Ï Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda milli kompozitorlyk mekdebiniň halypalary Daňatar Öwezowyň we Weli Muhadowyň hormatlaryna bagyşlanyp konsert geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda milli kompozitorlyk mekdebiniň halypalary Daňatar Öwezowyň we Weli Muhadowyň hormatlaryna bagyşlanyp konsert geçirildi

view-icon 644
Şu ýyl Türkmenistanyň saz medeniýetiniň altyn gaznasyna giren “Aýna”, “Leýli we Mežnun”, “Şasenem we Garyp” operalarynyň we beýleki eserleriň awtordaşy Daňatar Öwezowyň doglan gününe 105 ýyl dolýar, we Adrian Şapoşnikow bilen “Kemine we Kazy” we “Ganly saka”operalaryna saz ýazan, “Türkmen sýuitasynyň” we beýleki köp sanly ajaýyp eserleriň awtory Weli Muhadowyň doglan gününe 100 ýyl dolýar. Şol bir wagtyň özünde şu günki günüň türkmen nusgawy kompozitorlyk mekdebiniň esaslandyryjylarynyň aýrylmaz baglanyşyny nygtamak üçin, häzirki wagtda aramyzda sag-aman gezip ýören kompozitor Suhan Tüýliýew 60 ýaş ýubileý toýuny belleýär. Konserwatoriýasynyň Uly zalynda bu üç ýubilýarlaryň hormatyna Türkmenistanyň halk artisti Aşyr Hojatowyň ýolbaşçylyk etmeginde Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň konserti geçirildi.


Milli nusgawy mekdebiniň ajaýyp wekilleriniň kompozitorlyk zehinlerine uly hormat goýmak we nobatdaky sapar hem lezzet almak üçin Uly zala olaryň garyndaşlary we ýakynlary, okuwçylary we zehinleriniň muşdaklary, konserwatoriýanyň talyplary we professor-mugallymlar düzümi ýygnandylar. Ýubilýarlar bilen bile işleşmek bagtyna eýe bolan sazandarlaryň adyndan olaryň adyna köp sanly mähirli sözler aýdyldy.

Konsert programmasy simfoniki orkestriň ýerine ýetirmeginde “Aýna” operasyna uwertýura bilen açyldy. Onuň yzyndan Mawlýuda Şaýkulyýewa, Merdan Meretgulyýew, Röwşen Baýramow, Gözel Annahanowa we konserwatoriýanyň beýleki aýdymçylary operalaryň gahrymanlaryny – “Aýna” operasyndan Sapar çaýçynyň we Bibiniň, adybir operasyndan Leýli we Mežnunyň, “Şasenem we Garyp” operasyndan Ezberhojanyň, “Kemine we Kazy” operasyndan Ogulbegiň we Daňataryň, “Ganly saka” operasyndan Aýlar we Çaryýaryň keşplerini janlandyrdylar. Aýdymçylar özleriň owadan we ýakymly sesleri bilen Daňatar Öwezowyň we Weli Muhadowyň ýatdan çykmajak operalaryndan iň gowy bölekleri artistlik ukyplary bilen ýerine ýetirdiler. Bu çykyşlarda söýgi temasy täze güýç bilen ýaňlandy.


Ýubilýar Suhan Tüýliýew tarapyndan Magtymguly Pyragynyň “Ýeldim tut” goşgusyna ýazan aýdymy garaşylmadyk sowgat boldy. Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň ýerine ýetiren bu eseri diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Suhan Tüýliýewiň A.Atabaýewiň “Döwletli döwran” goşgusyna döreden kantatasy güýçli jemleýji akkord bolup ýaňlandy. Ol horyň, aýdymçylaryň we simfoniki orkestr tarapyndan ýerine ýetirilip, Daňatar Öwezowyň we Weli Muhadowyň uçursyz zehinlerine bagyşlandy. Ruhy güýç we berk meňzeşlik, filosofiki taýdan çuňňurlyk we inçe lirizm, owazyň giň gerimliligi we ýerine ýetiriliş ussatlygy türkmen saz medeniýetiniň mirasynyň däp-dessurlarynyň takyklyk bilen dowam edýändigini beýan etdi. Bu geçirilen agşam beýik joşgunly ýagdaýa eýe bolup, häzirki zaman sungatynyň döredijilikli güýje eýedigini, onuň gözbaşynda zehinleri asyrlap ýaşajak ajaýyp we ussat kompozitorlaryň durandygyny ýüze çykardy.