Ï Aziada—2017-niň nyşanlary tassyklanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aziada—2017-niň nyşanlary tassyklanyldy

view-icon 1260
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň mejlisler jaýynda indiki ýyl Aşgabatda geçiriljek iri sport çäresine taýýarlyk görmegiň çäklerinde bu oýunlaryň nyşanlaryny döretmek boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Döredijilik bäsleşiginiň jemleri boýunça taýýarlanan işleriň dördüsi iň gowular hökmünde yglan edildi.


Bäsleşige hödürlenilen 20 işden Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary Umyt Amanowyň, Ýusup Gulowyň, Täçmuhammet Mehtiýewiň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Muhammet Annamyradowyň işleri ýeňijiler diýlip yglan edildi.


Şeýlelikde, olaryň işleri Aziada—2017-niň şygarlarynda we bannerlerinde, şäher ulaglarynda, neşir-çaphana önümlerinde hem-de beýlekilerde ýerleşdiriler. Talyplaryň taýýarlan işlerinde diňe bir sporta degişli äheňler däl-de, milli türkmen äheňleri hem öz beýanyny tapdy. Bäsleşige hödürlenen işleriň her biri döwrebap usulda sada, estetiki derejede bezelen häsiýete eýedir.