Ï 2016-njy ýylda GDA-nyň medeni paýtagty bolan Daşoguzda Halkara ylmy-amaly maslahat geçýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2016-njy ýylda GDA-nyň medeni paýtagty bolan Daşoguzda Halkara ylmy-amaly maslahat geçýär

view-icon 1255
N.Andalyp adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynda Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine bagyşlanylan çäreleriň çäklerinde geçirilýän “Türkmenistan ruhy-medeni gymmatlyklara baý ülkedir” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy boldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milletiň taryhy-medeni mirasyny aýawly gorap saklamagy döwletiň ileri tutýan wezipesi hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň berýän aýratyn ünsi netijesinde, ýurdumyzda olary düýpli öwrenmek boýunça maksada gönükdirilen toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ýygjam ylmy aragatnaşyklaryň ösdürilmegi, bu ulgamda iri daşary ýurt ylmy-barlag merkezleri we halkara düzümleri, şol sanda BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen giňden hyzmatdaşlyk edilmegi şol işleriň wajyp ugry bolup durýar. Türkmenistanyň 2013-2017-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň düzümine saýlanmagy ýurdumyzyň ýokary halkara abraýyna hem-de halkymyzyň täsin medeni mirasyny gaýtadan dikeltmek, gorap saklamak we wagyz etmek boýunça syýasatyň durmuşa geçirilmegine türkmen döwletiniň neneňsi uly ähmiýet berýändigine şaýatlyk edýär.


Mälim bolşy ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna iş sapary başlandy. Mukaddes Oraza aýy bilen baglylykda beren agzaçar sadakasynyň barşynda döwlet Baştutanymyz gadymy Daşoguz topragynyň mukaddesdigini we bütin dünýä meşhur beýik pirleriň ýaşap geçendigini, häzirki wagtda-da onuň öz gadymy medeni we taryhy ýadygärlikleri bilen meşhurdygyny, muny bolsa Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň hem tassyklaýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň Daşoguz şäheriniň Arkalaşygyň medeni paýtagty hökmünde saýlanylmagy ýöne ýerden däldir. Şäher häzirkizaman düzümlerini dünýäniň, şol sanda GDA gatnaşyjy ýurtlaryň hem alymlarynyň uly üns merkezinde durýan taryhy mirasa aýawly garalmagy bilen sazlaşykly utgaşdyrýar. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde saklanyp galan, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen binagärlik ýadygärlikleri ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň hünärmenleriniň hyzmatdaşlygynda bilelikdäki ylmy barlaglar we dikeldiş işler üçin örän oňat mowzuga öwrüldi.

Bu gadymy toprakda Abu Reýhan Biruni, Mahmyt Zamahşary, Nejmeddin Kubra, Mahmyt Pälwan, Aşyk Aýdyň pir, Hurmuhammet Andalyp, Abdylla Şabende, Gurbanaly Magrupy ýaly gündogaryň beýik akyldarlary, alymlary we meşhur şahyrlary işlediler we döretdiler, ylmy barlaglaryny alyp bardylar. Olar dünýä ylmynyň we medeniýetiniň ösüşine ajaýyp goşant goşup, türkmen halkymyzyň şöhratyny artdyrdylar.

Ir bilen Daşogzuň howa menzilinde daşary ýurtly myhmanlary – GDA ýurtlaryndan bolan alymlary, edebiýaty öwrenijileri, medeniýeti öwrenijileri, sungaty öwrenijileri, taryhçylary, dilçileri, binagärleri, gazuw agtaryjylary hem-de medeni-ynsanperwer ulgamynyň beýleki wekillerini dabaraly garşyladylar.


Ýurdumyzyň ylmyna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň degişli institutlarynyň, ýurdumyzyň medeni merkezleriniň alymlary, muzeý we kitaphana işiniň hünärmenleri, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriň we ýörite orta okuw mekdepleriň mugallymlary wekilçilik edýär.

Foruma gatnaşyjylar ilki bilen mukaddesliklere zyýarat etmekden başladylar. Medeniýet we sungat işgärleri “Köneürgenç” Döwlet taryhy-medeni toplumyna zyýarat etdiler. Bu binagärlik goraghanasy halkyň tagzym edýän mukaddesliklerini özünde jemleýär. Şonuň bilen birlikde Köneürgenjiň ýadygärlikleri netijeli halkara ylmy hyzmatdaşlygynyň hem aýdyň subutnamasy bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, 2005-nji ýylda Durbanda (GAR) geçirilen Bütindünýä mirasynyň komitetiniň ХХIХ mejlisinde gadymy Köneürgenç şäherini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak çözgüdi biragyzdan kabul edildi. Häzir Daşoguz welaýatynyň çäklerinde dürli eýýamlaryň binagärlik ýadygärlikleriniň ýigrimä golaýy ýerleşýär. Olar öz döwründe Gündogaryň iri merkezleriniň biri bolan gadymy türkmen döwletiniň paýtagtynyň beýik derejelere eýe bolandygyna şaýatlyk edýär.

Nejmeddin Kubra we Soltan Aly aramgähleriniň binagärlik toplumyna, “Daş metjit” muzeýine hem-de Törebeg Hanym aramgähine, şeýle hem Daşgala — “Kerwensaraý portaly”, Il Arslanyň, Tekeşiň aramgählerine, asmana tarap belende göterilen, Merkezi Aziýada iň beýik ýadygärlikleriň biri Gutlug Timuryň minarasyna baryp görüp, daşary ýurtly myhmanlar türkmen binagärleriniň örän ussatlygyna hem-de zehinine haýran galdylar, olar özlerinden soň binagärlik sungatynyň naýbaşy nusgalaryny galdyrypdyrlar.

Ýurdumyzyň esasy teatrlarynyň biri bolan N.Andalyp adyndaky Döwlet sazly drama teatrynyň öňündäki meýdança baýramçylyk görnüşinde bezelipdir. Teatr giň tomaşaçylara niýetlenen spektakllary bilen çykyş edip durýar. Onuň topary ýurdumyzda geçirilýän halkara teatr festiwallaryna ençeme gezek gatnaşdy. Teatryň eýwanynda halkara forumyna gatnaşyjylary ýaş skripkaçylar topary garşylaýar.


“Türkmenistan ruhy-medeni gymmatlyklara baý ülkedir” atly halkara maslahatynyň açylyşynyň mejlisinde çykyş eden alymlar, “Daşoguz – Arkalaşygyň medeni paýtagty” maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň şähere öz taryhy-medeni baýlygyny, syýahatçylyk kuwwatyny görkezmäge, GDA bilen aragatnaşyklary giňeltmäge täze mümkinçilikleri açjakdygyny, Türkmenistanyň gözelliklerini halkara derejesinde giňden beýan etjekdigini nygtadylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda alnyp barylýan iri möçberli, türkmen halkynyň şöhratly wakalara baý taryhyny öwrenmäge, onuň maddy we ruhy mirasyny gorap saklamaga we wagyz etmäge, ylmy barlaglary işjeňleşdirmäge, olara beýleki ýurtlardan öňdebaryjy hünärmenleri çekmäge ýardam berýän ösüşlere beslenen özgertmeleriň oňyn orny barada aýdyp, çykyş edenler halkara derejesinde Watanymyzyň abraýynyň barha artýandygyny bellediler.

Maslahata gatnaşyjylar medeni özara gatnaşyklaryň ähmiýeti barada aýdyp, milli Liderimiziň täzeçil we çuňňur ynsanperwer syýasaty netijesinde, häzirki zaman Türkmenistanyň halkara medeni gatnaşyklaryň döredijilikli merkezine öwrülendigini nygtadylar. Daşary ýurtlaryň iri ylmy-barlag hem-de ýokary okuw mekdepleriň merkezleri bilen ysnyşykly ylmy aragatnaşyklaryň ýola goýulmagy, alymlaryň toplanan tejribe we üstünlikler bilen özara alyş-çalyş etmekleri türkmen hem-de sebitiň beýleki halklarynyň taryhyny we ruhy-medeni mirasyny has doly we hemmetaraplaýyn öwrenmäge, umumy dünýä ösüşinde olaryň ähmiýetini we ornuny kesgitlemäge ýardam edýär.


Maslahata gatnaşyjylar Daşoguz welaýatynyň maddy we maddy däl mirasy, edebi ýadygärlikler, täze ýazuw çeşmelerini we arheologik tapyndylary gözläp tapmak babatda öz barlaglarynyň netijeleri bilen paýlaşyp, türkmen halkymyzyň adamzat ösüşine ruhy-medeni, ynsanperwer we ylmy gazananlarynyň jedelsiz uly täsirini täze açyşlary bilen tassykladylar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ylmyň we medeniýetiň okgunly ösýändigi, milli gymmatlyklaryň hem-de dünýä ölçegleri ulgamynda olaryň ähmiýetine düşünilmegiň ýokarlanýandygy nygtaldy.

Aýry-aýry çykyşlar adamzat ösüşiniň taryhynda uly yz goýup giden orta asyrlar eýýamynyň alymlaryna bagyşlandy. Şol eýýam beýik akyldarlaryň ençemesini – ajaýyp türkmen alymlaryny, edebiýatçylaryny we şahyrlaryny ýüze çykardy. Olaryň işleri dürli ylymlaryň has-da ösmegini, milli edebiýatlaryň döremegini köp babatda öňünden kesgitläp, öz täsirlerini Günbatara we Gündogara has alyslara ýaýratdy. Şeýle hem olaryň netijesinde, astronomiýa, fizika, himiýa, matematika, mineralogiýa, geografiýa we beýlekiler ýaly ylymlar ösüşiniň kuwwatly itergisine eýe boldy. Mundan başga-da, olaryň filosofiki dünýä garaýyşlary, köp sanly ylmy we didaktiki eserlerde beýan edilen pikirleri orta asyrlaryň döwlet dolandyryş ylmy, diplomatiýa üçin esas boldy. Olar häzir hem bütin dünýäniň alymlarynyň uly üns bilen öwrenýän ugry bolup durýar.

Daşary ýurtlaryň ylmy toparlarynyň wekilleri medeni mirasy gorap saklamak işinde tejribe alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin, netijeli döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilýändigi, GDA-nyň çäklerinde we dünýäde ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan yzygiderli işler, Türkmenistanda iri medeni forumlaryň geçirilýändigi üçin hoşallyk bildirdiler.


Ertir maslahat işini iki bölümçe görnüşinde: “ХХI asyrda medeni özara gatnaşyklaryň we däp-dessurlaryň ösüşi” hem-de “Daşoguz welaýatynyň maddy we ruhy mirasy” bölümçeler boýunça dowam eder.

Şeýle hem ertir, forumyň işiniň çäklerinde Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde serginiň açylyşy bolar. Onda amaly-haşam sungatynyň, ýurdumyzyň häzirki zaman suratkeşleriniň žiwopis eserleri görkeziler. Dürli usullarda ýerine ýetirilen surat eserleriň hatarynda Köneürgenjiň binagärlik ýadygärlikleri, tebigatyň şekilleri, halkyň durmuşyndan pursatlar, döwürdeşlerimiziň suratlary bar.

Daşary ýurtly myhmanlar welaýatyň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde saklanýan, sebitiň baý taryhyna we medeniýetine şaýatlyk edýän toplanan gadymy we taryhy gymmatlyklar bilen tanşyp biler. Häzir muzeý gaznalarynda gymmatlyklaryň – türkmen halkymyzyň taryhyna, medeniýetine we sungatyna degişli ýadygärlikleriň: arheologiýa tapyndylaryň, gadymy milli egin-eşikleriň we saz gurallarynyň, ajaýyp halylaryň, türkmenleriň adaty durmuşda ulanan serişdeleriniň 11 müňden gowragy bar.

Serginiň ýene-de bir bölümi meşhur halk bagşy-sazandalarynyň, türkmen halk sazlaryny we nusgawy şygryýeti wagyz edijileriň döredijiligine bagyşlanar. Aýawly goralyp saklanylan gymmatlyklar ýüz ýyldan gowrak döwri öz içine alyp, halk döredijiliginiň ýerli ajaýyp wekilleri barada gürrüň berýär.

Sergide kitap bölümi hem görkeziler. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň deňsiz-taýsyz milli gymmatlyklar – ýelden ýyndam ahalteke bedewleri, gözelligi we hili boýunça haýran edýän türkmen halylary, Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň bejeriş häsiýetleri barada gürrüň berýän eserleri, şeýle hem gadymy döwürlerden biziň günlerimize çenli Daşoguz welaýaty baradaky ylmy-köpçülikleýin edebiýatlar bu ýere gelýänleriň ünsüni çeker.