Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Medeniýet günleri Borisow şäherindäki M.Gorkiý adyndaky Medeniýet köşgünde iki dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň uly konserti bilen tamamlandy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Belarusa saparyna gabatlanan bu çäre aýratyn dabaraly hem-de ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi. Hemme ýerde türkmen döredijilik wekiliýeti mähirli garşylandy we oňa uly gyzyklanma bildirildi. Minsk şäheriniň esasy ýollary Türkmenistanyň Lideriniň gelmegi mynasybetli ýurdumyzyň baýdaklary bilen bezeldi. Belarus baýdaklary bilen bilelikde olar bahar şemalyna parlaýan uly gyzyl-ýaşyl reňkli gül desselerini ýatladyp, daş-töwerege baýramçylyk öwüşgini çaýýardy.
Belarus telewideniýesiniň ýaýlymlary boýunça iki döwletiň baştutanlarynyň duşuşyklary, olaryň çykyşlarynyň, geçirilen gepleşikleriň ýazgysy, Türkmenistanyň Ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy yzygiderli görkezildi. Alyslardan seleňläp görünýän bu binalar toplumy belarus paýtagtynyň şäher landşaftyna Aşgabat binagärliginiň özboluşly öwüşginini çaýdy. Onda ak mermer däp bolan altynsow nagyşlaryň bezegi bilen sazlaşykly utgaşdyryldy.
Belarusuň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde jikme-jik beýan edilen saparyň resmi habarlaryndan başga-da, biziň ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ösüşi barada dürli makalalar taýýarlanyldy. Köçelerde, dükanlaryň aýnalarynda telewizorlaryň ekranlarynda türkmen-belarus gatnaşyklary baradaky gepleşikleriň parçalaryny ýygy-ýygydan görmek bolýardy. Şol gepleşikler hyzmatdaşlygyň ösüşi bilen baglanyşykly statistiki maglumatlar bilen ýetirildi. Bularyň ählisi Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň maglumat babatda örän baý bolmagyny şertlendirdi. Biziň wekillerimizi ähli ýerde öňden gelýän mähirli dostlar hem-de gadyrly myhmanlar hökmünde hoşniýetli we şatlyk-şagalaň bilen garşyladylar.
Şoňa görä-de, türkmenistanlylar Belarusda özlerini edil öz öýlerinde ýaly duýdular. Şäher giňişligine gözüň düşen badyna iki ýurduň baş şäherleriniň umumylygynyň we meňzeşliginiň bardygyna göz ýetirýärsiň. Mysal üçin, Minskide sport desgalary örän köpdür, daşky mahabat serişdelerinde sagdyn durmuş ýörelgeleri hem-de sport işjeň mahabatlandyrylýar, şeýle köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkinçilikleri watançylyk, milli taryhy-medeni gymmatlyklara buýsanç duýgularyny terbiýelemäge gönükdirilendir. Bu ýerde hem, edil Aşgabatdaky ýaly, ähli zatda tertip-düzgün, asudalyk we söýgi duýulýar. Minsk şäheriniň ýaşaýjylary özleriniň gülläp ösýän paýtagtlaryna hut şeýle duýgular bilen garaşyk edýärler.
Türkmen wekiliýetiniň agzalary üçin guralan gezelençleriň barşynda Minsk şäheriniň gahrymançylykly taryhy barada gürrüň berildi. Iki paýtagtyň häzirki wagtda öz sebitlerinde eýeleýän parahatçylyk döredijilik, birleşdiriji ornuny bellemän geçmek bolmaz.
... Respublika Köşgündäki konsertden badalga alan Türkmenistanyň Medeniýet günleri ýurdumyzyň Belarus Respublikasynyň milli çeperçilik muzeýindäki amaly-haşam sungatynyň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi bilen dowam etdirildi. Gadymy we häzirki zaman türkmen sungatynyň özboluşly sazlaşygyna öwrülen sergi gymmatlyklary gündogary öwrenijileriň, sungaty we medeniýeti öwrenijileriň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň uly ünsüne mynasyp boldy.
Makalalaryň awtorlary okyjylara halk döredijiliginiň baýlygyny, däp-dessurlaryň gözelligini, türkmenleriň gadymy çeperçilik senediniň aýratynlyklaryny ýetirmäge, biziň mirasymyzyň diňe bir muzeýlerde we taryhy gymmatlyklarda aýawly saklanman, eýsem ýaş nesilleriň, halkymyzyň ajaýyp däplerini dowam etdirijileriň kalplarynda hem ýaşaýandygy barada gürrüň bermäge çalyşdylar. Türkmenistanyň belarus topragyndaky Medeniýet günlerinde dostluk we hoşniýetlilik duýgulary has äşgär ýüze çykdy.
Belarus paýtagtynyň medeni, çeperçilik durmuşynyň örän baýdygyna garamazdan, Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň maksatnamasyna girizilen çäreleriň ählisi şanly wakalara öwrülip, ynsanperwer hyzmatdaşlygyň täze sepgitlerini açdy, Minsk şäheriniň ýaşaýjylarynda türkmen sungaty bilen duşuşykdan galan ýatdan çykmajak täsirler bolsa geljekki gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we berkitmek üçin esas bolup hyzmat eder.
Şu gün türkmen artistleri Borisow şäherinde hem özleriniň täze muşdaklaryna eýe boldular. Olar bu iri senagat merkeziniň we tutuş oblastyň baş konsert we festiwal meýdançasy bolan M.Gorkiý adyndaky medeniýet köşgünde uly konsert bilen çykyş etdiler.
Gutlag sözlerinde türkmenistanlylaryň adyna şu günler ýurdumyzyň milli sungaty bilen duşuşyga gelenleriň ählisiniň adyndan çuňňur hoşallyk beýan edildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Belarus nesilden-nesle geçip gelýän medeni gymmatyklaryny aýawly saklamak bilen çäklenmän, eýsem, olary artdyrýarlar, şol sanda döredijilik gatnaşyklary arkaly baýlaşdyrýarlar. Şol gatnaşyklar bolsa iki halkyň ruhy taýdan ýakynlaşmagynyň aýdyň beýanyna, köpugurly döwletara hyzmatdaşlygynyň berk binýadyna öwrüldi.
Soňra sahnada köp öwüşginli çykyşlar ýaýbaňlandyryldy, “Altyn asyr” orkestri, “Dehistan” folklor topary, “Näzli” tans topary, “Mukam” toparynyň skripkaçylary, estrada aýdymçylary, ýaş, ýöne eýýäm meşhurlyga eýe bolan ýerine ýetirijiler, belli halk bagşylary hem-de sazandalary ýene-de tomaşaçylary haýran galdyrdylar we begendirdiler. Belarus owazlary türkmen sazlary bilen özboluşly sazlaşyk döredip, dostlugyň we doganlygyň senasyna öwrüldi.
Köp öwüşginli, baýramçylyk konsert maksatnamasy birleşdirýän we ruhlandyrýan, ýagty geljege bolan ynam döredýän sungatyň beýik güýjüne dabaraly waspnama bolup ýaňlandy. Tomaşaçylar türkmen dostlaryny uzak wagtlap sahnadan goýbermediler, şowhunly el çarpyşmalar hem-de gutlaglar, täze duşuşyklar baradaky arzuwlar ýaňlandy. Konsert täze şatlykly açyşlara we ýatdan çykmajak täsirlere bolan umyt-arzuwlar bilen tamamlandy.
Mundan başga-da, Medeniýet günleriniň çäklerinde iki ýurduň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarynyň we döredijilik işgärleriniň duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklarda edebiýat, şekillendiriş sungaty, muzeý we kitaphana işi ulgamynda gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanda geçiriljek halkara ähmiýetli forumlary we festiwallar barada gürrüň berip, belarusly hyzmatdaşlary olara gatnaşmaga çagyrdy. Hususan-da, Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty hökmündäki derejesiniň çäklerinde giň möçberli çäreler geçiriler.
Birek-birek bilen söhbetdeş bolup, tejribe alşyp, biz birek-biregi has ýakyndan tanamaga mümkinçilik alýarys, ruhy taýdan baýlaşýarys. Bu pikir ähli duşuşyklaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Şol duşuşyklaryň barşynda köp teklipler we başlangyçlar beýan edildi. Belarusuň wekilleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeniýet we sungat ulgamyna uly goldaw berýändigine, möhüm medeni taslamalaryň ählisiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine howandarlyk edýändigine tüýs ýürekden haýran galýandyklaryny aýtdylar. Döwlet Baştutanymyzyň bu ulgama şeýle ýokary derejede üns bermegi ýurdumyzda medeniýetiň ösmegine kuwwatly itergi berip, bu ugry içerki hem-de daşarky işlerde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwürýär. Türkmenistanyň Belarus Respublikasynda tamamlanan şu gezekki Medeniýet günleri hem öz öňünde goýan maksadyna ýetip, gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösmegi üçin oňaýly şertleri döretdi. Ol gatnaşyklarda bolsa ruhy gymmatlyklar hyzmatdaşlygyň möhüm ugrukdyryjy güýji bolup çykyş edýär.