Ï Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda Wolfang Amadeý Mosartyň hormatyna klassiki sazlaryň konserti geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda Wolfang Amadeý Mosartyň hormatyna klassiki sazlaryň konserti geçirildi

view-icon 781
Şu ýyl Awstriýanyň Zalsburg şäherinde dogulan örän ýiti saz zehini bolan oglanjygyň - Wolfang Amadeý Mosartyň doglan gününe 260 ýyl dolýar. Ol özüniň örän gysga ömründe – 35 ýaş – ol 20-den gowrak opera, konsertleriň we simfoniýalaryň 50-den gowragyny döretdi. Ony güneşli kompozitor diýip atlandyrmak kabul edilendir. Sebäbi onuň eserleri bagt şöhlelerini paýlaýar. Hatda gaýgyly pursatlarda hem Mosartyň sazy gözýaşlaryň arasyndan gülüp bakýar. “Gaýdn Mosaryň kakasyna, - Siziň ogluňyz meniň bilýän kompozitorlarymyň arasynda iň beýik kompozitorlaryň biri, onuň üşügi güýçli, mundan hem başga, onuň kompozitorlyk hünärini kämil bilmegi bar” – diýip, aýdypdyr.


Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda Wolfang Amadeý Mosartyň hormatyna klassiki sazlaryň konserti geçirildi. Konserwatoriýanyň sazandalary bu konserte ykjam taýýarlyk gördüler. Sebäbi ajaýyp sazy diňe mynasyp çalmagy – ýeňiljek, aýdyň, ruhubelentlik bilen çalmagy başarmaly. Bu agşama klassika sazlaryny söýýänler sabyrsyzlyk bilen garaşdylar.

Skripkaçy Jeren Babaýewa “4-nji skripka üçin konsert” atly konsert programmasyny açdy. Fortepýano tapgyryny halkara bäsleşikleriniň diplomanty Stella Faramazowa ýerine ýetirdi. Eýýäm kemençäniň birnäçe gezek ýokaryk galyp, aşak inenden soňra zaly kämil saz eseri gurşap aldy.


Indiki çykyş etmek hukugy Türkmenistanyň at gazanan işgäri Wladimir Mkrtumowa berildi. Ussat pianinoçy diňleýjilere Mosartyň “Fantaziýasyny” dabara bilen ýetirdi, diňleýjiler bolsa oňa şowhunly el çarpyşmalary bilen minnetdarlyk bildirdiler.

Konsertde Mosartyň eserleriniň jemi 12-si ýerine ýetirildi. Özi hem ussadyň eserlerini deňeşdirme bahasyny berip oturmak ýerliksiz bolar, ussat kompozitor tarapyndan ýazylan eserleriň ählisi hem biri-birinden gowy. Kompozitoryň eserleriniň ikisini – “Alliluýa” we “Hyýaly bagban gyz” operasyndan Serpettanyň ariýasyny ýerine ýetiren Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewany tomaşaçylar dowamly el çarpyşmalary bilen alkyşladylar.


Konsert “Kiçijik gijeki serenada” eseri bilen tamamlandy. Ony Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nikolaý Amiýansyň ýolbaşçylygynda konserwatoriýanyň kamera orkestriniň kirişli saz gurallary topary ýerine ýetirdi. Ýene-de şowhunly el çarpyşmalary. Bu sapar ol eserleri bilen adamlary hemişe haýrana goýan ajaýyp kompozitory mynasyp hormatlan konserte gatnaşyjylaryň ählisine gönükdirildi.