Geljek ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny kabul etjek paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde şu gün maslahat geçirildi. Onda türkmen hünärmenleri sambo boýunça 27-nji maýda Aşgabatda badalga alýan Aziýa çempionatynyň barşyna eminligi üpjün etmek üçin öz bilim derejelerini ýokarlandyrýarlar.
Maslahaty geçirmek üçin Halkara sambo federasiýasynyň esasy hünärmenleri Ýewgeniý Seliwanow we Aleksandr Polýakow, Russiýanyň eminler kollegiýasynyň başlygy Boris Sowa çagyryldy. Tälimler türgenleşmek üçin ýapyk manežde geçirilýär. Bu ýerde daşary ýurtly myhmanlar biziň eminlerimizi 2015-nji ýylyň dekabrynda tassyklanylan halkara düzgünlerine täze girizilen kadalar bilen tanyşdyrýarlar. Mysal üçin, indi parteriň üstünde ýerine ýetirilen aşyrma /ýatan ýeriňden/ üçin utuklar hasaplanmaýar, agyryly tärlere çäklendirmeleriň birnäçesi girizildi, lukmançylyk kömegini bermegiň wagty uzaldyldy we beýlekiler bar.
Russiýaly hünärmenler sambo boýunça Aziýa çempionatynyň geçiriljek ýeri bilen tanşyp, Olimpiýa şäherjiginiň söweş sungatlary boýunça sport toplumynyň ähli halkara ülňülerine laýyk gelýändigini bellediler. Hususan-da, Ý.Seliwanow ony dünýä möçberindäki ýaryşlary kabul eden döwrebap sport desgalarynyň hatarynda goýdy. Bu toplumlar Kazanda we Moskwada ýerleşip, ol ýerde Bütindünýä uniwersiadasy /2014-nji ýyl/ geçirildi, bu şäherlerde dünýä çempionatlary we ýaryşlary guralýar. Şol ýaryşlary mundan beýläk Aşgabat şäherinde hem geçirmek bolar diýip, myhmanlar bellediler.
Aziýa çempionaty barada aýdylanda, oňa dünýäniň ýigrimiden gowrak ýurtlaryndan — Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Filippinlerden, Hindistandan, Singapurdan, Indoneziýadan we beýleki ýurtlardan türgenleriň 430-a golaýy gatnaşar. Medallar ugrunda erkekleriň, aýallaryň we ýetginjekleriň arasynda sport we “ýaragsyz goranyş” /sambo şeýle terjime edilýär/ söweşjeň görnüşde bäsleşiler.
Mälim bolşy ýaly, sportuň bu görnüşi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. Öňde boljak yklym derejesindäki ýaryşlar synag bäsleşikleri bolup durýar. Olar diňe türkmen türgenleriniň taýýarlygyny däl-de, eýsem, biziň hünärmenlerimiziň guramaçylyk ukybyny, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini hem kesgitlär. Şonuň üçin iki gün dowam etjek bu maslahat “içerki” toplumlaýyn ýaryşlara taýýarlygyň möhüm tapgyry bolup durýar.
Maslahatyň jemleri boýunça türkmen hünärmenlerine uly ýaryşlara, şol sanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna eminler hökmünde gatnaşmak mümkinçiligini berýän halkara güwänamalary gowşurylar.
Russiýaly myhmanlar eminlik babatda-da, hereketleri utgaşdyrmak boýunça hem Aziýa çempionatyny geçirmäge ýardam ederler. Şol sanda geljek ýyl “Aziada — 2017” iri sport forumyna hyzmat etjek meýletinçiler toparynyň işinde hem maslahatlary bererler.