Ï Türkmen türgenleri küşt we stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýedi medala mynasyp boldular
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen türgenleri küşt we stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýedi medala mynasyp boldular

view-icon 1327
Biziň türgenlerimiz halkara derejesinde gazanýan üstünlikleri bilen begendirýärler. “First Saturday” ady bilen Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherinde küşt boýunça geçirilen ýaryşda olar jemi bäş medala — iki altyn, iki kümüş hem-de bir bürünç medala, Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça bäsleşikde bolsa iki medala — bir altyn we bir bürünç medala eýe boldular.

Küşt boýunça bäsleşiklere Russiýadan, ABŞ-dan, Angliýadan, Awstraliýadan we beýleki ýurtlardan ýüze golaý türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň toparyna girýän 21 ýaşly halkara grossmeýster Maksat Atabaýew altyn medallaryň ikisine mynasyp boldy. Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby grossmeýsterleriň toparynda, şweýsar ulgamy boýunça geçirilen bäsleşiklerde 4 tapgyryň dowamynda bir gezek hem ýeňlişe sezewar bolman, bäş döwde ynamly ýeňiş gazandy we dört döwde deňme-deň oýnady.

Maksat ikinji altyn medalyny tiz oýnalýan küşt boýunça bäsleşikde gazandy. Bu usulda her döwe 15 minut berilýär we her göçümden soň üç sekunt goşulýar. Beýleki baýrakly orunlara hem türkmen küştçüleri eýe boldular. Halkara ussady Ýusup Atabaýew ikinji orny, FIDE-niň ussady Annaberdi Esenow bolsa üçünji orny eýeledi.

Halkara ussatlarynyň toparynda tapawutlanan Suhrab Semiýew toparymyzyň baýrak gaznasyna ýene bir kümüş medaly goşmagy başardy.

Mälim bolşy ýaly, küşt oýny Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär hem-de Budapeştde geçirilen şu gezekki halkara ýaryşy bu oýunlara taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyry bolup durýar. Budapeşt bäsleşikleriniň şowly jemleri bu gadymy oýun boýunça türkmen türgenleriniň Aşgabat—2017-de hem üstünlikli çykyş etjekdiklerine ynam döredýär.

Şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Bütindünýä küşt Olimpiadasy V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyry bolar. Oňa gatnaşjak Türkmenistanyň erkekler we zenanlar ýygyndy toparlarynyň düzümi kesgitlenildi. Olar ýurdumyzyň ýokary ligasynyň milli çempionatynda birinji — bäşinji orunlary eýelän küştçülerdir.

...Almatyda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça halkara ýaryşy däp boýunça her ýyl “Şaniraga barýan ýol” ady bilen guralýar. Bu ýaryşlaryň baş maksady sagdyn durmuşa eýerýän ýaşlary sport bilen meşgullanmaga giňden çekmekden ybaratdyr. Şonuň üçin hem bäsleşikler 10 ýaşa çenli, 11—12 we 13—14 ýaşly ýetginjek toparlaryň arasynda geçirilýär.

Türkmen türgenlerimiz dürli ýurtlardan 160-a golaý türgeni ýygnan bu ýaryşda ilkinji gezek çykyş etdiler we özleriniň ussatlygy bilen tapawutlandylar. 12 ýaşly ýetginjekler toparynda çykyş eden Güýçgeldi Allanazarow birinji orny eýeledi. Biziň tennisçimiz deslapky ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, jemleýji tapgyrda dokuz gezek ýeňiş gazandy we bir gezek utuldy. Bu görkeziji onuň birinji orna eýe bolmagyny üpjün etdi.

Güýçgeldiniň inisi — 7 ýaşly Ylýas Allanazarow 10 ýaşa çenli türgenleriň toparynda çykyş edip, bürünç medala eýe boldy. Türkmenistanly ýaşajyk türgen sekiz gezek ýeňiş gazandy we iki gezek hem utuldy. Onuň ýaşy hem-de şeýle derejedäki ýaryşda ilkinji gezek çykyş edýändigi nazara alnanda, üçünji orun örän oňat netijedir hem-de Ylýasyň geljeginiň uludygyna şaýatlyk edýär.

Doganlaryň ikisi hem Raşid Rustamowdan tälim alýar. Olar Watanymyza gaýdyp gelenlerinden soň 2004-nji ýylda doglan we ondan kiçi ýetginjek türgenleriň arasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça häzirki wagtda Aşgabatda geçýän synag bäsleşigine gatnaşýarlar. Onuň netijeleri boýunça halkara derejesindäki ýaryşlara gatnaşmak üçin ýurdumyzyň milli toparynyň düzümi kesgitleniler.