Ï Türkmen alpinistleri Eýranyň iň ýokary belentligi – Demawende çykmagy amala aşyrdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen alpinistleri Eýranyň iň ýokary belentligi – Demawende çykmagy amala aşyrdylar

view-icon 1131
Begenç Mämmedowyň ýolbaşçylyk edýän türkmen alpinistleriniň ýygyndy topary Eýranyň iň ýokary belentligi – öçen wulkan Demawende (5671 metr) çykmagy amala aşyrdylar. Bu daga çykmaklygyň esasy möwsümi tomus pasly bolup durýar, ýöne biziň türgenlerimiz bu meseläni çylşyrymlaşdyryp, bu belentlige maý aýynda çykmak kararyna geldiler.


Belentlige çykmak Demawendiň demirgazyk tarapyndan Reýneh şäherçesinden badalga aldy. Bu ýer hem gijäňi geçirmäge, hem 3100 metr belentlikde ýerleşýän lagere awtoulagy transfer etmek üçin awtoulag taýýardy. Ertesi, 20-nji maýda, 4200 metr beýikde ýerleşýän düşelgä tarap hereket edip başladylar. Bu beýiklikdäki düşelgeden biziň alpinistlerimiz howa şertlerine uýgunlaşmak maksady bilen, ýene-de dört ýüz belentlige çykdylar hem-de gijäni geçirmek üçin yzyna dolanyp geldiler.

Maý aýynda bu ýerde garyň sepgidi 4000 metrden ýokarda başlanýar. Şol günler bu ýerde howa özboluşly bolup, alpinistleri etekde güýçli ýagyş, ýokarda bolsa - gar we doly bilen garşy aldy. Mälim bolşy ýaly, birnäçe gün mundan ozal oňaýsyz howa şertleri belentliklere çykyjylary duman, tüweleý we ýyldyrym bilen bilen garşy alyp, Slowakiýanyň we Russiýanyň toparlaryna zyýan beripdir.


Ýöne, bellenilen gün – 22-nji maýda howa ýokary çykmak üçin amatly boldy. Belentlige çykmak daňdan 4-tde başlady, ýol uzakdy – iň soňky düşelgeden belentlige çenli bir ýarym kilometr bardy. Ýokarlygyna çykmak näme bolsa-da tekizdi, takmynan 30 gradus, onuň köp bölegi gaýa gerişlerinden we garly ýerlerden geçýärdi

Güýçli ýel gaýalaryň ýüzündäki garlary goparýardy. Şol gün, howanyň amatly pursadyndan peýdalanyp, eýranly alpninistker topary hem belentliklere tarap hereket edýärdi.

Eýýäm gündiz sagat ikide Aşgabadyň «Agama» klubynyň alpinistleri Dmitriý Winokurow we Roman Anoşkin we Başkanabadyň «Mert» alpinistler klubyndan Begenç Mämmedow we Witaliý Sagdeýew dag gerşine çykdylar. Bu ýerde olar Türkmenistanyň milli baýdagyny parlatdylar.

Türkmen alpinistleri 2000-nji ýylyň başyndan bäri bäşinji sapar Damewende bolan ekspedisiýasy tamamlandy. Olar mundan öň Ararada, Týan-Şanyň ýediň müň metr belentlikdäki Han-Taňra we Lenin pigne, Günorta Amerikadaky Akonkagua, Gimalaýa we Tibete saparlary bolupdy.