Geçen hepdäniň dynç günlerinde paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde türkmen milli göreşi we guşakly göreş boýunça Aziýa çempionatynyň iş toparynyň mejlisi boldy. Mälim bolşy ýaly türkmen milli göreşi we guşakly göreş boýunça Aziýa çempionaty 25-nji iýundan 30-njy iýuna çenli Olimpiýa şäherjiginiň söweş sungatlary sport toplumynda geçiriler.
Guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň, Milli olimpiýa komitetiniň, birnäçe ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň wekilleri, esasy türgenler we tälimçiler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çempionatda iki görnüş boýunça — erkin we nusgawy usulda göreşmek boýunça ýaryşlar geçiriler. Häzirki wagta çenli Aziýa yklymyndan 16 döwlet ýaryşa gatnaşmaga isleg bildirdi.
Bu ýaryş synag ýaryşy bolup durýar. Onuň netijesi diňe bir milli ýygyndy toparymyzyň Aşgabatda geçiriljek Aziada—2017-ä taýýarlyk derejesini kesgitlemek bilen çäklenmän, ýaryşyň guramaçylarynyň guramaçylyk ukyplarynyň derejesini hem görkezer. Şeýle hem bu ýaryş türkmen meýletinçileriniň iri sport forumlarynda hyzmat etmek boýunça tejribeleriniň artmagyna mümkinçilik berer.
Mundan bir aý ozal Olimpiýa şäherjiginiň söweş sungatlary sport toplumynyň sambo boýunça synag ýaryşyny kabul edendigini belläp geçýäris. Onuň netijeleri ildeşlerimizde örän uly täsir galdyrdy. Bu ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndysy altyn medallaryň sany boýunça (21) hem-de ähli baýraklaryň sany boýunça (66) birinji orny eýeledi. Türkmen milli göreşi we guşakly göreş boýunça ussatlarymyzdan täze üstünliklere garaşýarys.