Olimpiýa şäherjiginde sambo boýunça Aziýanyň çempionaty tamamlandy. Çempionat 17 ýurtdan 400 töweregi türgeni özünde jemledi. Ildeşlerimiz altyn medallaryň 21-sini gazanyp, umumy toparlaýyn hasapda birinji orny eýelediler. Türkmenistanyň toparynyň ähli gazanan medallary 66-a deň boldy. Olaryň arasynda altyn medallardan başga-da, 26 kümüş hem-de 19 bürünç medal bar. Ajaýyp üstünlik!
Çempionatda türgenler iki görnüş boýunça — sport we söweş sambosy boýunça, ýaşlar we ýetginjekler toparlarynda, erkekleriň we zenanlaryň arasynda bäsleşdiler. Ýaryşyň ahyrky güni türkmen türgenleri 21 baýrak gazanyp, ýurdumyzyň sport üstünliklerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşdular. Baýraklaryň sekizisi altyn, sekizisi kümüş we bäşisi bürünç medallardyr.
Sport sambosy boýunça erkekleriň arasynda 52 kilograma çenli agram derejesindäki pälwanlaryň final tutluşygy tomaşaçylaryň has-da ýadynda galdy. Onda Türkmenistanyň toparyndan Begli Meretgeldiýew bilen Belek Barakanow (Gyrgyzystan) duşuşdylar. Ildeşimiz tutluşygy ýanbaş emelini ulanyp, garşydaşynyň ýagyrnysyny ýere degirmek bilen, möhletinden öň öz peýdasyna tamamlamagy başardy.
Sport sambosy boýunça 82 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, özbegistanly Farruh Jumaýewiň garşysyna möhletinden öň ynamly ýeňiş gazanan türkmenistanly türgen Tejen Tejenowyň dürs hereketlerini hem sport söýüjiler entek-entekler ýatlarlar. Tejen Tejenow iri halkara ýaryşlarda gazanan köp sanly üstünlikleri netijesinde 2015-nji ýylda Türkmenistanyň iň oňat türgenleriniň 10-synyň hataryna girdi. Onuň şu çempionatda gazanan üstünligi 2016-njy ýylda hem iň oňat on türgeniň hataryna girmäge ony esasy dalaşgär etdi.
Şeýle hem şu gün Muminjan Arzikulow, Parahat Bäşimow, Abdylla Babaýew, Aýsoltan Gorjowowa, Çynar Turaýewa, Dinara Rozykulowa altyn medallara mynasyp boldular. Hakberdi Jumaýew, Nazar Durdyýew, Işanmyrat Ataýew, Ruslan Esgerow, Jahan Muhammedowa, Angelina Filippowa, Leýla Muhammedowa, Mariýa Lohowa we Mähri Akmyradowa hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdylar. Myrat Gimmiýew, Meýlis Berdiýew, Latifa Babamyradowa, Nazar Durdyýew, we Şöhrat Orazgeldiýew baýrakly üçünji orny eýelediler.
Türgenlerimizi ýaryşa Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Ata Adaýew, Omar Muhammetnazarow, Dörtguly Tejenow we Baýram Halyllaýew dagynyň taýýarlandygyny hem bellemek gerek.
Bu geçen çempionatyň netijesi boýunça türkmen samboçylary häzirki wagtda sportuň bu görnüşi boýunça Aziýa yklymynda öňdebaryjy bolup durýarlar. Bu bolsa geljek ýyl şu ýerde — Olimpiýa şäherjiginde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda türgenlerimiziň täze ýeňişler bilen özlerini iň gowy tarapdan görkezjekdiklerine ynam döredýär.
Ýaragsyz öz-özüňi goramagyň, ýagny sambonyň türkmen mekdebiniň ýokary derejesine Söweş sungatlary federasiýasynyň başlygy Ata Adaýewiň Aziýa sambo federasiýasynyň wise-prezidenti, şeýle hem onuň Merkezi Aziýa bölüminiň prezidenti bolmagy hem şaýatlyk edýär.
Türkmen pälwanlarynyň bu gazanan üstünligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport pudagynda durmuşa geçirýän syýasatynyň netijesi bolup durýar.
Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýüzlerçe döwrebap sport desgalarynyň gurulmagy we sport hereketiniň ösdürilmegi netijesinde ençeme ýaş hem-de zehinli türgenler ýüze çykdy. Olar dünýä we yklym derejesindäki halkara ýaryşlarynda gazanýan ýokary derejeleri bilen halkymyzy begendirýärler. Aşgabatda geçen Aziýa oýunlarynda hem türkmen türgenleriniň ynamly ýeňşi muny aýdyň görkezýär.
Ikinji orny 55 medal (20 altyn) gazanan Özbegistanyň, üçünji orny bolsa 43 medal (20 altyn) gazanan Gazagystanyň ýygyndy toparlary eýelediler.
Aziýanyň çempionaty Aziada — 2017-de işlejek meýletinçilerimiz üçin hem oňat iş sapagy boldy. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bolan meýletin kömekçileriň takyk hereketleri olaryň ähli türkmenistanlylar üçin esasy sport wakasyna eýýämden taýýardyklaryny görkezýär. Meýletinçilerimiziň öňünde ýene bir möhüm sport forumy—Braziliýada geçjek Olimpiýa oýunlary bar. Olar ol ýerde özleriniň iş endiklerini hasam ýokarlandyrarlar.