Görkezilen polotnolaryň stilistika elektikasy ýubilýaryň döredijiligi bilen öňden tanyş bolan ýakyn dostlary we işdeşleri üçin garaşylşy ýalydy. Ekspozisiýa gatnaşyjylar üçin bolsa ol tematiki we žanr taýdan köp dürliligi bilen haýran galdyrýardy.
Biz žiwopis polotnoloryň syrlary döreýän ýeri bolan hudožnigiň ussahanasyna baryp gördük. Onuň döreden köp žanrly suratlar kolleksiýasy haýran galdyrýar. “Men Allamyrat Esenowyň örän täsin iş ukyplylygyna uly baha berýärin, diýip ol barada türkmen hudožnigi Witaliý Didenko örän dürs aýtdy, - hudožnigiň işe ukyplylygy – bu zehiniň beýleki bir tarapy bolup durýar”.
Allamyrat Muhammedow – köp planly hudožnik. Onuň döredijiligini belli bir žanra degişli edip bolmaýar – ol hem realist, hem awangardist, hem impressionist. Onuň döredijiliginde häzirki zaman sungatyna güýçli ymtylyşy duýup bolýar, şol bir wagtyň özünde hem ady taryha öwrülen gahrymanlaryň döwrüni göz öňüňe getirýär, ol bu ýerde edil onuň şaýady ýaly taryhyň faktlaryna we syrlaryna salgylanýar. Onuň epiki polotnolarynda dürli taryhy döwürlerine estetiki höwes beýan edilýär, muňa bolsa awtoryň çuň pikirliligi we köp taraplylygy hemde onuň çeper beýan etmesiniň inçeden takyk bolmagy bilen ýetip bolýar.
“Täsin usullar” suratlara ilki seredeniňde derrew sungaty öwreniji Azat Annaýewiň surat diňe estetiki taýdan lezzet almagy ýitirdi, ýöne onuň hukugyny ýitirmedi diýen sözleri ýadyňa düşýär. Şeýle tassyklama biziň bu tapgyrymyza doly laýyk gelýär. Olarda ilki bilen saýlanyp alynan reňkleriň şowly sazlaşygy göze görünýär, diňe şondan soňra onuň manysyna düşünmek döreýär. Awtor edil köp sanly uly we kiçi şekiller, keşpleriň, konstuktiw çyzyklaryň we kompozisiýalaryň köp dürliligini ýörite çylşyrymlaşdyran ýaly duýulýar. Awtoryň pikirine şeýle köp taraplaýyn işlerinde tomaşaçylaryň göz öňüne getirilmelerine baglylykda dürli hilli düşünmek bolýar.
- Maňa köp ýurtlarda bolmak miýesser etdi, - diýip, hudožnik gürrüň berýär. – Men öz surat eserlerim bilen dürli döwletleriň ondan gowragynda geçirilen halkara toparlaýyn we şahsy sergileriň 26-syna gatnaşdym. Men daşary ýurtly hünär ussatlaryna we žiwopisiň muşdaklaryna türkmen şekillendiriş sungatyny görkezdim, ýöne munuň bilen iş munuň bilen çäklenmedi. Her bir sapardan men tebigat, beýleki halklaryň arhitektura we medeniýeti barada özümde alan täsirleri getirdim we olar ekzotiki peýzažlarda we portretlerde öz beýanyny tapdy.
Ynha olar – Parižiň asuda köçeleri we kwartallary, Hindistanyň, Eýranyň we Päkistanyň gün şöhlesine baý dini ýerleri, Türkiýäniň daglarynyň we uly bolmadyk obalarynyň ajaýyp peýzažlary. Bu suratlar Allamyrat Muhammedow tarapyndan impressionizm usulynda açyk ýagty reňklerde çekilipdir. Bu ýerde esasy aýratynlyk ussadyň reňk saýlap alyşy, yhlasy we uly höwesi bolup durýar.
Allamyrat Muhammedow öz döredijiliginde saz temasyna ýygy-ýygydan ýüzlenýär. Onuň çeken sazandarlarynyň keşplerini bir ýere ýygnasaň, megerem, halk saz gurallar ansamblyny düzerdi. Onuň polotnolarynda ýumşak reňkler we anyk şekiller jadylaýjy öwüşgin atyp, “sazyň” göni ugurlary we akgynly öwrümleri ýaňlanýar. “Saz – bu halkyň kalby”, - diýip, Allamyrat Esenow gürrüň berýär. Megerem, özüniň saza bolan höwesini nygtamak üçin ol sazandarlary belent ruhda, özboluşly we owadan görnüşde çekýär. Şonuň üçin hem, mümkin, sazandalar başgaça bolup hem bilmeýärler.
Muhammedowy çuňňur tolgundyrýan temalaryň biri hem – türkmen halkynyň rowaýata öwrülen mirasy bolup durýar. Biz bu suratlaryň öň çekilen gara işlerine üns berip durmarys. Esasy zat – netije, ol bolsa “Parfiýa toýy”, “Oguzlaryň toýy” ýa-da “Soltan Muhammet Togrul begiň tagta çykmagy” bolsun, edil gahrymanlaryň arasynda awtoryň özi bar ýaly. Şol döwrüň ruhuny tomaşaça jikme-jik ýetirmek maksady bilen, suratlaryň ählisine epikligiň häsiýetli öwüşgünleri mahsus bolup, olar realistiki äheňde ýerine ýetirilipdir. Muny saýlanyp alynan temanyň özi talap edýär.
Hudožnigiň döreden döwrüň ruhuny takyk berýän portretleri – Amangeldi Gönibegiň, Nurberdi Hanyň, Alp Arslanyň, onuň ogly we Soltan Sanjaryň agtygy Mälik şanyň şowly çykypdyr. Daşky görnüşleri wagtyň geçmegi bilen ýiten taryhy şahslaryň kanoniki portretleri gowy çekilýär. Awtor kendir matada gahrymanyň keşbini anyk beýan etmek bilen, öz üstüne uly jogapkärçiligi alýar. Ol şahyr filosoflar Magtymgulyny, Döwletmämmet Azadyny, Nurmuhammet Andalyby, Mäne babany düýbünden başgaça – paýhasly, akyldar, ýiti nazarly keşpde berýär. Kanoniki portretleri çekmek üçin hudožnige diňe bir taryhy, antropometriki we psihologiki bilimleri bilmek zerur bolman, eýsem öz gahrymanlaryňy söýmek, olaryň huzurnda bile ýaşamak hem zerur bolýar.
Täze eserleri döretmäge bolan höwes hudožnige gazanylan üstünlikler bilen çäklenmäge mümkinçilik bermeýär. Ol Abdulla Durdyýew bilen awtordaşlykda türk halklarynyň nesil başysy bolan Oguzhana bagyşlap halyny döretmek kararyna gelýär. “Oguzhanyň dünýäsi” kompozisiýasy gadymy türkmen halkynyň nesil taryhyny beýan edýär. Allamyrat Esenow hudožnigiň haly bilen işleşmek wezipesini üstünlikli ýerine ýetirmegi başardy. Ýöne, bu hem, aňryçäk däl: ol monumental bezegi sungatynda özüni synaýar. Onuň ajaýyp eskizleri esasynda “Oguzkent” myhmanhanasynyň atriumyny bezeýän türkmen ruhynyň bäş eýýamyny beýan edýän relýefler döredildi.
Biziň hudožnik bilen söhbetdeşligimiziň barşynda meşhur hekaýat aýdyldy. Matissa we Žorž Ruoa bir sowal berlipdir: siziň suratyňyzy tomaşaçynyň görmejegini öňünden bilip, siz surat çekermidiňiz. “Ýok, - diýip, Matissa jogap beridir, - sebäbi hudožnik hem, edil artist ýaly, köpçülik üçin işleýär”. “Barybyr men-ä çekerdim, - diýip, Žorž Ruo jogap beripdir, - sebäbi men çekmän oňup bilemok”.
- Menem çekmän oňup bilemok, - diýip, Allamyrat Esenow tassyklady. – Haçan-da men surat çekemde, hem işleýärin, hem dynç alýaryn.
Men şonda oňa başga bir sowal berdim: “Eger-de durmuş ýagdaýlary başgaça bolan bolsa, siz kim bolardyňyz?” Ol pikir etmezden “Men ähli ýagdaýlara garaman hudožnik bolardym”.