Bu çäre Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Sport baradaky döwlet komitetiniň, Aziada-2017-niň Ýerine ýetiriji komiteti we Milli sport we syýahatçylyk institutynyň (TMSweSI) başlangyçlary bilen geçirildi.
TMSweSI Meýletinçiler merkeziniň ýolbaşçysy Enejan Muhammedowanyň nygtaýşy ýaly, maslahatyň çäklerinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy. Hususan-da ýokary okuw mekdepleriniň meýletinçiler merkezleriniň ýolbaşçylarynyň bu jemgyýetçilik talyplar guramalarynyň öňünde durýan wezipeler barada hasabatlary diňlenildi. Ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri halkara meýletinçiler hereketlerini öwrenmek maksady bilen geçirilýän çäreler, şol sanda bäsleşik häsiýetli hem, barada gürrüň berdiler.
Ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda we gönüden göni Sport we syýahatçylyk institutynda ABŞ-nyň hünärmenleriniň üçüsiniň iňlis dilini öwrenmek boýunça alyp barýan ýörite guralan okuw sapaklarynda meýletinçileriň dil taýýarlygy bilen bagly meseleler üns merkezinde boldy.
Maslahatyň çäklerinde golaý wagtda Olimpiýa şäherjiginde sambo we söweş sambosy boýunça geçiriljek Aziýanyň Çempionatynyň test ýaryşlaryna meýletinçileri taýýarlamak seljerildi.
Biziň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän çagalar sagaldyş merkezleriniň binýadynda Milli meýletinçileriň gatnaşmaklarynda sport ýaryşlaryny geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Soňky iki ýylda şunuň ýaly iş tejribesi Sport we syýahatçylyk institutynyň meýletinçileri amala aşyrýarlar. Bu çäre Gökderäniň sagaldyş merkezlerinde mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminde sport bilen meşgullanmakalary üçin uly ähmiýete eýe bolup durýar.
TMSweSI Meýletinçiler merkeziniň wekilleri beýleki ýokary okuw mekdeplerindäki öz kärdeşlerini öz maksatlaýyn bedenterbiýe-sagaldyş çäreleriniň maksatnamasy bilen tanyşdyryp, bu işlere olaryň goşulyşmaklaryny teklip etdiler. Bu bolsa çagalar sport hereketini ösdürmek boýunça umumydöwlet strategiýasynyň amala aşyrylmagyna mynasyp goşant bolar.