Mary welaýatynyň merkezinde giň göwrümli döredijilik çäresiniň—Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy. Bu forum hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen indi dördünji gezek geçirilýär, ýurdumyzyň dürli sebitlerinde gezekli-gezegine guralýan bu giň gerimli çärede
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň türkmen medeniýetiniň ajaýyp gazananlary aýdyň görkezilýär.
Her ýyl geçirilýän bu döredijilik çäresi milli mirasymyzy aýawly saklamaga hem-de baýlaşdyrmaga, döredijilik işgärleriniň hünär taýdan ussatlygynyň ýokarlanmagyny höweslendirmäge we täze zehinleri ýüze çykarmaga gönükdirilendir. Ol ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyny bütin köpdürlüligi bilen ýüze çykarýar. Bu miraslaryň her biri umumadamzat medeni gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk medeniýetiniň belent derejesine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen birlikde, döredijilik çäresiniň çäklerinde guralýan sergiler, sahna oýunlarynyň görkezilişi hem-de beýlekiler milli sungatymyzyň mundan beýläk-de hem ösmegine güýçli itergi berýär.
Medeniýet hepdeliginiň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda has dabaraly geçirilmegi ýurdumyzda bu baýramçylyga aýratyn ähmiýet berilýändigini görkezýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu giň göwrümli çäräniň wezipesi köp asyrlyk çeper döredijilik ýörelgeleriniň özboluşly sazlaşygyny hem-de häzirki döwrüň täze, oňyn we many-mazmunly öwüşginlerini açyp görkezmekden ybaratdyr.
Mary bu dabaraly çäräni geçirmek hormatyny 2015-nji ýylda Medeniýet hepdeligini uly üstünlik bilen geçiren Türkmenabatdan kabul edip, bu gezekki döredijilik çäresine gatnaşyjylary mähirli garşylady.
Gadymy taryhy bolan bu şäherde ähli döwürlerde hem edebiýata we ylma aýratyn sarpa goýlupdyr: bu künjekde Gündogaryň meşhur alymlary we filosoflary, sazandalary, şahyrlary hem-de suratkeşleri ýaşapdyrlar we döredipdirler, şolaryň netijesinde tutuş sebite öz täsirini ýetiren hem-de Günbatar bilen Gündogaryň medeniýetleriniň sazlaşygy kemala gelipdir.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, Gadymy Merw siwilizasiýalaryň özboluşly çatrygy bolupdyr. Gündogarda meşhur bolan metjitler we medreseler, bazarlar we dünýäniň ähli ýerinden gelen täjirleriň düşlän uly kerwensaraýlary bu ýerde gurlupdyr. Bu türkmen topragynda Zaratuştra pygamberden başlap, sopuçylygyň beýik şyhlaryna çenli dürli nesilleriň, millionlarça adamlaryň aňyny eýelän ynanç-ygtykatlar döräpdir. Bu ýerde Gorkut ata we Görogly dessanlaryndan başlap, Nesimi, Fizuly, Magtymguly we beýleki orta asyr edebiýatynyň nusgawy şahyrlaryň eserleri düzülipdir. Bu eserlere häzirki wagtda Türkmenistanda hem-de onuň çäklerinden has uzaklarda uly hormat goýulýar.
Merwiň kitaphanalary – bilim ojaklary, ylmyň we bilimiň nusgalyk merkezleri hökmünde köp ýurtlaryň alymlaryny özüne çekipdir. Merw Merkezi Aziýada peýda bolan ilkinji “ylym şäherleriniň” biri bolupdyr, meşhur matematikleri we beýleki alymlar, şol sanda beýik astronom we şahyr Omar Haýýam bu şähere şöhrat getiripdir. Biziň döwrümize çenli saklanan, ÝUNESKO tarapyndan bütindünýä medeni miras hökmünde ykrar edilen, «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghananyň çägindäki ýadygärlikler geçmişdäki ajaýyp binagärlik tejribesinden habar berýär. Taryhy ýadygärlikler dünýäniň alymlarynyň, şeýle hem syýahatçylarynyň hem jahankeşdeleriniň üns merkezinde durýar.
Soňky ýyllarda welaýat merkezinde iri halkara ylmy maslahatlar we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler ýygy-ýygydan geçirilip durulýar. Dünýäniň iň gadymy siwilizasiýalarynyň biri bolan Gadymy Merwiň däp-dessurlary aýdym-saz we şekillendiriş sungatynyň, muzeý we kitaphana işiniň, häzirki zaman binagärlik keşbiniň ösüşinde şöhlelenýär. Mary welaýat Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýi, Kemine adyndaky döwlet drama teatry, Ruhyýet köşgi, ak mermerli Gurbanguly Hajy metjidi, meşhur Merw kitaphanasynyň we obserwatoriýasynyň özboluşly mirasgäri bolan Mary welaýat kitaphanasy şäheriň gözelligine gözellik goşýar. Şäherde Murgap derýasynyň boýunda täze sungat mekdebi açyldy. Bu ýerde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ussatlary özleriniň eserlerini döredýärler, ýaşlara halypalyk edýärler.
Mary şäheriniň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň paýtagty derejesine, 2015-nji ýylda bolsa türki dünýäniň medeni paýtagty derejesine mynasyp bolmagyny ýatlamak ýakymlydyr. Bu ýerde iri halkara ylmy maslahatlar hem-de medeni çäreler geçirildi. Olaryň hatarynda geçen ýyl geçirilen, Mary şäheri bilen doganlyk şäher bolan HHR-iň Şensi welaýatynyň Sian şäheriniň Medeniýet hepdeligini agzamak bolar.
... Ajaýyp Ruhyýet köşgüniň öňündäki «Baýdak» meýdançasy 2016-njy ýylyň Medeniýet hepdeliginiň açylmagy mynasybetli dabaralaryň merkezi boldy. Bu ýere köp sanly dabara gatnaşyjylar, şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary ýygnandylar. Belent baýdak diňinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy parlaýar. Baýdaklar, gül çemenleri, owadan bezelen şygarlar, howa şarlary bu gün meýdançany has hem gözel keşbe girizipdir. Şäherlileriň ellerinde şu ýyl bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygynyň, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň hem-de bu geçýän döredijilik forumynyň nyşanlary bar. Artistleriň dürli öwüşginli geýimleri haýran galdyrýar. Çar ýanda milli sazlar ýaňlanýar, ylham joşguny, ruhubelentlik höküm sürýär.
Meýdançada dabara gatnaşýan ýörite topar «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýen ýazgyny emele getirýär. Dutarçylar topary hatara durup, dutaryň şekilini emele getirýärler.
Ruhyýet köşgüniň iki tarapynda hem sergi guralypdyr. Sergi gymmatlyklary halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan özboluşly däp-dessury, baý medeni mirasy, sungaty barada gürrüň berýär. Milli geýimler we matalar, halylar hem keçeler, senetçilik önümleri, keramika we agaçdan ýasalan önümler, zergärleriň nepis işleri ähli köpdürliligi bilen görkezilipdir. Milli lybasdaky ýetginjek ýigitler türkmen halkyna mahsus bezegler bilen bezelen türkmen ak öýüniň düzüm bölekleri bilen tanyşdyrýarlar. Bularyň hemmesi dabara aýratyn öwüşgin çaýyp, milletimiziň täze taryhy eýýamda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mynasyp şöhlelendirilýän, baý medeni mirasymyzyň, gadymdan gelýän däp-dessurlarymyzyň sarpasyny belent tutýanlygyna şaýatlyk edýär.
Ruhyýet köşgüniň girelgesiniň öňünde Mary welaýatynyň döredijilik toparlarynyň çykyşlary hem şeýle mazmuna eýe boldy.
Medeniýet hepdeligini geçirmek üçin Mary welaýatyna gelen toparlar sungatyň dürli görnüşleriniň wekillerini — meşhur teatr artistlerini we sazandalary, estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetiriji aýdymçylary, muzeý işleriniň hünärmenlerini, suratkeşleri we şahyrlary, aýdym-saz we folklor toparlaryny özünde birleşdirýär.
Dabara gatnaşyjylar baýramçylyk ýörişi bilen Ruhyýet köşgüne barýarlar. Onuň giň eýwanynda halylaryň we şekillendiriş sungatynyň önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyrylypdyr. Skripkaçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp saz ýaňlanýar.
Bu çäräniň açylyş dabarasyna Medeniýet ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, ýaşulular we talyp ýaşlar ýygnanypdyrlar.
Dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara Gutlagy okalýar. Döredijilik gözden geçirilişine gatnaşyjylary onuň açylyşy bilen tüýs ýürekden gutlap hem-de olara saglyk, uzak ömür sürmegi we döredijilik üstünliklerini arzuw edip döwlet Baştutanymyz Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda Mary welaýatynda geçirilýän bu medeni çäräniň, halkymyzyň köp asyrlyk däp-dessurlaryna täze öwüşgin girizip, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy, kämil häzirki zaman eserlerini baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýetiniň bardygyny belleýär.
Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.
Şeýle hem bu ýerde mähriban Watanymyzy, türkmen halkynyň Arkadagy bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen berk baglanyşdyrýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täzeçillik ruhuny wasp edýän ajaýyp goşgy setirleri okaldy.
Soňra Ruhyýet köşgüniň sahnasynda uly konsert boldy. Onda ýurdumyzyň sungat ussatlary we meşhur döredijilik toparlary çykyş etdiler.
Konsertiň başynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni türkmen halkynyň beýik Arkadagynyň tagallasynyň netijesinde uly ösüşi başdan geçirýän sungatyny giňden wasp edýän “Kyssasy saz-şygyr owaz” atly aýdym-sazly çykyş ýaýbaňlandyryldy. Artistleriň çykyşlary bilen utgaşdyrylýan wideoşekiller milli Liderimiziň ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamyndaky özgertmeleri bilen baglanyşykly häzirki taryhy döwrüň şanly wakalary öz beýanyny tapdy.
Ýurdumyzyň sungat ussatlary asylly däbe görä, täze çykyşlary taýýarlapdyrlar. Mundan başga-da, bu gezekki konsertde birnäçe ýerine ýetirijiler uly sahna ilkinji gezek çykmaga mümkinçilik aldylar.
Konsert maksatnamasyna halk we häzirki zaman aýdym-sazlary, horeografiýa we folklor çykyşlary girizildi. Olar dörediji millet bolan türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlarynyň asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize çenli ýeten derejesini beýan etdiler. Mary şäheriniň çagalar horeografiýa toparynyň ýaşajyk aýdymçylarynyň çykyşlary tomaşaçylarda has-da uly täsir galdyrdy. Şeýle hem estrada aýdymlary wokal sungatyň muşdaklary üçin gymmatly sowgat boldy.
“Görogly” dessanyndan parçalary ýerine ýetirmek häzirki döwrüň asylly däbine öwrüldi, bu şadessany türkmen halkynyň dessan sungatynyň ajaýyp nusgasy hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl, medeni mirasynyň Sanawyna girizildi.
Ajaýyp sahnada nusgawy aýdym-sazlar, meşhur filmlerden parçalar, şeýle hem häzirki zaman estrada aýdymlary ýaňlandy. Dürli nesiller üçin söýgüli bolan aýdymlar täze, häzirki zaman öwüşginde eşitdirildi.
Folklor toparlary sazyň we tansyň üsti bilen tomaşaçylara türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan däp-dessurlaryny wasp etdiler. Dürli ýaşdaky bagşy-sazandalaryň bilelikdäki çykyşlarynda milli medeniýetiň iň gowy däpleriniň nesilden-nesle geçijiligi äşgär duýuldy. Tejribe we ussatlyk ýaşlaryň döredijilik gözlegleri bilen sazlaşykly utgaşdy. Her bir aýdym-saz gyzykly sahna eserine öwrüldi.
Däp bolşy ýaly, “küştdepdi” tansy baýramçylyk konsertiniň ahyrynda ýaýbaňlandyryldy. Onda belent ruh we milli medeniýetiň ruhy güýji bir bitewi sazlaşygy emele getirdi. Şu ýyl bu gadymy türkmen tansyna ýurdumyzda ýörite festiwal bagyşlandy. Ol bu tansyň çuňňur öwrenilmegine we halkyň maddy däl medeni mirasy hökmünde saklanylmagyna ýardam berdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň milli sungatyna bagyşlanan ajaýyp eser bolan “Alkyşnama” aýdymy konsertiň jemini jemledi. Ony Maryda geçirilýän milli Medeniýet baýramçylygyna gatnaşan aýdymçylar, hor topary bilelikde ýerine ýetirdiler.
Günüň ikinji ýarymynda Medeniýet hepdeliginiň açylmagy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çäreler ylmy we usuly merkez bolup durýan Marynyň welaýat kitaphanasynda dowam etdi. Bu ýerde bahasyz medeni gymmatlyklara aralaşmaga we teleskopyň üsti bilen älem giňişligine syn etmäge mümkinçilik bar.
Kitaphanada Marynyň suratkeşler mekdebiniň belli wekilleriniň işleriniň sergisi guraldy. Geçen asyrlaryň medeni mirasy häzirki zaman suratkeşleriň döredijilik ylhamyna we çeper dünýägaraýşyna özüniň täsirini ýetirýär. Gadymy Merwiň aýratynlyklary, hökümdarlaryň, serdarlaryň, geçen asyrlaryň akyldarlarynyň, beýik geçmiş barada söhbet açýan rowaýatlaryň şekilleri häzirki zaman suratkeşleriniň eserlerinde öz beýanyny tapypdyr.
Kitaphanada “Ylham çeşmesi” ady bilen edebi agşam geçirildi. Oňa ýurdumyzyň çeper söz ussatlary bilen täze başlaýan şahyrlar gatnaşdylar. Olar mähriban Watanymyza, türkmen topragynyň gözelligine, söýgä we belent ruha bagyşlanan ajaýyp şygyrlary okadylar. Bu ýerde şygyr muşdaklaryna Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän täze eserler hödürlendi.
Duşuşyga gatnaşyjylar medeniýet ulgamynyň ösdürilmegine yzygiderli üns berýändigi, ýurdumyzda täze şahyrana döredijilige ruhlandyrýan özgertmeleriň geçirilýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
Welaýat kitaphanasynyň öňünde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk konserti döredijilik forumynyň başlangyjyndaky wakalaryň üstüni ýetirdi. Açyk meýdançadan medeniýet we sungat ussatlarynyň, folklor-etnografiýa, tans toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Bagşylar halk aýdymlaryny we häzirki zaman eserleri ýerine ýetirdiler.
Ertir Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde oňa gatnaşyjylar “Gadymy Merw” taryhy-medeni döwlet goraghanasyna baryp görerler. Şäherde ýaş zehinleriň, şeýle hem Balkan we Daşoguz welaýatynyň sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyrylar.