Belarus Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisiniň açylyş dabarasy boldy.
Medeniýet günleri Belarus Respublikasynyň milli çeperçilik muzeýinde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen dowam etdi. Bu ýere sungatyň janköýerleri, belarus paýtagtynyň köpsanly ýaşaýjylary—muzeýleriň işgärleri, ylmy we çeperçilik toparlaryň işgärleri, Belarusyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri geldiler.
Bu muzeý Belarusyň we daşary döwletleriň sungatynyň eserleriniň ýurtda iň köp ýygnanan ýeridir. Onuň ekspozisiýasynda, şahamçalarynda we gaznalaryň saklanýan ýerlerinde otuz müňden gowrak eserler hem-de beýleki sungat ýadygärlikleri bar. Bu gün sergi zallarynda myhmanlaryň ählisini bu ýere çagyrýan saz ýaňlanýar. Onuň diwarlarynda we ýörite tekjelerinde keşdelerde hem nagyşlarda beýan edilen türkmen bahary gülleýär.
Serginiň açylyş dabarasynda Belarusyň Milli çeperçilik muzeýiniň baş direktory Wladimir Prokopsow türkmen sergisiniň iki-üç aý däl-de, bary-ýogy iki gün işlejekdigine örän gynanýandygyny aýtdy. Muňa garamazdan, onuň belleýşi ýaly, munuň özi diňe başlangyjydyr—Türkmenistandan bolan kärdeşleri bilen geçirilen duşuşyklaryň barşynda täze gatnaşyklar, bilelikdäki sergi taslamalaryny alyşmak we guramak barada ylalaşyklar gazanyldy. Munuň nyşany hökmünde biziň wekiliýetimize ýadygärlik sowgat—“Belarus Respublikasynyň Milli çeperçilik muzeýiniň 100 ajaýyp eseri” kitaby gowşuryldy.
Düýn ýokary derejedäki türkmen-belarus gepleşikleriniň netijeleri boýunça gol çekilen beýleki ikitaraplaýyn resminamalaryň hataryndaky iki ýurduň hökümetleriniň arasyndaky medeniýet we sungat ulgamynda 2017-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek maksatnamasynyň bu ugurda özara gatnaşyklara uly itergi berjekdigi gürrüňsizdir.
Soňra myhmanlar uly gyzyklanma bildirip sergi bilen tanyşdylar.
Serginiň ekspozisiýasyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň täsin muzeý gymmatlyklary—inçelik bilen ýerine ýetirilen ajaýyp nagyşly gadymy milli lybaslar, ajaýyp haly we haly önümleri, owadan şaý-sep bezegleri, ýurdumyzyň Döwlet çeperçilik akademiýasy tarapyndan görkezilen surat eserleri hem-de türkmen halkynyň sungaty, sazy, binagärligi, taryhy we däp-dessurlary baradaky neşirler girdi. Munuň özi, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarydyr, şol sanda türkmenlerdäki çaý içmek medeniýetine we deňsiz-taýsyz ahalteke bedewlerine bagyşlanyp ýakynda çapdan çykan eserlerdir.
Sergi şeýle bir başarnyk bilen düzlüpdir, türkmen amaly-haşam sungatynyň baý genji-hazynasyndan käbir eserleriň özi hem bu ýerde örän uly keşpde göz öňünde janlanýar. Onuň uly bolmadyk çür başy özüniň ägirt möçberinden habar berýär. Ajaýyp şaý-sep bezegleri hem-de owadan nagyşly milli egin-eşikler aýratyn ünsi çekdi. Şonuň bilen birlikde, biziň gyzlarymyzyň, ýagny, Medeniýet günlerine gelen tans toparlarynyň ýerine ýetiriji gyzlarynyň lybaslary XIX-XX asyrlaryň başlaryndaky eserleriň toplumynyň özboluşly dowamy boldy. Bu hem türkmenleriň milli mirasynyň wagtyň geçmegi bilen diňe bir muzeý gymmatlygyna öwrülmän, biziň gündelik durmuşymyzda ulanylyp, täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň hem-de öz gaýtalanmajak gözelligi bilen dünýä nur saçýandygynyň ajaýyp mysaly boldy.
“Mukam” skripkaçylar toparynyň çykyşy sergiden täsirlenmek üçin belent ruh döredip, köpçülige nusgawy sazlardan ajaýyp çemen bagyş etdi. Şol mukamlar bagşylaryň joşgunly aýdymy hem-de dutaryň özboluşly owazy bilen sazlaşykly utgaşdy.
Şeýle hem şu gün Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň medeniýet ulgamynyň işgärleriniň döredijilik duşuşygy geçirildi. Ol Respublikanyň esasy maglumat we medeniýet merkezi bolan Belarusyň Milli kitaphanasynda guraldy. Çärä bu ýurduň döredijilik ulgamynyň görnükli wekilleri—meşhur ýazyjylar, žurnalistler, terjimeçiler, mugallymlar, ýaş edebiýatçylar gatnaşdylar. Tüýs ýürekden geçen söhbetdeşlikde sungatyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, neşirýat işiniň üsti bilen jemgyýetde watançylyk düşünjelerini hem-de ruhy-ahlak gymmatlyklaryny wagyz etmek, häzirki zaman eserlerde nesilleriň dowamaty hakynda gürrüň edildi.
Biziň wekiliýetimiziň agzalary öz çykyşlarynda türkmen halkynyň dünýäniň medeni köpdürliligine goşan uly goşandy barada gürrüň berdiler, iki halkyň arasyndaky döredijilik gatnaşyklarynyň wajypdygyny we ähmiýetini nygtadylar. Şeýle hem kitaphanaçylyk işinde, iki halkyň nusgawy ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini belarus we türkmen dillerine terjime etmek babatda ýokary hünär derejesinde gatnaşyk etmegiň zerurdygy bellenildi.
Türkmen wekiliýetiniň agzalary üçin Milli kitaphana boýunça gezelenç hem-de onuň işi bilen tanyşlyk guraldy. Türkmen medeniýetiniň wekilleri, şeýle hem şu gün Belarus Respublikasynyň Milli taryhy muzeýine baryp gördüler. Onda 400 müňden gowrak eksponat ýygnanyp, ol ýurduň muzeý gymmatlyklarynyň iň köpsanlysydyr. Türkmenistandan bolan muzeý işiniň hünärmenleri öz belarus kärdeşleri bilen tejribe alyşdylar.