Ýaryşlar türkmen paýtagtyndan 35 kilometr uzaklykda ýerleşýän Gäwers sebitlerinde geçirildi. Gök meýdançanyň asmanynda shematiki planýorlar we dürli hereketlendirijili modeller uçup ýokary galýardy, elektrolýotlar bulutlaryň aşagynda emaý bilen uçýardy, ýerden dolandyrylýan “pilotažžyklaryň” hereketlendirijileriniň sesi eşidilýärdi. “Kiçi awiasiýanyň” aerodromynyň howa giňişliginde ýaş modelçiler tarapyndan göýberilen raketalar uçýardy.
“Kiçi awiasiýanyň” ýaş konstruktorlarynyň badalgalarynyň nähili geçendigi hakynda ýaryşyň baş emini Anatoliý Kabalkow şeýle gürrüň berýär,
- Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aşgabadyň awiasiýa kluby tarapyndan guralan ýaryşa Aşgabadyň, Türkmenbaşynyň, Marynyň we Ahal welaýatynyň mekdep okuwçylary we türgenleri gatnaşdylar. Olar erkin uçýan modelleriň klasy (planýorlar, rezinli we porşenli hereketlendirijili konstruksiýalar) boýunça ýaryşdylar. Iň ýaş ýaryşa gatnaşyjylar öz shematiki modelleriniň mümkinçiliklerini, tejribeli türgenler bolsa – uçarlaryň radiodolandyrylýan modelleriniň ýokary we çylşyrymly pilotažyny görkezdiler.
Ýönekeý konstruksiýalar görnüşinde A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta umumy bilim berýän mekdebiniň başlangyç synp okuwçysy Artýom Obrazsow hemmelerden gowy çykyş etdi. Aşgabadyň 7-nji orta mekdebiniň okuwçysy Döwran Annaberdiýew öz planýory bilen (A-1 klasly) ýeňiş üçin gerek bolan utugy gazanmagy başardy. Rezinli hereketlendirijili klas modelinde ýurduň iň ýaşuly türgenleriniň biri, Türkmenbaşydan Waleriý Degtýarýow ýeňiji boldy. Ol sportuň bu görnüşi bilen geçen asyryň ortalaryndan bäri meşgullanyp gelýär. Ol öz ogluna – ýurduň birnäçe gezek çempiony Pawel Degtýarýowa hem awiamodelizme bolan söýgüni oýardy. Bu ýaryşda bolsa onuň agtygy – Türkmenbaşy şäheriniň 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy Roman Degtýarýow – rezin hereketlendirijili modeller klasynda ýeňiji bolmagy başardy.
Her bir görnüş boýunça ýeňijini kesgitlemek üçin eminler toparyna birnäçe sagat gerek boldy. Olaryň kömekçileri bolsa – dürbi we sekundomer bolup durýar. Olar modeliň erkin uçuşda näçe wagt bolandygyny yzarlamaga kömek berýär. Bu ýerde hasap sekuntda ölçelýär, onuň her birine ball hasap edilýär, we umumy toplanan bal boýunça ýeňiji kesgitlenýär.
Konstruksiýanyň howada ýeňil we ýeňil uçmagy üçin birnäçe aýlap, käwagtlar bolsa ýyllap irginsiz zähmeti talap edýär. Ýöne, uçaryň häzirki zaman bäsleşige ukyply modelini taýýarlamak üçin diňe bir köp wagt talap etmän, eýsem häzirki zaman ýokary tehnologiýaly enjamlary hem talap edýär. Bu bolsa ýurduň we dünýäniň belli modelçileri bilen deň derejede ýykyş etmäge isleg bildirýän ýaş türgenleriň köpüsi üçin elýeterli däl. Şonuň üçin hem şu ýyl ýaryşlara diňe bir öz güýçleri bilen taýýarlanan awiamodeller göýberilmän, eýsem daşary ýurt firmalarynyň we kompaniýalarynyň ýokary uçuş hilli awiamodelleri hem göýberildi. Bu bolsa ýaryşa gatnaşyjy türgenleriň sanynyň köpelmegine şertleri döretdi. Bu düzgünler boýunça türgenler ganatlarynyň uzynlygynyň dört metre ýetýän planýorlaryň radiodolandyryjyly modelleri bilen ilkinji sapar çykyş etdiler. Telekeçi Rafael Mustafin sekiz uçuşyň netijeleri boýunça iň gowy wagty we takyk gonyşy görkezmegi başardy.
Ýaryş uçarlaryň radiodoladyryjyly modelleriniň uçuşy bilen tamamlandy. Bu meşhur görnüşde Aşgabatly sport ussady, halkara ýaryşlarynyň birnäçe gezek ýeňijisi, telekeçi Sähet Kulyýew ynamly ýeňiş gazanmagy başardy. Bu türgen tomaşaçylary we ýaryşa gatnaşyjylary özüniň ajaýyp ussatlygy bilen haýran galdyrdy. Onuň aýlawly modeli ýerine ýetirmegi, özi hem saz bilen utgaşdyrylyp, hiç kimi biparh goýmady.
Sport ussady Sähet Kulyýew awiamodel sporty bilen çagalyk ýyllaryndan bäri meşgullanyp gelýär. Esasan hem bu aşgabatly türgene dört ýyl mundan ozal awiasion modelizmiň bu görnüşi boýunça geçirilen ýaryş hakyky üstünlik getirdi. Ol şonda sportuň bu görnüşi boýunça halkara ýaryşlarynyň ýeňijileriniň biri boldy. Şondan bäri Sähet Ýewropanyň awiamodel sportunyň elitasyna goşuldy. Ol iň wekilçilikli halkara ýaryşlarynyň birnäçe gezek baýrakly orunlaryny eýelemegi başardy. Häzir hem biziň ildeşimiz şu ýylyň tomsunda geçiriljek ýewropanyň birinjiligi ugrunda geçiriljek ýaryşa ykjam taýýarlyk görýär.
Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen ýaryşda Aşgabat şäheriniň 55-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Myrat Annagulyýew ýeňiji boldy. Ol öz atasy – meşhur türkmen türgeni, ÝAK-12 uçarynyň nusgasy bilen çykyş eden türgen Myrat Ataýewden tälim alýar. Onuň ýaryş ulaglarynyň modelleri bilen çykyşy modelirlemegiň bu görnüşi bilen gyzyklanýan aşgabatlyly tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.
Awiamodel ýaryşlarynyň jemi jemlenende ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Aşgabadyň aeroklubynyň başlygy Ýoldaş Annagulyýew türgenlere diplomlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy. Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşlaryň indiki tapgyry 8-nji maýda geçirler.