Ï Türkmen türgenleri çempionaty üstünlikli başlaýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen türgenleri çempionaty üstünlikli başlaýarlar

view-icon 1312
Şu gün paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň söweş sungatlary toplumynda sambo boýunça Aziýanyň çempionaty başlady. Bu ýaryşa 17 ýurtdan 400-e golaý türgen gatnaşýar. Ýaryşyň ilkinji güni Türkmenistanly türgenler 23 medala— dokuz altyn, ýedi kümüş we ýedi bürünç medala mynasyp boldular. Bu netije türgenlerimiziň umumy toparlaýyn hasapda birinji orny ynamly özünde saklamaklaryna ýardam edýär.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Muhammet Kössekow, Sapa Sapaýew, Ahmet Taňryberdiýew, Çarymyrat Annagurbanow, Margarita Filippowa, Zöhre Mädreýimowa, Gülbahar Mädreýimowa, Dinara Jumadurdyýewa hem-de Nilufar Muhiddinowa hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdylar. Maksatjan Öwlüýägulyýew, Mergen Joraýew, Göwher Atdaýewa, Dinara Hallyýewa, Ogulgerek Nurmedowa, Farida Mämmedowa hem-de Mähriban Gurbanowa dagy bolsa kümüş medala mynasyp boldular. Alty Altyýew, Kuwwat Gurbanow, Nyýazmyrat Şahmyradow, Arslan Hojamämmedow, Begenç Annaýew, Kadyr Rejepgulyýew hem-de Arslan Hojanyýazow üçünji baýrakly orny eýelediler.


Şeýle hem şu gün ýaryşyň dabaraly açylyşy boldy. Täsirli çäre belli türkmen aýdymçylarynyň we tans toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşdyryldy. Sport we çeper gimnastika, akrobatika, söweş sungatlary we sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanýan ezber türgenler özleriniň görkezme çykyşlaryny tomaşaçylaryň dykgatyna hödürlediler.

Şeýle ýokary derejeli ýaryş Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýär. Şonuň üçin Aziýanyň çempionatynyň synag ýaryşlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçmegi örän wajyp bolup durýar. Çünki, sport hereketleriniň işjeň tarapdary hormatly Prezidentimiziň hut özüniň başlangyçlary boýunça biziň ýurdumyzda 2017-nji ýylda geçjek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçmegi hem köp babatda şu çempionatyň geçirilişine bagly bolup durýar.

Bu sport wakasynyňbaşlamagynyň öňüsyrasynda Olimpiýa şäherjiginde eminleriň okuw-maslahaty guraldy. Ony geçirmek üçin Halkara sambo federasiýasynyň esasy hünärmenleri Ýewgeniý Seliwanow hem-de Aleksandr Polýakow, şeýle hem Russiýanyň Eminler kollegiýasynyň başlygy Boris Sowa çagyryldy. Myhmanlar türkmen kärdeşlerini halkara eminlik düzgünlerine geçen ýylyň dekabrynda girizilen üýtgeşmeler bilen tanyşdyrdylar. Okuw-maslahaty tamamlanansoň türkmen hünärmenlerine sertifikatlar berildi.


Sportuň başa-baş söweş sungatlarynyň köptaraplaýyn görnüşi bolan sambo XX asyryň başlarynda ýüze çykdy. Milli göreşleriň, şol sanda türkmen milli göreşiniň, boksuň we beýleki birnäçe söweş sungatlarynyň emelleri onuň esasyny düzýär. Ilkibaşda sambonyň, ýagny ýaragsyz öz-özüňi goramagyň tilsimleri hukuk goraýjy düzümleriň wekillerine öwredilýärdi. Ýöne az-kem soňra bu görnüş hemmelere elýeterli boldy.

Sambo halkara sport älemine geçen ýüzýyllygyň 60-njy ýyllarynda çykdy. Göreşiň bu täze usulytiz wagtdan tutuş dünýä boýunça ykrar edildi. Ony Panamerikan, Boliwarian oýunlary, Bütindünýä uniwersiada, Aziýa kenarýaka oýunlary we beýlekiler ýaly dürli toplumlaýyn ýaryşlaryň maksatnamasyna goşmaga başladylar.

Soňky onýyllykda söweş sungatynyň bu görnüşi uly ösüşlere eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda Halkara sambo federasiýasynyň hünärmenleri sambonyň täze söweşjeň-sport görnüşini işläp düzdüler. Bu görnüş hem gysga wagtyň içinde dünýäde uly meşhurlyk gazandy. 2007-nji ýyldan bäri ýaragsyz öz-özüňi goramak boýunça ýaryşlar (Dünýäniň we Aziýanyň çempionatlary, Dünýäniň kubogy ugrundaky ýaryşlar) sportuň bu görnüşiniň iki ugry boýunça bilelikde geçirilýär.


Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziadanyň maksatnamasyna hem söweş sambosy bilen sport sambosy girýär. Edil şu Aziýa çempionatyndaky ýaly ol ýaryşda hem türkmen türgenleri ýokary ussatlyk görkezip üstünlikli çykyş ederler.

Muňa ildeşlerimiziň diňe bir bu çempionatyň ilkinji güni gazanan üstünlikleri däl-de, olaryň dünýä derejesindäki iri halkara ýaryşlarynda gazanan köp sanly üstünlikleri hem güwä geçýär. Mysal üçin, şu ýylyň mart aýynda Moskwada sambonyň düýbüni tutujylaryň biri A. Harlampiýewiň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşyň tapgyry geçdi. Türkmenistanly türgenler ol ýaryşda söweş sambosy boýunça bir altyn, bir kümüş we iki bürünç medal gazanyp, umumy toparlaýyn hasapda ikinji orny eýelediler.

Samboçylarymyzyň çempionata üstünlikli girişmekleri Türkmenistanyň ýygyndysynyň Aziýa çempionatynda ýene iki günüň dowamynda medallar ugrunda göreşjek beýleki türgenleriniň hem özlerine bolan ynamyny artdyrar. Ýaryşlar 29-njy maýa çenli dowam eder.