bardyr. Astranomiki we geofiziki gözegçiligi etmek we öwrenmek – dünýäniň we ýurduň ylymynyň iň möhüm ugurlarynyň biridir.

Şeýle hem kitaphanada gadymy neşirler - ýaşy ýüzlerçe ýyl bolan kitaplary we golýazmalary saklanylýan ýörite zaly bar. Ýörite dikeldiş ussahanalaryň bolmagy kitaplary ýokary derejede gaýtadan dikeltmäge mümkinçilik berýändigini aýdyp geçmeli. Kitaphananyň muzeýinde geçen asyryň başlarynda latyn şrifti bilen türkmen dilinde neşir edilen türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlary – Keminäniň, Mätäjiniň, Seýdiniň, Zeliliniň eserleri, “Şasenem we Garyp”, “Leýli we Mežnun” dessanlary saklanylýar. Kitaphananyň ajaýyp eksponatlarynyň biri hem – arap elipbiýinde neşir edilen Alişer Nowaýynyň “Ylmyhal”, arap dilinde ýazylan “Muhammediň ömür beýany” eserleridir. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Janly rowaýat” we “Imýa dobroýe netlenno” kitaphananyň işgärleriniň buýsanjy bolup durýar. Bu kitaplar döwlet baştutany tarapyndan kitaphananyň açylyş dabarasynda kitaphana söwgat hökmünde berildi.


Kitaphananyň işgärleri öz okyjylary bilen işleri täzeçe gurnamak bilen, kitaphananyň köp ugurlylygynyň doly derejede ulanmaga çalyşýarlar. Marynyň welaýat kitaphanasy açyk jemgyýetçilik “meýdançasyna” öwrüldi. Onda okamagy, söhbetdeş bolmaga, geçen asyrlaryň genji-hazynasy bolan gymmat bahaly edebiýat bilen tanyş bolmaga, hatda teleskop arkaly älem giňişligine syn etmäge hem ähli mümkinçilikler bar. Serişdeleriň we hyzmatlaryň sazlaşykly birleşmesi, kitaphananyň häzirki zaman maglumatlar-medeni merkezine öwrülmegine uly itergi berýär.