Ï Aşgabatda Halkara çagalar türkmen-türk festiwaly açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Halkara çagalar türkmen-türk festiwaly açyldy

view-icon 861
Akpamyk, Ýartygulak, Böwenjik, Hudaýberdi Batyr we türkmen halk ertekileriniň beýleki gahrymanlary Halkara çagalar döredijilik gözden geçirilişine gatnaşyjylary Türkmen döwlet gurjak teatrynyň binasynyň öňündäki meýdançada garşyladylar. Çagalar festiwaly – bu hemişe joşgunly baýramçylyk, belent hem-de şadyýan owazly. Festiwalyň günlerinde teatryň foýesi medeni alyş-çalyş we gönüden-göni oňyn aragatnaşyk meýdanyna öwrüldi. Süýji tagamlary gowy görýänler türk aşhanasynyň süýji nygmatlaryny dadyp görseler, galdawlar bolsa “Wolçok” türk milli tansynda özlerini synap görmek üçin nobata durdular. Ýöne. gurjak teatrynyň görkezen “Hajywat we Garagöz” salgymlary has gyzyklysy bolan bolsa gerek. Erteki gahrymanlarynyň ikisi – polojitel we otrisatel, meselem, leksiki taýdan dilleriniň ýakynlygyny peýdalanyp, çagalara öwrenerlikli bolan dürli temalar boýunça jedelleşýärler.

- Türkiýede sungatyň bu görnüşi örän meşhur, - diýip, Mehmet Hamdi Melekogly (Garagöziň keşbini döreden), Döwlet halk tansy ansamblynyň ýolbaşçysy gürrüň berýär. – Bursa şäherinde her ýylda salgymlar teatrynyň geçirilýändigini bellemek hem ýeterlikdir. Haçan-da biz ýurduň daşyna halkara festiwallaryna gidenimizde sungatyň bu görnüşini beýleki ýurtlaryň tomaşaçylaryny has köpräk tanyşdyrmak üçin her sapar hem hökmany suratda ýanymyz bilen perdäni, prožektory we gurjagy alyp gidýäris. Salgymlar teatrynyň köki gadymyýete, haçan-da adamlar oduň başynda oturyp, oduň alawynda emele gelýän täsin salgymlary synlanlarynda, uzap gidýär.


Salgymlar teatry gurjak teatryna öwrüldi. Festiwala gatnaşyjylaryň ählisini kiçi zala çagyrdylar. Bu ýerde olara dramaturg we oýun goýujy Ylýas Durdyýewiň “Çagalyk döwrümiň älemgoşary” atly gyzykly spektakly garaşýardy. Spektaklyň temasy – ertekide gurjak-miweleriň kömegi bilen açylyp görkezilýän çagalaryň deň hukuklylygy. Miweleriň ählisi hem ilkibaşda gök bolýarlar, soňra bolsa olar bişip başlanlarynda dürli reňkli bolýarlar. Spektakl ýaş tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Ondan soň çagalar baýramçylygynyň gahrymanlarynyň çykyşlarynyň nobaty ýetdi.

Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Döwlet çagalar hory bu çäre mynasybetli taýýarlanan “Aşgabat” aýdymyny ýerine ýetirdi. Toparyň eden çykyşy örän gyzgyn garşy alyndy.


- Türk halky üçin aprel aýy aýratyn bolup durýar, - diýip, hor toparynyň ýolbaşçysy Betul Alpaý gürrüň berýär. – Aýyň 23-ne biz milli baýramçylygy – Çagalar gününi belleýäris. Biziň Aşgabada bolan bu saparymyz çagalar üçin baýramçylygyň dowamy boldy. Siziň ýurduňyzda hem iýun aýynyň 1-ne bu baýramçylygyň – Çagalary goramagyň gününiň bellenilýändigini biz bilýäris. Şonuň üçin hem biz çagalar döredijilik festiwalynda höküm sürýän hoşniýetliligiň we dostlugyň atmosferasynyň baýramçylyk geçirilýän aýyna şatlykly äheňini bermäge çalyşýarys. Biziň festiwalymyzyň maksady – biziň ýurtlarymyzyň ösüp gelýän nesilleriniň wekilleriniň arasynda dostlugyň we özara düşünişmegiň köprüsini gurmakdyr.

Folklor tans toparynyň tansçylary festiwala gatnaşyjylary Türkiýäniň dürli sebitleriniň tanslarynyň altysy bilen tanyşdyrdy. Çykyşlar gündogar Anatoliýanyň sungatyny beýan edýän “Halaý” tansy bilen başlandy. Bu tans özüniň äheňleri bilen türkmen “küştdepdi” tansyny ýatladýar.


- Her bir şäher ýa-da oba üçin şol bir tansyň ýerine ýetirilişinde, halkyň durmuşyny we ruhy-taryhy durmuş tejribesini beýan edýän sazlaşykly çözgüdini we ritmiki energiýany goşmak bilen, özüne mahsus bolan usuly bolýar, - diýip, horeograf Bulent Dizdarogly çykyşlary teswirleýär. – Biz olaryň birnäçesini festiwalda görkezdik. Men siziň “Şatlyk” we “Ruhubelent” tans toparlarynyň tansçylarynyň özüne çekiji çykyşlaryna syn etdim. Golaý geljekde biz öz çykyşlarymyzyň maksatnamasyna türkmen tanslaryny hem goşmagy meýilleşdirýäris.

Türkmen tarapyndan tans toparlaryndan başga hem festiwala Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite çagalar sazçylyk mekdep-internatynyň “Güneş” hory we “Altyn serpaý” skripkaçylar toparynyň sazandarlary gatnaşýarlar. Hem myhmanlar, hem ýer eýeleri iki günüň dowamynda ýatdan çykmajak döredijilik gözden geçirilişini joşgunly, dostlukly we şatlykly wakalardan doly pursatlaryny başdan geçirerler.


Türkiýeli myhmanlaryň aýdyşlary ýaly, biziň ýurdumyzda bolmaklarynyň dowamynda türkmen myhman söýerliginden, biziň ajaýyp paýtagtymyzyň binagärlik keşbinden, onuň medeni ojaklaryndan alan täsirleri, adatdan daşary göwnaçyklyk we ýatdan çykmajak täsirleri olaryň uzak wagtlap ýatlarynda galar. Biziň ýaş tansçylarymyz we sazandarlarymyz üçin hem bu medeni çäre diňe bir türk deň-duşlary bilen tanyşmaklary şatlykly waka hökmünde ýatda galman, eýsem oňyn goňşuçylyk we taryhy birligimizi baglanyşdyrýan halkyň medeniýeti we däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmaklary hökmünde hem ýatda galar. Çagalar döredijilik älemgoşary paýtagtyň şu günki baý medeni durmuşyny türkmen-türk oňyn gatnaşyklarynyň aýdyň beýanyna öwrülen tans-aýdymlar bilen has-da baýlaşdyrdy.