Ýurdumyzda üstünlikli geçirilen Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet günleri tamamlandy. Ol dostlugyň, döredijiligiň we zehiniň aýdyň baýramçylygyna öwrüldi.
Döredijilik çäresine gatnaşyjylaryň pikirine görä, ol hoşniýetli türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň taryhyna täze sahypalary ýazyp, medeni we ruhy däpleriniň umumylygy bilen baglaşan iki halkyň özara baýlaşmaga hem-de ýakynlaşmaga ymtylýandygyny tassyklady.
Medeniýet günleriniň maksatnamasyny sungat ussatlarynyň paýtagtymyzyň sahna meýdançalarynda konsert çykyşlary, amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi, gyrgyz kinematografiýaçylarynyň iň gowy filmleriniň görkeziliş çäresi düzdi.
Gyrgyz Respublikasynyň Toktogul Satylganow adyndaky Medeni merkeziniň, “Kambarkan” folklor–etnografiki toparyň hem-de Nurdin Tugelow adyndaky “Ak Maral” döwlet tans toparynyň artistleri ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygyny, milli aýdym-saz sungatynyň özboluşlylygyny görkezdiler. Aşgabadyň tomaşaçylary Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hem-de “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Gyrgyz halk saz gurallarynda gadymy küştdepdi türkmen tansynyň äheňi boýunça saz kompozisiýasyny ussatlyk bilen ýerine ýetiren artistleriň çykyşy tomaşaçylar üçin ajaýyp sowgat boldy.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýaýbaňlandyrylan çeperçilik sergisinde häzirki zaman gyrgyz suratkeşleriniň suratlary görkezildi. Olarda tebigatyň gözelligi hem-de şäher peýzažynyň özboluşlylygy öz beýanyny tapdy. Gyrgyz zenanlarynyň milli lybasdaky suratlary hem bu ýere gelenleriň ünsüni çekdi. Olarda esasan hem ak reňk agdyklyk edýär. Bu reňk bolsa zenan kalbynyň päkligini hem-de ruhubelentligini alamatlandyrýar.
Sergide görkezilen zatlaryň hatarynda milli lybasyň nusgalary, şeýle hem keçe döretmek sungatynyň täsin eserleri bar. Olar iki halkyň milli däpleriniň taryhy–medeni kökleriniň umumydygyna şaýatlyk edýär. Bu ýerde özboluşly däp bolan nagyşly gyrgyz “şirdak” halylary, şeýle hem keçäniň ýüzüne çekilen täsin nagyşlar görkezildi.
Deriden, ýüpekden we keçeden öndürilen dürli sowgatlyk önümler, şeýle hem ýurduň ajaýyp ýerleri, onuň täsin tebigaty we arheologiki ýadygärlikleri, sagaldyş we dynç alyş merkezleri bilen tanyşdyrýan neşirýat önümleri bu ýere gelenleriň ünsüni çekdi. Sergä gelenler ýurduň syýahatçylyk mümkinçilikleri, onuň baý medeni–taryhy mirasy bilen hem tanyşdylar.
Kino sungatynyň muşdaklaryna “Aşgabat” kinoteatrynda meşhur gyrgyz režissýory T.Okeýewiň döredijiligi bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Bu ýerde iki günüň dowamynda ýazyjy Ç.Aýtmatowyň “Gyzyl alma” eseriniň esasynda döredilen adybir filmiň hem-de “Biziň çagalygymyzyň asmany” atly filmiň görkezilişi boldy. Şol filmlerde ýönekeý adamlaryň keşpleri arkaly söýgi we ynam, nesilleriň dowamatlylygy ýaly mowzuklar açylyp görkezilýär. Tomaşaçylar şeýle hem Watanyň azatlygy hem-de garaşsyzlygy üçin şirin janyny gurban eden gyrgyz halkynyň gaýduwsyz gyzy barada gürrüň berýän “Kurmanjan datka” atly taryhy drama tomaşa etdiler.
Medeniýet günleriniň açylyşy ýaly, onuň ýapylyş dabarasy hem paýtagtymyzyň iň gowy konsertler zallarynyň birinde – Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi.
Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewe milli medeniýetleriň we sungatlaryň ösmegine, bu ugurda netijeli gatnaşyklara ýardam edýän köpugurly ynsanperwer hyzmatdaşlyk syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bellenilişi ýaly, bilelikde geçirilýän medeni çäreler ýaly, şu Medeniýet günleri hem milletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň ýene-de bir köprüsine öwrülip, dostlukly ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň, şol sanda syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze sepgitlerini açdy.
Forumyň çäklerinde Gyrgyzystanyň döredijilik wekiliýeti türkmen paýtagtynyň ajaýyp ýerleri, Türkmen halysynyň Milli muzeýiniň täsin gymmatlyklary bilen tanyşmaga, “Gadymy Nusaý” taryhy-medeni ýadygärlik toplumyna baryp görmäge mümkinçilik aldylar.
Däp bolşy ýaly, bilelikdäki konsert dostluk baýramçylygynyň jemlemesine öwrüldi. Bu konsert sahnada iki ýurduň estrada aýdymçylaryny, halk eserlerini ýerine ýetirijileri, folklor hem-de tans toparlaryny birleşdirdi.