Belarus Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy. Onuň çäklerinde şäheriň ilaty we myhmanlar halkymyzyň döredijilik däpleri, baý mirasy we ýurdumyzyň häzirki zaman sungaty bilen tanşar.
Ynsanperwer ulgamda türkmen-belarus gatnaşyklarynyň nobatdaky medeni çäresi iki dostlukly halkyň gadymy ruhy gatnaşyklary saklamaga ygrarlydygynyň aýdyň beýany bolup, syýasatda we ykdysadyýetde ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm şertidir.
Bu gezekki Medeniýet günleriniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Belarus Respublikasyna resmi saparyna gabat gelmegi iki döwletiň medeniýet, ylym, bilim, sungat, syýahatçylyk we sport ulgamlaryndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga bolan gyzyklanmalarynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy şäheriň Respublika köşgünde geçirildi. Agşamlyk bu ýere Belarusuň hökümet wekilleri we şäher dolandyryş düzümleriniň, bu ýurtda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, döredijilik intelligensiýasynyň köp sanly wekilleri, belli sungat ussatlary, meşhur ýazyjylar, suratkeşler, artistler Minsk şäheriniň ilaty, myhmanlary we türkmen talyp ýaşlary ýygnandylar.
Belarus we türkmen tarapyndan çykyş edenleriň gutlag sözlerinde bellenilişi ýaly, medeniýet Türkmenistan bilen Belarusuň özara gatnaşyklarynyň ygtybarly binýady bolup durýar. Ruhy gymmatlyklaryň esasynda medeni gatnaşyklaryň netijesinde ýurtlary we halklary baglanyşdyrýan ruhy köprüler gurulýar. Şunuň ýaly ýakynlygy dostluga, parahatçylyga, gözellige we döredijilige bagyşlanan konserte tomaşa edenler has aýdyň duýdular.
Tomaşaçylar türkmen aýdym-sazlarynyň, tanslarynyň joşgunly çykyşlaryna höwes bilen tomaşa etdiler. Konsertiň maksatnamasyna milli saz sungatynyň nusgawy eserleri, häzirki zaman kompozitorlarynyň sazlary, täsirini ýitirmeýän gadymy halk aýdym-sazlary girizildi. Olar belarus aýdymlary, sungat ussatlarymyzyň ajaýyp çykyşlary bilen utgaşdy. Belarusuň meşhur aýdymlarynyň biri bolan “Belowežskaýa puşşa” köp nesilleriň söýüp diňleýän mukamydyr we ol bu gun has-da tolgundyryjy äheňde ýaňlandy.
Bagşy ussatlyk bilen halk dessanyny ýerine ýetirende, zala ümsümlik aralaşdy. Olar liriki owazlary diňläp, bagşa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. “Dehistan” folklor toparynyň joşgunly tanslary tomaşaçylaryň el çarpyşmalary bilen garşylandy. “Näzli” tans toparynyň gyzlarynyň gözellige beslenen hereketleri, “Altyn asyr” we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň “Owaz” orkestrleriniň estrada aýdymçylarynyň joşgunly çykyşlary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy.
Şeýle hem belarus tomaşaçylaryna türkmen saz sungatynyň, opera we estrada ýerine ýetirijileriniň çykyşlary uly täsir etdi. Zehiniň we halkyň nurana kalbynyň utgaşygy sahnada özboluşly joşgun döretdi. Tomaşaçylar artistleriň çykyşlaryna yzygiderli el çarpyşmalar bilen hoşallyklaryny mälim etdiler.
“Küştdepdi” halk tansy konsertiň jemleýji pursadyna öwrüldi. Onda horeografiýa we saz sungatynyň utgaşyklylygy, özboluşly milli äheň joşgunly ýaňlanyp, tomaşaçylaryň ruhuny göterdi.
Türkmen artistleriniň çykyşlaryna gowşurylan gülli sebet ýokary ussatlyga we zehine çuňňur hoşallygyň nyşanyna öwrüldi. Türkmen aýdymçylarynyň we tansçylarynyň belarus topragyna gelmegi baradaky yzygiderli çakylyklar sungat ussatlaryna berlen ýokary baha boldy.
Ertir Medeniýet günleriniň çäklerinde Minskide ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi açylar.
Şu gün Belarus Respublikasynyň Medeniýet ministrliginde türkmen wekiliýetiniň agzalary, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda sungat ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, täze bilelikdäki çäreleri geçirmegiň, döredijilik alyşmalarynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iki ýurduň medeniýet edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, Türkmenistanyň mugallymlarynyň we talyplarynyň Belarusuň döredijilik ugurly ýokary okuw mekdeplerinde tejribe okuwlaryny geçmeklerini, özara kino görkezişlerini, sirk artistleriniň çykyşlaryny guramak we beýlekiler babatynda anyk çäreler hakynda pikir alyşmalar boldy.
Belarusuň ýaşaýjylary ozal — 2010-njy we 2014-nji ýyllarda bu ýerde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilen mahallary türkmen sungaty hem-de däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. 2012-nji ýylda Belarus döwlet sirkinde meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy uly üstünlige beslendi.
Şeýle hem 2016-njy ýylyň Türkmenistanda “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly”, Belarusda bolsa “Medeniýet ýyly” diýlip yglan edilendigi bellenildi. Bu başlangyçlar ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm wezipelerini çözmek, taryhy medeni-mirasy, halk däpleriniň nesilden-nesle geçirijiligini goramak, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek ugrunda jemgyýetiň aň-paýhas we ruhy güýçleriniň utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Bu babatda halkara gatnaşyklara möhüm orun degişlidir. Türkmenistanyň Belarusdaky Medeniýet günleri şeýle gatnaşyklaryň giňeldilmegine we berkidilmegine kuwwatly itergi berer.