Türkmen halkynyň medeni-taryhy däp-dessurlaryny we ideýa-estetiki garaýyşlarynyň köpdürliligini görkezýän baýramçylyk wernisažy Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we onuň myhmanlaryny beýik akyldar we şahyr Magtymguly Pyragynyň edebiýat we çeper mirasyny simwoliki taýdan birleşdirýän žiwopisçileriň, skulptorlaryň we zergärleriň eserleri, şeýle hem bezeg-amaly sungatyň nusgalary bilen tanyşdyrdy. Beýik şahyryň döredijiliginde zähmetsöýer we zehinli türkmen halkyna özbaşdak döwletli, gumanistiki ideýalary we joşgunlylygy bolmagy, agzybirligi we jebisligi, ene topraga bolan söýgüni arzuw edipdir.
Watany söýüji, halk ruhunyň aýdymçysy we beýan edijisi Magtymguly Pyragy öz eserlerinde türkmen halkynyň garaşsyzlyk, Bütewi türkmen döwleti baradaky umyt-arzuwlaryny, gumanizmiň, söýgüniň, dostlugyň we watansöýüjiligiň ideýalaryny taryp edipdir.
Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde ýaýbaňlandyrylan ekspozisiýada Magtymguly Pyragynyň kanoniki portretini döreden Aýhan Hajyýewiň polotnosy esasy orny eýeleýär. Onuň “Magtymguly”, “Gadymy oba” atly aýdyň eserleri, Rabinowiçiň “Söhbetdeşlik” suraty, Saragt Babaýewiň “Magtymguly” heýkeli şahyryň baý içki dünýäsini, onuň filosofiki garaýyşlaryny, emosial taýdan çuňňur täsir edijiligini, şahyrana setirleriniň çuňňur manylygyny aýdyň beýan edýärler.
Beýik akyldaryň medeni mirasy, onuň döwürdeşleriniň keşpleri diňe bir şahyrana ýygyndylaryň sahypalarynda ýaşaman, eýsem žiwopisiň ussatlary Ýe.Adamowanyň, N.Dowodowyň, A.Gylyjowyň, A.Nuryýewiň, K.Amanowyň M.Annagulyýewiň eserlerinde hem ýaşaýar. Bu ýerde görkezilýän polotnolar awtorlaryň ileri tutýan döredijiligini beýan etmek bilen, Magtymgulynyň poeziýasynyň içinden eriş-argaş bolup geçýän türkmen topragynyň, halkynyň, wakalarynyň, tebigatynyň we medeniýetiniň, däp-dessurlarynyň we adatlarynyň taryhyna bolan köp ugurly obrazly-žiwopis garaýyşlaryny görkezýärler.
Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde türkmen zergärleriniň özboluşly, stilistiki we kompozision taýdan sazlaşýan iň gowy nusgalary görkezilýär. Has inçelik, örän nepislik we inçeden çeper, kümşüň ajaýyp öwüşgini, oniksiň ýalpyldysy, firýuza we hakyk daşlarynyň ýiti öwüşgini, geometriki görnüşi we awtoryň pikiriniň syrlary, adatdan daşary çeperçilik taýdan ýerine ýetirilen eserleriň içinden eriş-argaş bolup geçýär.
Türkmen halkynyň baý taryhy-medeni we edebiýat mirasyny we häzirki zaman döredijilikli amala aşyrmalaryny simwoliki taýdan birleşdiren Konstitusiýa we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp geçirilen baýramçylyk ekspozisiýalary gözbaşynda Magtymguly Pyragynyň wasp eden däp-dessurlaryň miras düşenligi we gumanizimiň ideýalary, adalatlylyk, parahatsöýüjilik we agzybirlik baradaky iedýalary ýatan döwrüň we nesiliň aýrylmaz arabaglanyşygyny aýdyň beýan etdiler.