Paýtagtymyzda iki günüň dowamynda “Türkmen halysy biziň günsaýyn ösýän ata Watanymyzyň gözellik nusgasydyr” atly halkara sergi we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XVI mejlisi geçirildi. Olar maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän umumymilli baýramçylyga bagyşlanyp, “Türkmenhaly” döwlet birleşigi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy guradylar.
Milli baýlygymyzyň — el halyçylygynyň täsin sungatynyň, gözelligi we kämilligi boýunça akylyňy haýran edýän haly eserleriniň gadymy däplerini dowam edýän türkmen halyçy gelin-gyzlarynyň örän uly zehininiň we joşgunly zähmetiniň senasy bolup ýaňlanýan bu baýramçylyk şu ýyl — Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Täze taryhy döwürde türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasyny çuňňur öwrenmek, onuň gadymdan gözbaş alýan däp-dessurlaryny, şol sanda halyçylygy aýawly saklamak we artdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Haly gölleri Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň döwlet nyşanlarynyň aýrylmaz alamatlaryna öwrülip, halkyň agzybirligini we jebisligini, oňa mahsus bolan filosofik parasatlylygy, ajaýyplyga tükeniksiz ymtylmany beýan edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti — bütin dünýäde milli baýlyklarymyzy giňden ýaýmak meselelerine uly üns berýän türkmen halysynyň ajaýyp bilermeni we hakyky muşdagy. Döwlet Baştutanymyzyň 2011-nji ýylda neşir edilen “Janly rowaýat” atly kitaby türkmen halkyna hakyky sowgat boldy. Baýramçylyk dabaralarynyň öň ýanynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çapdan çykan “Arşyň nepisligi” atly täze düýpli işi bolsa şanly waka öwrüldi. Milli halyçylyk barada awtoryň oýlanmalaryny öz içine alan hem-de mähriban halkymyzyň medeniýetine uly söýgi we hormat içinden eriş-argaç bolup geçýän ajaýyp neşiriň tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde, Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde, ýokary okuw mekdeplerinde hem-de Türkmen halysynyň milli muzeýinde geçirildi.
Paýtagtymyzyň bu muzeýi dünýäde el halylaryny saklamaga, öwrenmäge we ýaýmaga ýöriteleşdirilen ýeke-täk muzeýdir. Bu muzeý ýanaşyk ýerleri hem Aşgabat şäherinde ägirt uly haly sergisiniň geçirilýän meýdançasyna öwrüldi. Ol her ýyl dünýäniň ähli künjeklerinden türkmen sungatynyň muşdaklarynyň köp sanlysynyň ünsüni özüne çekýär.
“Türkmen halysy biziň günsaýyn ösýän ata Watanymyzyň gözellik nusgasydyr” atly halkara sergä gatnaşmak üçin paýtagtymyza Ýewropa we Aziýa döwletleriniň ençemesinden esasy alymlar we hünärmenler, belli haly öndürijiler, işewürler, iri söwda we beýleki kompaniýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri geldiler. Ýurdumyzyň hyzmatdaşlarynyň hatarynda halyçylyk pudagynda özara baýlaşmak däplerine eýe bolan ýurtlar—Russiýa, Germaniýa, Hytaý, Türkiýe, Saud Arabystany, Eýran, Pakistan, Owganystan, Gazagystan, Özbegistan, Azerbaýjan, şeýle hem Täjigistan, Belarus bar. Foruma türkmen el halysynyň muşdaklarynyň bütindünýä assosiasiýasynyň, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň, medeni merkezleriň we muzeýleriň wekilleri gatnaşdylar.
Halkara serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň baştutanlary, medeniýet we sungat işgärleri, talyp ýaşlar, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, pudak kärhanalarynyň wekilleri hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan belli halyçylar gatnaşdylar.
Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda döwlet Baştutanymyz merdana halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan, umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen ajaýyp sungat hökmünde milli halyçylygyň ähmiýetini belledi. Gutlagda hususan-da, şeýle diýilýär: “Türkmen halysy ynsan kalbyny joşa getirýän gudratdyr, türkmeniň öz milletine, diline, dinine, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna bolan egsilmez söýgüsiniň nyşanydyr... Türkmen halysy halkymyzyň ruhy ahwalydyr. Gözelligi, nepisligi, müň dürli öwüşginliligi, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary jemlenendir”.
Bu halkara serginiň we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XVI mejlisiniň ýurdumyzda halyçylyk pudagy boýunça gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri, uz barmakly gelin-gyzlarymyzyň täsin sungatynyň köpdürlüligini ähli aýdyňlygy bilen açyp görkezjekdigini bellemek bilen, milli Liderimiz Gutlagynda bu serginiň halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Esasyny seýrek duş gelýän muzeý gymmatlyklary düzen bir bitewi dürli öwüşginli sergi hem-de “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda ussat halyçylarymyzyň dokan ajaýyp halylary döwlet Baştutanymyzyň parasatly sözleriniň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Geçmişde bolşy ýaly, häzirki döwürde hem türkmen halysy halkymyzyň durmuşyndaky möhüm wakalar mynasybetli gowşurylýan sowgat, döredijilik we sport bäsleşiklerinde ýeňijilere berilýän sylag bolmagynda galýar.
Türkmen halysy ägirt uly çeperçilik ähmiýetine eýe bolup, inçe nepisligi bilen tapawutlanýar we Ýer ýüzünde oňa belent sarpa goýulýar. Olaryň gadymy nusgalary häzirki wagtda Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Awstriýanyň, Şweýsariýanyň we beýleki ýurtlaryň muzeýlerinde hem-de sergi zallarynda saklanylýar. Türkmen halysy bu ajaýyp sungatyň muşdaklarynyň uly gyzyklanmasyna hem-de haýran galmasyna mynasyp bolup, Ýer ýüzi boýunça özüniň dabaraly şan-şöhratyny ýaýradýar, ol halkymyzyň ýüzüniň tuwagydyr, müňýyllyklardan aşyp gelen haly dokamak sungatynyň syrlaryny özünde jemleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda milli mirasyň örän baý ýörelgelerini we häzirki tehnologiýalary özünde jemlän el halyçylyk sungaty täze many-mazmun bilen doldurylýar.
Dabara gatnaşyjylar hakyky türkmen toýuna kybapdaş, onuň däp-dessurlaryna mahsus bolan bagşylaryň aýdym-sazlary bilen döredilen täsin ýagdaýa ruhubelentlik bilen goşulyşdylar. Däbe öwrülen gadymy dessurlaryň — öýlenýän ýigidiň öýündäki duşuşygynyň, gelniň öz elleri bilen dokan sowgatlaryny — haly önümlerini we sowgatlyklary olaryň ýakyn garyndaşlaryna paýlaýşynyň şaýady boldular.
Bu ýerde haly dokamak üçin ýüplükleri taýýarlamak we olary boýamak, reňkli keçeleri taýýarlamak, beýleki milli lybaslary tikmek ýaly el işleriniň ýerine ýetirilişi görkezildi. Sergä gelenler köpasyrlyk däpleri aýawly saklap gelýän aýal-gyzlaryň ýakymly owazlara hiňlenip, el iş sungatynyň täze nusgalaryny döredişlerine uly gyzyklanma bilen syn etdiler.
Sergide görkezilýän köp sanly täsin gymmatlyklaryň hatarynda milli zenan lybaslarynyň keşdelenen bezegli nusgalary, şaý-sepler, ajaýyp ýüň we ýüpek halylar görkezilýär, bu gymmatlyklar türkmenleriň örän baý ruhy-medeni dünýäsini açyp, sergä gelýänlerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Myhmanlar özleriniň haýran galýandyklaryny beýan etmek bilen, inçe senediň nusgalaryny surata düşürmäge we wideoşekile geçirmäge howlugýarlar, nusgawy ýüň we ýüpek haly nagyşlary, olaryň ýüzüne dokalan tebigat görnüşleri, nepis çitimlerde şekillendirilen şöhratly ahalteke bedewleri, tebigatyň dürli öwüşgindäki görnüşleri gadymy taryhy ýadygärlikleriň hem-de häzirki zaman binagärlik görnüşleriniň şekilleri sergä aýratyn öwüşgin çaýdy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň el halyçylyk sungatynyň ussatlarynyň täze döredijilik başlangyçlaryny dowam etdirmek bilen Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheriniň Ermitažynda aýawly saklanylýan Pazyryk halysy ýaly gadymy halylaryň nusgalaryny geljekki nesillere ýetirmekde ähmiýetli bolan haly dokamagyň inçe usullaryny berjaý edýändikleri bellenilmäge mynasypdyr.
Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli amaly sungaty ösdürmäge, ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümlerini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga ägirt uly goldaw bermegi netijesinde mümkin boldy, onuň çäklerinde ýurdymyzda täze kärhanalaryň tutuş toplumy döredildi, olarda ezber elli halyçylaryň netijeli zähmet çekmegi hem-de döredijilikli zehinlerini doly açmaklary üçin ähli şertler döredildi.
2014-nji ýylda Marynyň ýüňi ilkinji gezek gaýtadan işleýän kärhanasynda ýyllyk kuwwaty 4 müň tonna ýuwlan ýüňi öndürmäge deň bolan täze önümçilik desgalarynyň açylmagy bilen, eýýäm 2015-nji ýylda ýüň-egirme kärhanalary üçin taýýarlanylýan çig malyň möçberiniň 10-dan bir bölegi pudagyň ähli zerurlyklaryny üpjün etdi. Önümleriň ep-esli bölegi içki bazara, bir bölegi bolsa daşary ýurt sarp edijilerine ugradyldy.
Gadymdan gelýän nagyşly we häzirki zaman haly önümleriniň taýýarlanylýan möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmagyň, pudagyň kärhanalarynyň önümçiligini ýokarlandyrmagyň möhüm şerti çig malyň häzirki zaman derejesinde senagat taýdan gaýtadan işlenilmegidir, şunda saryja goýnuň ýazky gyrkymynyň ýüňünden işlenip taýýarlanylýan çig malyň berkligine, ýüplükleriň ýumşaklygyna aýratyn üns berler. Ýüň egriji “Argaç” fabrigi bu ugurda ýöriteleşdirilen kärhanadyr, onuň tehnologiýa taýdan durkunyň täzelenilmegi netijesinde, häzirki wagtda bu ýerde her günde 500 kilogram arassa ýüň ýüplükler taýýarlanylýar, olaryň 250 kilogramy boýalan ýüplüklerdir.
Ýurdumyzda iň iri haly kärhanasy bolan Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynyň önümçilik binýady giňeldilýär, onuň çäginde, 1000 inedördül metr meýdanda täze önümçilik desgasy bina edilýär. Bu desganyň işe girizilmegi bilen kärhanada her ýyl dokalýan 6 müň inedördül metr haly önümleriniň üstüne goşmaşa ýene-de 1500 inedördül metr arassa ýüňden dokalan halylar goşular. Şeýle hem bu ýerde ägirt uly halylary dokamak göz öňünde tutulýar, munuň üçin kärhanada degişli enjamlaryň kämilleşdirilen görnüşlerini we gurnamalaryny işläp taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edýän aladasyna mynasyp jogap hökmünde pudagyň işgärleri ajaýyp halylary dokaýarlar, olar Türkmenistanyň ähli ýerlerinde bina edilýän ýüzlerçe täze edara binalarynyň, durmuş-medeni maksatly edaralaryň, senagat kärhanalarynyň bezegine milli öwüşgin çaýýar. 2015-nji ýylda döwlet birleşiginiň haly kärhanalarynda 42 müň 860 inedördül metr möçberinde haly önümleri taýýarlanyldy.
“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynyň önümçilik kuwwaty el halylarynyň dokalyşynyň möçberlerini yzygiderli artdyrmaga hem-de bu sungata sarpa goýýan daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň uly isleglerini kanagatlandyrmak maksatlaryna gönükdirilendir, munuň üçin ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleri artdyrylýar. Ýurdumyzyň hususy işewürlik düzüminiň wekilleri hem milli halyçylyk senedini giňden ösdürmäge mümkinçilik aldylar, olar bazarlary nepis we ýokary hilli haly önümleri bilen üpjün edýärler.
Telekeçi zenanlaryň sergide görkezýän sowgatlyk haly önümleriniň tutuş toplumy haly gölleriniň sazlaşygy, milli keşdeleriň nusgalary hem-de nepisligi we aýratyn çeperçilik çemeleşmeleri bilen bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekdi. Häzirki wagtda öz işiniň hakyky ussatlary, milli däp-dessurlary dowam etdiriji zenanlar häzirki döwrüň talaplaryna tiz seslenmegi başarýarlar hem-de halyçylyk pudagynyň ösdürilmegine uly goşant goşýarlar.
Milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, el halylarynyň täsin nusgalaryny wagyz etmekde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen giň medeni we söwda-ykdysady gatnaşyklar uly orna eýedir. Germaniýanyň, Italiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Gresiýanyň, Fransiýanyň we beýleki köp sanly ýurtlaryň kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Sergä gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň hatarynda “Linkway Investment Limited” paýdarlar kompaniýasynyň ýüňi we ýüplükleri işlemek tehnologiýalaryna ýöriteleşdirilen “Honaz Ithalat Ihraсat” türk firmasynyň, Owganystanyň Haly öndürijileriniň assosiasiýasynyň, Eýranyň “Saadat” we “Ipek” haly kärhanalarynyň we beýlekileriň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri bar.
Sergi bölümleriniň köp öwüşginli görnüşleri, bu ýerde höküm süren baýramçylyk ýagdaýy myhmanlara haly dokamagyň milli däp-dessurlary hem-de milletimiziň örän baý halyçylyk sungaty barada giň düşünje almaga, türkmen halkynyň özboluşly medeniýetiniň hem-de sungatynyň aýratynlyklary barada köp maglumatlary almaga mümkinçilik berdi.
Türkmen halysynyň baýramynyň hormatyna ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we etraplarynda sergiler we bäsleşikler, konsertler we teatrlaşdyrylan çykyşlar guraldy. Öz işiniň ussatlaryny we pudagyň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabaralary “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň çeper halyçylyk kärhanalarynda, fabriklerinde we önümçilik kärhanalarynda geçirildi.
Sergä gatnaşyjylar “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň mejlisler zalyna ýygnandylar, bu ýerde Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XVI mejlisi geçirildi. Wekilleriň arasynda Eýrandan, Hytaýdan, Germaniýadan, Türkiýeden, Pakistandan, Saud Arabystanyndan gelen taryhçy alymlar we haly sungatyny öwrenijiler, bilermenler, ussat halyçylar we halyşynaslar, şeýle hem täze tehnologiýalary işläp taýýarlaýjylar, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Birleşen Arap Emirliklerindäki we Owganystandaky bölümleriniň wekilleri, Gazagystan Respublikasynyň Merkezi döwlet muzeýiniň, Azerbaýjanyň Haly muzeýiniň, şol ýurtlaryň Milli medeni merkezleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler bar.
Türkmen halkynyň ruhy we medeni mirasyny aýawly saklamagy we giňden wagyz etmegi, el halyçylygynyň hem-de amaly-haşam sungatynyň beýleki görnüşleriniň milli däplerini artdyrmagyň wezipelerini çözmekde gazanylan üstünlikler pudakda, şol sanda ýüňi gaýtadan işlemekde we boýamakda täze işläp düzmeleri hem-de täze senagat işlerini ornaşdyrmak — bu meseleler ýygnananlaryň üns merkezinde boldy. Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda gadymy haly gölleriniň gelip çykyşynyň taryhy aýratynlyklary, dürli ýurtlarda we dürli taryhy döwürlerde halyçylyk sungatynyň ösüşi babatda ylmy işleriniň netijeleri bilen tanyşdyrdylar.
Bellenilişi ýaly, türkmen halyçy zenanlarynyň gadymy döwürlerden bäri dünýä meşhurlygyna eýe bolan el halylary häzir hem hemmeleri haýran galdyrýar. Türkmen halylarynyň gözelligi hakynda gürrüň açýan “Janly rowaýat” we “Arşyň nepisligi” atly ajaýyp kitaplaryň awtory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu milli sungaty ösdürmäge berýän uly goldawy we şahsy goşandy netijesinde täze taryhy döwürde bu miras mynasyp dowamyna eýe bolýar.
Aşgabat şäherinde geçirilýän halkara sergiler we ylmy maslahatlar bu gadymy sungatyň inçe syrlaryny açyp görkezmäge, onuň esasynda duran paýhasyň, durmuş pelsepesiniň we türkmen halkynyň baý medeni-taryhy mirasynyň çuňňurlygyna düşünmäge ýardam edýär, olar türkmen halyşynaslarynyň hem-de milletiň we dünýä medeniýetiniň beýik baýlygyny wagyz edýän daşary ýurtly muşdaklaryň arasynda döredijilik we işewür gatnaşyklaryny has-da ösdürmek we giňeltmek üçin ajaýyp mümkinçilik döredýär.
Forumyň işiniň çäklerinde “Türkmen halysy biziň günsaýyn ösýän ata Watanymyzyň gözellik nusgasydyr” atly halkara sergä gatnaşyjylara diplomlary we güwänamalary gowşurmak dabarasy boldy. Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XVI mejlisi tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, onda döwlet Baştutanymyza el halyçylyk pudagyny ösdürmek boýunça ägirt uly işleri, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin döredilen amatly şertler üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Agşam “Aşgabat” konsert merkezinde pudagyň ussat işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Olara Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly atlar dakyldy, Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda guralan uly konsert halyçylar üçin, şeýle hem ähli aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin ajaýyp sowgat boldy.