Ï Türkmenistan — Gyrgyzystan: dostlukly halklaryň medeni gatnaşyklary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan — Gyrgyzystan: dostlukly halklaryň medeni gatnaşyklary

view-icon 1217
Paýtagtymyzda Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Iki döwletiň Prezidentleriniň başlangyjy bilen amala aşyrylýan medeni çäre köpugurly gatnaşyklaryň sazlaşykly ösdürilmegine we hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine bolan gyzyklanmalaryň aýdyň subutnamasydyr.

Döredijilik çäresi türkmenistanlylary gyrgyz halkynyň özboluşly milli medeniýeti, sungaty we däp-dessurlary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen jogap çäresi bolup durýar. Geçen ýylyň maýynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirildi. Ol döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda uly ähmiýetli waka bolup, ruhy-taryhy mirasa we iki ýurduň häzirki zaman sungatynyň ýeten derejesine bolan özara gyzyklanmalarynyň subutnamasydyr.

Bu çärä gatnaşmak üçin Aşgabada Gyrgyz Respublikasynyň Togtogul Satylganow adyndaky Medeniýet merkeziniň işgärleri, sungat ussatlary, “Kambarkan” we Nurdin Tugelow adyndaky “Ak Maral” Döwlet tans toparynyň şöhratly döredijilik, folklor-etnografiýa toparlary bolan ýörite wekiliýet geldi.


Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan iki halkyň taryhy we ruhy-medeni gatnaşyklary häzirki döwürde gumanitar ulgamdaky türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyny giňeltmekde kuwwatly binýat bolup hyzmat edýär. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Almazbek Atambaýewiň soňky ýyllarda guran saparlary Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky giň möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze tapgyry emele getirdi. Ikitaraplaýyn saparlaryň netijeleri boýunça hökümetara ylalaşyklara, şol sanda ylym, bilim, medeniýet, sungat, syýahatçylyk, sport we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek babatdaky resminamalar toplumyna gol çekildi.

Folklor, saz toparlaryny, sungat ussatlarynyň wekiliýetlerini alyşmak işjeň häsiýete eýe boldy. Iki ýurduň ylym we medeniýet işgärleri halkara maslahatlara, sergilere we beýleki çärelere işjeň gatnaşýarlar. Ikitaraplaýyn geçirilýän Medeniýet günleri ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berýär we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstüni täze mazmun bilen baýlaşdyrýar.

Şunuň bilen baglylykda gyrgyz döredijilik toparlarynyň geçen ýyl ýurdumyzyň Lebap welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligine, şeýle hem “Türkmeniň Altyn asyry” döwlet bäsleşigine gatnaşandygyny, şonda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň we Hökümetiniň Iş dolandyryjysynyň ýanyndaky “Agym” estrada-folklor toparynyň ýeňiji bolandygyny bellemeli.


Şu gün Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde resmi gyrgyz toparyny kabul etmegiň barşynda ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem syýahatçylyk babatdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Agşamlyk Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde dostlukly ýurduň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Şu mynasybetli bu ýere döredijilik toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar ýygnandylar.

Döredijilik wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Gyrgyz Respublikasynyň medeniýet, maglumat we syýahatçylyk ministriniň orunbasary B.Sekimow açylyş dabarasynda eden çykyşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine yzygiderli üns berýändigi üçin Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklarynyň, aýratyn hem söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösýändigini nygtady. Myhman iki ýurduň ylmy we döredijilik toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklarynyň, syýahatçylyk ugry boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde bu çärä möhüm ornuň degişlidigini belledi. Iki ýurduň nesiller üçin aýawly saklanmaly baý mirasa eýedigini, olaryň diňe bir dünýäniň alymlaryny däl, eýsem sungatyň taryhynyň, milli däpleriň muşdaklaryny özüne çekýändigini aýtdy.


Soňra Mukamlar köşgüniň sahnasynda Gyrgyzystanyň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Respublikanyň halk artistleri Salamat Sadykowanyň we Kyrgyzbaý Osmonowyň hem-de beýleki gyrgyz sahnasynyň ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde adamzadyň baky gymmatlyklary hakynda aýdymlar ýaňlandy. Dürli aýdymlar, “Manas” eposyndan bölekler “Kambarkan” folklor-etnografik toparynyň çykyşlary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Olar öz çykyşlarynda gadymy saz gurallary bolan komuz, kyýak, temir ooz komuz ýaly saz gurallaryny ussatlyk bilen ulandylar.

“Ak Maral” balet toparynyň tansçylarynyň çykyşlarynda näziklik, gözellik duýulýar. Olar ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldular.

Gyrgyz artistleriniň tutuş düzüminiň ussatlyk bilen ýerine ýetiren, iki doganlyk halkyň dostlugyna bagyşlanan aýdymy konsertiň jemlemesine öwrüldi.

Ertir Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde dostlukly ýurduň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi açylar. Serginiň çäklerinde agaçdan, syrçadan edilen önümler, demirden ýasalan şekiller, syrçanyň ýüzündäki suratlar, ýüňden we ýüpekden dokalan matalar, milli lybaslar, dürli görnüşli sowgatlyk önümleri görkeziler.


“Türkmenistan” kinokonsert merkezinde gyrgyz sungat ussatlarynyň we döredijilik toparlarynyň çykyşy dowam eder. “Aşgabat” kinokonsert merkezinde gyrgyz kinoçylarynyň düşüren iň gowy çeper filmleri görkeziler. Olaryň hatarynda halkara kinofestiwallaryň baýraklaryna mynasyp bolan zehinli režissýor T.Okeýewiň Çingiz Aýtmatowyň adybir powesti esasynda surata düşürilen “Gyzyl alma” we “Biziň çagalygymyzyň asmany” atly kinolar görkeziler.

Gyrgyz Respublikasynyň medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy 16-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriler we iki dostlukly ýurduň artistleriniň bilelikdäki uly konserti bilen tamamlanar.

Myhmanlar ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleri, muzeý gymmatlyklary we paýtagtymyzyň ajaýyp ýerleri bilen tanşarlar.