Rasul Klyjewiň ýolbaşçylygynda simfoniki orkestri ussadyň iki sany ajaýyp eserini – 4 bölümden ybarat bolan “3-nji simfoniýany” we “Meniň Watanym” simfoniki poemasyny ýerine ýetirdi. Orkestriň ýerine ýetiren “3-nji simfoniýasynda” türkmen halk saz gurallary bolan dutaryň, gyjagyň we tüýdügiň owazlary ýaňlandy. “Meniň Watanym” poemasynda ruhy mähirlilik, inçe şahyrana we ýürekden çykýan usullar öz beýanyny tapýar.
1916-njy ýylyň 5-nji maýynda Aşgabadyň golaýyndaky Bagyr obasynda geljekki kompozitor Weli Muhadow dünýä inýär. Onuň kakasy, milli saz gurallaryndan baş çykarýan Muhammet aga ogullarynyň altysyna hem türkmen milli halk sazlaryny bolan söýgüni oýarmagy başarypdyr. Eger-de bagtly pursat bolmadyk bolsa Weli Muhadowyň ykbalynyň nähili boljakdygy belli däl. Ony beýleki zehinli oglanlar we gyzlar bilen Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynyň ýanyndaky türkmen bölümine okuwa iberýärler. Oglan-gyzlar türkmen bölüminde okan ýyllarynda olaryň has zehinlileri konserwatoriýa okuwa girer ýaly sazçylyk mekdebiniň we sazçylyk hünär okuw mekdebiniň başlangyç sazçylyk maksatnamasyny özleşdirýärler. Türkmen studiýasynyň gutardyş synaglary 1941-nji ýylyň 21-nji iýunynda tamamlandy...
Weli Muhadow hem Moskwanyň töwereginde gurulýan goranyş gurluşlaryny gurmak üçin meýletinçileriň hatarynda gidýär. Ol urşa gitmek üçin Aşgabada dolanyp barmak kararyna gelýär. Köşiniň pyýada goşun uçilişesini tamamlandan soňra, ol 1942-nji ýylyň dekabr aýynda 99-njy atyjylyk diwiziýasynyň hatarynda Stalingrad urşuna ugradylýar. Ukrainada diwiziýa öňdäki pozisiýany çykyp, Ýekaterinowka üçin urşa girişýär. “Men bu ady gowy ýadymda sakladym, diýip, Weli Muhadow aýtdy. – Bu ýerde men urşuň nämedigine gowy düşündim”.
Weli Muhadow parahatçylykly durmuşa gaýdyp gelip, Aşgabatda ukrain kompozitory A.F.Znosko-Borowskiý bilen duşuşýar. Olar bilelikde Koşa Japarowyň librettosyna “Akpamyk” baletine saz ýazýarlar. “Akpamyk” türkmen nusgawy saz eserleriniň taryhyna ilkinji milli erteki-fantastiki balet hökmünde girdi. Ondan soňra kompozitor Adrian Şapoşnikow Weli Muhadowa gülkili opera žanrynda bilelikde işlemegi teklip edýär. Kän wagt geçmän “Kemine we kazy” operasy döredi. Ondan azyrak soňra bolsa – “Zöhre-Tahyryň” ikinji redaksiýasy peýda boldy. A. Şapoşnikow bilen bilelikde işleşmek bilen, Weli Muhadow ýene-de kän zatlary öwrenmelidigine göz ýetirdi. Kyrk ýaşynyň içinde aýaly we iki sany ýaş çagasy bilen Moskwa konserwatoriýa girmäge gidýär. Adygül Orazowa öz aýdym aýtmak hünärini taşlap, adamsy we çagalary baradaky durmuş aladalaryny öz üstüne alýar.
Weli Muhadow “Türkmen sýuitasyny” konserwatoriýanyň dördünji ýylynda ýazýar. Ol bu eseri üçin SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp bolýar. Onuň okuwynyň bäşinji ýylynda ýazan “Meniň Watanym” atly poemasy - diplom işi hem SSSR-iň Döwlet baýragy bilen bellenildi. Talybyň ýurduň ýokary baýragyna iki sapar mynasyp bolmagy, konserwatoriýanyň bütin taryhyda bolup geçen ýeke-täk ýagdaýdyr.
Weli Muhadowyň “Ganly saka” operasy dessan sýužetleriniň çäklerinden uly boldy. Türkmen halkynyň asyrlar boýy suw baradaky arzuwy we onuň dogry paýlanmagy baradaky göreşi – operanyň dramaturgiýasynyň esasy temasy bolup durýar. 1968-nji ýylda Moskwada saz-sahna eserleriniň Bütinsoýuz bäsleşiginde bu opera 3-nji derejeli diploma mynasyp boldy.
Magtymgula bagyşlanan simfoniýany döretmek Weli Muhadowda ýuwaş-ýuwaşdan döredi. Diňe içki duýgularynyň bu eseri döretmäge taýýardygyny duýandan soňra ol epiki-filosofiýa simfoniki eseriniň üstünde işlemäge girişdi. Şeýlelik bilen “1-nji simfoniýa” döredi. Onuň şowly çykmagy bilen ruhlanan Weli Muhadow Sowet Soýuzynyň Gahrymany Aýdogdy Tahyrowa bagyşlanan “2-nji simfoniýa” ýazýar...
Professor, SSSR-iň halk artisti Weli Muhatow nesillere bahasyna ýetip bolmajak mirasy: simfoniki we wokal-simfoniki eserlerini, solist, hor we simfoniki orkestr, kamera-instrumental eserlerini, halk saz gurallary orkestri üçin eserlerini, köp sanly aýdymlaryny we romanslaryny galdyrdy. “Gökdepe simfoniýasy” onuň soňky eserleriniň biridir.
Biz Weli Muhadowyň ýakyn adamlaryna we onuň okuwçylaryna türkmen nusgawy saz eserleriniň gözbaşynda durýan ussat barada şahsy ýatlamalary barada gürrüň bermeklerini haýyş edip, ýüz tutduk.
- Meniň kakam, - diýip, Batyr Weiýewiç gürrüň berýär, - durmuşda maşgala ojagyny, sazy we bägülleri has gowy görerdi. Biziň howlymyzda bägülleriň dürli görnüşleri ösýärdi, kakam eli boş wagtlary olary idederdi. Çagalykda ejemiň esasy gürrüňi “Ýuwaş, kakaň işleýär!” diýen sözleri meni, agam Serdary we jigim Leýlini pyşyrdaşyp gürleşmäge we daraklygymyzda ýöremäge borçly edýärdi. Ene-atalarymyzyň karary esasynda biziň maşgalamyzyň çagalarynyň ählisi başlangyç saz bilimini aldylar, soňra men arhitektura bilen meşgullandym, uýam – iňlis dili, diňe özümden uly agam öz ykbalyny saz bilen baglanyşdyrdy. Haçan-da menden meşhur kakaň bolsa ýakymlymy diýip soranlarynda: “Ýakymly, hormatly, ýöne, esasy zat, jogapkärli” diýip, jogap berýärin.
- Weli Muhatow öz eserleriniň ýerine ýetirilmegine örän talapkärdi, - diýip, Türkmenistanyň halk artisti, dirižýor Aşyr Hojatow ýatlaýar. – Ýöne iň gowy interpretator diýip atlandyrmak bilen, ol maňa minnetdarlyk sözleri ýazylan “Watannama” partiturasyny iberdi. Bu biziň gatnaşyklarymyzyň we dostlugymyzyň başlangyjy boldy. Weli Muhadow ähli babatda meniň üçin nusga bolup durýar. Men onuň iş başarjaňlygyna haýran galýaryn. Onuň kompozitorlyk ykbalynda onuň ýanýoldaşy Adygül Orazowanyň hem mynasyp paýy bardyr. Ol kompozitoryň ylham joşgunyna öwrülip, hojalygy berk ýöretmegi başardy. Adamsyna belli bir wagtda iş we dynç alyş wagtyny ýöretmegi başardy. Işden boş wagtlary gelýän islendik telefon jaňlaryna: “Weli Muhadowiç dynç alýar, soňra jaň ediň!” diýip, jogap bererdi. Kompozitor agyr keselli halyna “Bäşinji simfoniýany” döretmäge girişipdi. Ol maňa bu simfoniýa umumy girişini roýalda çalyp berdi. Onda Muhatow başarjaňlygy we hoş labyzlylygy duýulýardy. Şondan soň ol roýalyň başyna geçmedi.
- Weli Muhadow zehinli türkmen kompozitorlarynyň döwürdeşlerini taýýarlady, diýip, onuň okuwçylarynyň biri, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Suhan Toýlyýew gürrüň berýär. – “Ýaňy kompozitorlyga başlaýan edil ýaňy ýörjen-ýörjen bolýan çaga ýalydyr, - diýip, Weli Muhadow aýdýar, - Mugallymyň wezipesi bolsa ony wagtynda goldamakdyr”. - Siziň sazyňyzda, ol ýer şarynyň haýsy künjeginde ýaňlansa-da, halk sazlarynyň äheňleri ýaňlanýan eserleri döretmekdir”.