Ï Rumyniýa Türkmenistanyň wekillerini mähirli garşylaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Rumyniýa Türkmenistanyň wekillerini mähirli garşylaýar

view-icon 707
Rumyniýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy.

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň milli mirasyny giňden wagyz etmäge ýardam edýän medeni-ynsanperwer ulgamdaky halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge aýratyn üns berilýändigi bilen tapawutlanýar.

Diňe geçen aýyň dowamynda ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti Belarus Respublikasynda hem-de Eýran Yslam Respublikasynda saparda boldy. Bu gün bolsa türkmen medeniýetiniň wekillerini Ýewropanyň ajaýyp şäherleriniň biri bolan Rumyniýanyň paýtagtynda mähirli mübärekleýärler.


Bilelikde guralan Türkmenistanyň Rumyniýadaky Medeniýet günleri ilkinji gezek geçirilýär hem-de ol türkmen-rumyn gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim bolmalydyr. Ýokary derejedäki duşuşykda, soňky ýyllarda gol çekilen möhüm ikitaraplaýyn resminamalar, şol sanda iki ýurduň ylym we bilim merkezleriniň, medeniýet hem-de sungat işgärleriniň arasynda işjeň hem-de netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalar Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Gatnaşyklaryň ynsanperwer meselesi, dostlukly halklaryň birek-biregiň taryhyna, medeniýetine we ruhy durmuşyna bildirýän gyzyklanmasy gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly eserleriniň hem-de beýik türkmen şahyry hem-de akyldary Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ýygyndysynyň rumyn dilinde neşir edilmegi, Rumyniýanyň medeniýet işgärleriniň Türkmenistanda geçirilýän halkara döredijilik we ylmy forumlara gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň Rumyniýa iberilen wekiliýetiniň düzümine Medeniýet ministrliginiň, esasy muzeýleriň, döredijilik okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, meşhur halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijiler hem-de folklor-etnografiki toparlar girizildi.


Forumyň birinji gününiň maksatnamasyna çäreleriň birnäçesi — Türkmenistanyň Rumyniýadaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy hem-de muzeý gymmatlyklarynyň we eserleriniň sergileri, şeýle hem halk sungat ussatlarynyň konserti goşuldy.

Dabaranyň öňüsyrasynda Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginde geçirilen şanly waka boldy — iki ýurduň Medeniýet ministrlikleriniň arasynda medeniýet we sungat ulgamlarynda hyzmat etmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi.

Pikir alyşmalaryň barşynda rumyn tarapy türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek onuň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen wekiliýetiniň agzalary Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýurdumyzda geçirilýän halkara forumlary hem-de çäreleri barada gürrüň berdiler. Şeýle hem muzeý we kitaphana işinde özara gatnaşyklaryň wajypdygy, iki halkyň nusgawy şahyrlarynyň hem-de ýazyjylarynyň eserleriniň rumyn we türkmen dillerine terjime etmegiň möhümdigi bellenildi.

Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynyň hem-de döwletimiziň sergi gymmatlyklarynyň tanyşdyrylyşynyň geçirilmegi üçin tutuş Ýewropada iň iri hem-de öňden gelýän muzeý toplumlarynyň biri bolan Dmitriý Gusti adyndaky Milli muzeý obasynyň seçilip alynmagy bellärliklidir. Bu toplum Patyşa permanyna laýyklykda 1936-njy ýylda esaslandyryldy.


Ol özüniň adyny ony guraýjynyň — meşhur rumyn taryhçysy hem-de sosiology Dmitriý Gustiniň ady boýunça mynasyp boldy. Ol köp ýyllaryň dowamynda gadymy gymmatlyklary ýygnap gelipdir. Muzeý diňe bir dürli taryhy döwürlerde Rumyniýanyň oba durmuşy barada däl, eýsem, ýurduň medeniýeti, onuň baý däp-dessurlary barada hem gürrüň berýär. Herestreu kölüniň ajaýyp kenarynda ýerleşmek bilen, bu muzeý Rumyniýanyň daýhançylyk binagärliginiň nusgalaryny açyp görkezýär. Bu ýerde XV asyrdan başlap biziň günlerimize çenli ösüşiň tutuş taryhy bilen tanyşmak bolýar.

Dmitriý Gusti adyndaky milli oba muzeýi 76 toplumy, 322 desgany özüne birleşdirýär. Onuň gymmatlyklarynyň arasynda fermalar, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň 47-si, 3 sany ýel we 3 sany agaç degirmenleri, ýönekeýje kümeler hem-de oba ybadathanalarynyň nusgalary, oba ýerlerinden paýtagta geçirilen beýleki binalar girýär. Şol desgalaryň köpüsi 18-nji asyra degişlidir. Bu ýerde Rumyniýanyň dürli ýerleriniň daýhançylyk durmuşyna degişli zatlary — dokalan zatlary, gap-gaçlary, halylary, ikonalary we mebelleri görmek bolýar.

Rumyniýa resmi saparynyň barşynda 2011-nji ýylyň maý aýynda açyk asmanyň aşagyndaky täsin etnografiki muzeýine baryp gören hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadygärlik ýazgysy Dmitriý Gusti adyndaky Milli oba muzeýiniň hormatly myhmanlarynyň kitabynda saklanyp galypdyr. Şonda türkmen Lideri muzeý gymmatlyklary bilen tanşyp, türkmen we rumyn halklarynyň taryhy kökleriniň umumylygyna şaýatlyk edýän gymmatlyklaryň birnäçesini belledi.

Şu gün bu ýere Rumyniýanyň Daşary işler we Medeniýet ministrlikleriniň, Buharestde ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şäheriň jemgyýetçiliginiň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, rumyn mekdep okuwçylary hem-de dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary ýygnandylar.


Hormatly myhmanlaryň arasynda Rumyniýanyň Türkmenistandaky ozalky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, ykdysady ylymlaryň doktory Ion Porožan we onuň aýaly Mioara Porožan bar. Olar türkmen medeniýetiniň hakyky muşdaklarydyr hem-de Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň rumyn diline terjimeçileridir.

Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynda edilen çykyşlarda parahatçylygy we dostlugy berkitmekde, iki halkyň medeniýetlerini özara baýlaşdyrmakda, ynsanperwer gatnaşyklaryny giňeltmekde şu günki çäräniň ähmiýeti bellenildi. Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Ýohannise türkmen we rumyn halklarynyň öňden gelýän ruhy gatnaşyklaryny berkitmäge we täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen döredijilik forumyny guramak mümkinçiligi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, şu gün gol çekilen Medeniýet ulgamynda özara gatnaşyklar hakynda Ylalaşygyň ähmiýeti bellenildi.

Biziň wekiliýetimizi Smitriý Gusti adyndaky Milli oba muzeýiniň ýolbaşçylary we işgärleri mähirli garşyladylar. Muzeýiň baş menejeri Paulo Papoýyň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň taryhynyň gadymylygyny, medeni däpleriniň özboluşlylygyny, milli sungat mekdebiniň yzygiderliligini açyp görkezýän türkmen ekspozisiýasy rumyn muzeýiniň maksatnamasy üçin sazlaşykly bolup, oňa gelýänlerde uly gyzyklanma döreder.

Soňra dabara gatnaşyjylar türkmen halkynyň muzeý gymmatlyklarynyň we amaly-haşam sungatynyň sergisi bilen tanyşdylar. Rumyn durmuşynyň we däp-dessurlarynyň tanyşdyrmasy özboluşly simwoliki ähmiýete eýe boldy. Bir meýdançada asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan özboluşly däplerine we dessurlaryna ygrarlylyk güýji, taryhy ýadygärlige, milli mirasa hormat goýmak we aýawly saklamak güýji bilen birleşen dostlukly halklaryň medeniýetleri duşuşdy.


Daşary ýurtlarda tanyşdyrylýan türkmen ekspozisiýasyna muzeý gymmatlyklarynyň hem goşulýandygyny bellemek gerek. Olar ýurdumyzyň baý taryhy-medeni mirasynyň bardygyna şaýatlyk edip, onuň çägi taryhy we umumydünýä medeniýetiniň ýadygärlikleri bilen tanalýar. Bu gezek Buharestde öz eksponatlaryny Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýi we Şekillendiriş sungaty muzeýi görkezdiler.

Giň möçberli sergide gadymy halylar, türkmen halyçylarynyň dokan halylary, häzirki zaman önümleri, milli lybasyň hem-de özboluşly zergärçilik önümleriň nusgalary bar. Olar türkmenleriň milli medeniýetiniň özboluşly sungatynyň nusgasy bolmak bilen, özünde halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan özboluşly gözelligini jemleýär. Türkmen sergisine gelip görenler bu ýerde görkezilen meşhur eserler bilen tanyşdylar. Olarda ýurdumyzyň ajaýyp peýzažy, meşhur ahalteke bedewleri şekillendirildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary hem-de türkmen halkynyň sungatyna, aýdym-sazyna, medeniýetine, özboluşly tebigatyna bagyşlanan eserleri bu ýerde görkezilýän zatlaryň esasyny düzdi.

Sergide görkezilýän zatlaryň her biri milli gymmatlyklarymyzyň ähmiýetini açyp görkezdi. Şol gymmatlyklaryň arasynda türkmen sazandalarynyň ýerine ýetiren aýdymlary hem-de sazlary bar.


Bu ajaýyp gymmatlyklar Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň başlangyjynyň özboluşly senasyna öwrüldi. Agşamara Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginiň sahnasynda konsert geçirildi, ol rumyniýaly dostlarymyzy biziň ýurdumyzyň özboluşly saz sungaty bilen tanyşdyrdy.

Konsertiň maksatnamasyny türkmen kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetiren meşhur estrada we halk aýdymçylarynyň çykyşlary düzdi.

Baýramçylyk konsertini “Dokmaçylar” folklor — etnografiki toparynyň çykyşy açdy. Bu çykyşlar türkmen halkynyň agzybirliginiň hem-de myhmansöýerliginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Şondan soňra sahnada eziz Watanymyzyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri beýan edildi.

Dutaryň ajaýyp owazy türkmen topragynyň uç-gyraksyz giňişligine alyp gitdi. “Läle” toparynyň aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdymlar dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Tomaşaçylar türkmen baýramçylygynyň özboluşly öwüşginlerini, özboluşly däp-dessurlaryny, döredijilik-etnografiki toparynyň ýerine ýetiren çykyşlaryny uly höwes bilen syn etdiler.


Milli saz gurallarymyzyň gaýtalanmajak owazlary hem-de türkmen estradasynyň häzirki zaman sazlary, aýdymçylaryň ajaýyp sesleri — bularyň ählisi özboluşly sazlaşyk döredip, tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Gadymy küştdepdi tansy tomaşaçylar tarapyndan ruhubelentlik bilen garşylandy. Özboluşly lybaslar, milli aýdym-saz, tansçylaryň täsin hereketleri halkyň ruhuny duýmaga, nesilden-nesle geçip gelýän häzirki döwrüň ajaýyp özboluşlylygyny emele getirdi.

Bularyň ählisi tomaşyçylaryň zehinli artistlerine, olaryň türkmen sungatynyň ajaýyp nusgasyny görkezen çykyşlaryna şowhunly el çarpyşmasyny emele getirdi.

Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar “Adalatly Arkadagym bar meniň!” diýen aýdymy ýerine ýetirdiler. Onuň joşgunly sazlary hem-de watançylyk sözleri Garaşsyz we Bitarap Watanymyzyň özboluşly senasyna öwrüldi.

Ertir Buharestde muzeý gymmatlyklarynyň sergisi hem-de türkmen amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi öz işini dowam eder, ýurdumyzyň wekiliýeti bolsa Rumyniýanyň medeni merkezi bolan Ýassy şäherine ugrar. Şol ýerde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti bolar.