Ýeňiş baýramyna bagyşlanyp Milli welosport tehniki merkeziň birinjiligi ugrundaky ulularyň hem-de ýetginjekleriň arasynda geçirilen ýaryşyň ýeňijileri we baýrakly orunlary eýelänler kesgitlenildi. Baýraklar ugrunda ýaryş iki görnüş boýunça — Köpetdag şaýolunda aýratynlykda badalga almak hem-de Içeri işler ministrliginiň awtosport merkezinde geçirilen çykyp gitme ýaryşlary boýunça geçirildi.
Ýaryşa Aşgabadyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň toparlaryna wekilçilik edýän türgenleriň 50-den gowragy gatnaşdy. Aýratynlykda badalga almak boýunça geçirilen ýaryşda türgenler 21 kilometr aralyga güýç synanyşdylar. Ýetginjekleriň arasynda Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň toparyndan Saýlaw Gylyjow 35 minut 25 sekunt wagt görkezip, bu aralygy hemmelerden tiz geçdi. Onuň bilen bir toparda bilim alýan ýoldaşy Mukam Agaýew ýeňijiden ýedi minut gowrak pes netije görkezdi. Paýtagtymyzyň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň toparyndan Kemal Rejebow bürünç medala mynasyp boldy.
Ulularyň arasynda Kakabaý Ataýew (Ýokary sport ussatlygy mekdebi) altyn medala mynasyp boldy. Ol 21 kilometrlik aralygy 33,06 minutda geçdi. Milli tehniki merkeziň toparynyň wekili Iner Jumaýew (33,53 minut) hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Daşoguz welaýatyndan Orazmuhammet Nurmedow (35,04 minut) baýrakly üçünji orny eýeledi.
Ýetginjekleriň arasynda çykyp gitme ýaryşynda S.Gylyjow ýene-de altyn medala mynasyp boldy. K.Rejebow bolsa üçünji orny eýeledi. Ikinji orna bu gezek Saparmämmet Saparow (Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebi) mynasyp boldy.
Ulularyň arasynda ýaryşyň baş baýragyna Daşoguz welaýatynyň toparyndan Faruh Jumaýew eýe boldy. Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň türgeni Babageldi Seýitnazarow ýaryşyň kümüş medalyna mynasyp boldy. Bürünç medaly Iner Jumaýew eýeledi.
Milli welosport tehniki merkezi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçen ýylyň güýzünde döredildi. Täze sport guramasy açylan ilkinji günlerinden işe ykjam girişdi. Gurama diňe bir ýaryşlary geçirmek bilen çäklenmän, halkara hyzmatdaşlygyny hem ýola goýýar. Milli welosport tehniki merkezi Çehiýanyň belli «Duratek» kompaniýasy bilen döwrebap sport welosipedlerini we esbaplaryny satyn almak boýunça şertnama baglaşdy.
Mundan başga-da, Halkara welosipedçiler bileleşigi bilen türkmen türgenlerini Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlamak üçin tälimçi bilen şertnama baglaşmak barada gepleşikler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, welosport geljek ýyl Aşgabatda geçiriljek bu uly wekilçilikli toplumlaýyn oýunlaryň maksatnamasyna girýär.
Şu ýylyň baharynda Olimpiýa şäherjiginiň ýapyk welotreginde ilkinji milli ýaryşlar geçirildi. Tomus paslynda bolsa bu ýerde ýurdumyzyň welosipedçileri güýçli türgenleşik geçerler. Ýylyň ahyrynda Aziýanyň we Okeaniýanyň iň güýçli welosipedçilerini özünde jemlejek ilkinji halkara synag ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.