Ï Türkmen şaşkaçy zenanynyň uly ýeňşi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen şaşkaçy zenanynyň uly ýeňşi

view-icon 1476
Türkmenistanly halkara grossmeýster Amangül Berdiýewa ýakynda Italiýanyň paýtagty Rim şäherinde geçirilen dünýä birinjiliginde iňlis-amerikan şaşkasy boýunça dünýäniň absolýut çempiony diýen ada mynasyp boldy. Biziň toparymyzyň düzüminde çykyş edýän Penagylyç Ezizgylyjow hem 18 ýaşa çenli ýetginjekler toparynda tapawutlanyp, altyn medalyň eýesi boldy.

Bu ýaryşlara Ýewraziýa, Demirgazyk Amerika we Afrika yklymlaryndan güýçli şaşkaçylar gatnaşdylar. Medallar üçin bäsleşikler “başlangyç bije” usulynda geçirildi, şunda ilkinji üç göçüm kompýuter arkaly ýerine ýetirilýär.

Aýlaw usulynda geçirilen oýunlaryň barşynda Amangül Berdiýewa mümkin bolan 32 utukdan 26 utuk toplady. Bäşim we Maksat Durdyýewlerden tälim alýan şaşkaçy dünýäniň iň güýçli şaşkaçysy diýen ady dünýäniň çempiony ukrainaly Nadežda Çižewskaýadan üstün çykyp gazandy. Ozalky dünýä çempiony bu gezekki ýaryşlarda 22 utuk toplap, bürünç medala mynasyp boldy.


Zenanlar toparynda Altynaý Öwezowa hem oňat çykyş edip, 21 utuk toplady, 16 ýaşly türkmen türgeni hem N.Çižewskaýany 3:1 hasabynda utmagy başardy. Bu görkeziji balkanabatly ýaş, zehinli gyzyň uly geljeginiň bardygyny çaklamaga esas berýär, ol Amangül Berdiýewadan tälim alýar.

Ýetginjekler toparynda bäsleşiklerde Penagylyç Ezizgylyjow soňky tapgyrda ýer eýeleriniň – italýan şaşkaçylarynyň ikisinden bir utuk ozmagy başardy (mümkin bolan 16 utukdan 10 utuk).

Şeýlelikde, sylaglary gowşurmak dabarasynda biziň şaşkaçylarymyzyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet senasy iki gezek belent ýaňlandy – munuň özi sport belentliginiň iň gowy beýanydyr.

Çempionat tamamlanandan soň, Bütidünýä şaşka federasiýasynyň kongresi geçirildi, onda bu guramanyň prezidenti Riçard Bekwit biziň türgenlerimiziň ýokary ussatlyk derejesini aýratyn belledi.

Häzirki wagtda şaşka boýunça ýurdumyzyň milli topary ýene bir iri ýaryşa – sentýabr aýynda Demirgazyk Irlandiýada geçirilmegi meýilleşdirilýän Dünýä Kubogynyň tapgyryna taýýarlyk görýär.